«Arsenal» aratapawudy 8 utuga çykardy

0 ses
441
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 19.01.2023 23:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#389)
Angliýanyň premýer-ligasynda turnir tablisasynyň başyny çekýän «Arsenal» ýaryşyň 20-nji tapgyrynda myhmançylykda «Tottenhemi» 0:2 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ikinji ýerdäki «Mançester Siti» bilen aradaky utuk tapawudyny artdyrdy. London derbisinde «topçulara» ýeňiş getiren gollaryň birinjisini 14-nji minutda «Tottenhemiň» derwezeçisi Lýoris öz derwezesine ýollan bolsa, ikinji gol 36-njy minutda Edegor tarapyndan geçirildi. Şeýlelikde, «Arsenal» bassyr ýeňlişsiz oýunlarynyň sanyny 12-ä ýetirip, birinji orna has-da ykjam ornaşdy. Häzirki wagtda birinji ýerdäki «Arsenalda» 47, ikinji ýerdäki «Mançester Sitide» 39, üçünji ýeri paýlaşyp duran «Nýukasl» we «Mançester Ýunaýted» toparlarynda bolsa 38 utukdan bar.    Ozal habar berşimiz ýaly, şenbe güni 20-nji tapgyrdan orun alan oýunda «Mançester Ýunaýted» «Mançester Sitini» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi. Mundan başga-da tapgyryň üns çekiji netijeleriniň hatarynda «Liwerpulyň» myhmançylykda «Braýtondan» 3:0 hasabynda ýeňilmegini, «Nýukaslyň» «Fulhemi» öz öýünde 1:0 hasabynda utmagyny hem-de uzaga çeken şowsuzlykdan soňra ahyrsoňy «Çelsiniň» «Krystal Pelasy» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegini görkezmek bolar.

11 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 30.05.2026 12:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6142)
Arsenal bu möwsüm hakykatdan hem gaty güýçli oýnaýar, çempionlyga ýakynlaşýan ýaly.aly. Mançester Sitiniň utulmagy hem bäsleşigi has gyzykly etdi.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (578 oçko)
  2. bet-turkmen (520 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...