söýgi näme diýmek? (что такое любовь)

+4 ses
1.2k
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Söýgi | 04.09.2017 16:50 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#60)
"Söýgüniň nämedigini aýdyp bilýän adam, hiç haçan söýen däldir" diýipdir Aleksandr Bret.

Biz öz durmuşymyzda millionlarça adamlara düş gelsek hem, näme üçin diňe bir adamyny söýýäris? Maýsa bilen Gurban üç ýyl bir ýerde işläp, näme üçin häzir biri-birine başgaça seredip başladylar? Ýaşlarynyň, dünýägaraýyşlarynyň dürlüligine garamazdan, näme üçin Myrat Aýnanyň ugrunda perwanaka? Bu zatlar durmuşyň düşündirip bolmajak kanunlary bilen bolup geçýärmikä ýa-da tötänlikmikä? Elbetde, ýok. Her tanyşlyklar bize öňünden görlüp bilinmejek tötänlikleriň netijesi bolup görünse-de, olar biziň kesgitläp bilmejek, ýöne öz taýymyzy saýlamakda belli bir çözgüde ýetmäge kömek edýän talaplar netijesinde bolup geçýändir. Psihologlar talaplary birnäçe toparlara bölýärler.

Ýekelikden gaçma

Adamynyň enesi bilen emosional gatnaşygynyň ülňüsi, onuň kalbynda ömürlik yz galdyryp, onuň adamlar bilen soňky gatnaşyklaryna hem täsirini ýetirýändir. Kiçi çaganyň ýaşaýşy enesiniň oňa sözsüz düşünşine, onuň talaplaryny düýşuna, ene tarapdan berlen mähirliligiň derejesine baglydyr. Eger çagalykda bize şu zatlar ýetmezçilik eden bolsa, bize düşünýän adamyny tapma islegi bizde has hem güýçli ýüze çykyp biler. Çagalykda ene-ata mährinden ýetmezçilik duýan adamda, öz tapan taýyndan emosional garaşly bolma ýagdaýynyň döräp biljekdigini bellemelidir.

 "Men Aşyry hiç haçan taşlap bilmen. Ony ýitirip bilme gorkusy mende şeýle bir galagoplyk döredýär. Men ony ýitirsem, meni kim söýer? Men ýeke galmakdan gorkýaryn" - diýip, 26 ýaşly Gülälek öz howatyrlanmalaryny beýan edýär.

Beýle söýgi berk ýaly bolup görünse hem, onuň düýbünde dürmuşda ýetmezçilik eden söýgüniň öwezini doldurma islegi ýatýandyr.

Men seni tanaýaryn

Elbetde, bir okuw jaýynda okalanda, bir edarada işlenilende ýa-da goňşy jaýda ýaşalanda öz söýgüli taýyňa duşma mümkinçiligiň ýokarlanýandygyny kesgitlemek üçin sosiolog bolmagyň geregi ýokdur. Ýöne bu diňe biziň gündelik gurşap alýan adamlarymyz bilen tanyşýandygymyzy aňlatmaýar. Söýgi-has inçe we çylşyrymly düýgüdyr. Zigmund Freýdiň kesgitlemesine görä, biz diňe öňden aňymyzda "ýaşaýan" adamyny duýup, kabul edýäris. Başgaça aýdylanda, biz ilki bilen öz aňymyzda isleýän taýymyzyň "suratyny çekip", diňe şondan soň şoňa meňzeş şahsyýeti durmuşda saýlap alýarys. Ol gyzyň ýa-da oglanyň obrazynyň öňden biziň kalbymyzda ýaşaýanlygy üçin, ol özüne çekýär we diýseň tanyş we mähirli bolup görünýär.

Sen ejeme (kakama) meňzeýärsiň...

Kämil gatnaşyklarda biziň saýlap alan taýymyz ene-atamyzyň obrazyna hem deňeşdirilýändir. Eneňiziň ýa-da ataňyzyň obrazyny ýada salýandygy üçin, ol gyz ýa-da oglan sizi özüne çekip biler. Edil şol sebäpden, oglan öz ejesiniň daşky sypatyny (inçeden uzyn boýly ýa-da orta boýlydan togalajyk) we häsiýetini özünde saklaýan gyzy saýlap almaga ýykgyn edýän bolsa, gyz hem öz kakasynyň obrazyna deň gelýän oglany saýlamaga isleg bildirer.

Ýöne durmuşda ters ýagdaýlar hem duş gelip biler. Çagalykdan ene-atasy bilen çylşyrymly gatnaşyklarda bolan oglan ýa-da gyz, içki närazyçylygynyň ýüze çykmasy höküminde, olara düýbünden meňzemeýän adamyny özüne ýanýoldaş höküminde saýlap biler. Bolmasa, professoryň gyzy, 27 ýaşly Aýnuryň kommunal hyzmatlary edarasynyň ussasy Polady çyn ýürekden söýenini nädip düşündirip bolar?...

Mende ýok zat sende bar

Şu günki gün biz öz taýymyz bilen gatnaşyklara uly umyt baglap, olaryň hemme tarapdan göreldeli we talabalaýyk bolmagyny isleýäris. Belki şu sebäpden, biz özümizde bolmagyny isleýän zatlarymyzy özünde jemleýän adama duşmaga ymtylýandyrys. Başgaça aýdylanda, biz özümiziň kämilleşen obrazymyzy görkezýän "aýnanyň" gözlegine çykýarys. 26 ýaşly Gülnäz şeýle düýgulary Amana duşanda başdan geçiripdi: "Ol diýseň syratly we özüne ynamly, baý, başarjaň hem-de wäşi oglan. Onda mende bolmadyk zatlar, esasan hem agzybir maşgalasy-ene-atasy we iki sany jigsi bar. Çagalar öýünde geçen çagalygymda men bu barada diňe arzuw edýärdim. Men pikir etdim: eger meni şeýle adam söýen bolsa, diýmek men nem bu durmuşda belli bir sepgitleri eýelän bolmaly".

Ýöne adamyň özünde bar bolan dogry sypatlaryny özüne ýöňkäsi gelmän, ony saýlan taýyna "geçirýän" halatlary hem bolýandyr. Meselem, aňasty aňynda aýal özüni ynanjaň we garaşly saýyp, özünde pähimliligi we dogry çözgütleri tapyp bilme ukybyny jemleýän erkek adamyny tapmaga isleg bildirip biler. Şeýle etmek bilen ol özi baradaky hemme jogapkärçiligi öz taýyna ýükleýändir.

Biz özümizde halamaýan sypatlarymyzy saklaýan adamyny hem saýlap, öz ýaramaz häsiýetlerimizi duýmazlyga, olaryň bardygyna düşündiriş tapmaga çemeleşip bileris. Meselem, men özümde bar bolan ýaltalygy we geleňsizligi halamok, ýöne meniň taýym hem edil şeýle häsiýetleri özünde saklaýar. Men wagtyň geçmegi bilen, ony has ýalta saýyp, mende şeýle kynçylygyň ýoklugyny ykrar etmäge bolan hukugy gazanyp bilýärin.

Gözleýän zadyňy tapma

Biz söýgüde öňki ýakyn gatnaşyklarymyzda ýetmezçilik eden düýgülarymyzyň öwezini dolmaga çalyşýarys. Biz bize peşgeş berlen şatlyk we bagtlylyk düýgüsyndan ganasymyz ýa-da öň alan "köňül ýaralanmalaryna" melhem tapasymyz gelýär. Ýöne şol ýetmezçilik edýän zadymyzy başga birinden alma isleginiň bolmagynyň, ýalan tama etmelere hem getirip biljekdigini bilmelidir.

...26 ýaşly Yhlas, özünden 8 ýaş uly bolan Bibini halaýar. Onuň dost-ýarlary Yhlasa düşünmeýärler we oňa igenýarler. Ýöne Bibi bilen gatnaşykda Yhlas üçin diňe bir mähirliligi we syrdaşlylygy gözleme dälde, eýsem çagalygynda ýetmezçilik eden goraglylyk düýgusyny we tertipliligi duýma hem möhümdir.

Siziň köpüňiz psihologlaryň düşündirişini okap: "Beýle çylşyrymlylyklara üns berme nämä gerek? Söýgi gözsüz bolýar. Kalbyňa söýgi ody aralaşanda, seniň içki talaplaryňa diň salyp duranok" diýmegiňiz mümkin. Megerem, siz mamlasyňyz.

Söýgi gapyňyzy kakanda, ony uly minnetdarlyk bilen kabul etmegi başarmalydyr. Kämil, hakyky söýgi gatnaşyklary iki adamynyň tansyny ýadyňa salýar. Tans edýänler sazyň akymyna hereket edip, gerek bolsa ýerlerini çalyşmaga, gapdala sowulmaga ýa-da bir ädim öňe çykmaga mümkinçilik tapýarlar. Şunuň ýaly gezekleşdirmeler netijesinde berip we kabul edip alýan söýgüň berkeýär we ýaýbaňlanýar. Durmuş ýolunyň uzak aralygyny geçen adamlar: "Men söýmäni başardymmykam? Ýassykdaşyma düýgülarymyň bar güýjüni we öwüşginini beýan edip bildimmikäm? Onuň beren söýgüsine çyn ýürekden şatlandymmykam?" - diýip, özlerine sorag berýärler.

Bütün ömrümizi duýgulary biri-birimize bermäne we kabul etmäni öwrenme netijesinde: "Men söýgüde ýaşadym" diýen jümläni özüňe aýdyp bilme mümkinçiliginiň döremegi uly bagtlylyk dälmi näme?

10 Teswir

+4 ses
Awtor: (Talyp) | 20.03.2026 06:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#458)
Näzli, gaty täsirli we dogry pikirler ýazypsyňyz, köplenç şeýle duýgular hakykatdanam özümiz hem bilmeýän çuňňur zerurlyklarymyza bagly bolýar. Söýgi hakykatdanam çylşyrymly, emma şol bir wagtyň özünde durmuşyň iň owadan sowuk günlerini hem gyzdyrmagy başarýan bir güýç dälmi?
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 20.03.2026 11:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#476)
Hakykatdanam örän gyzykly we düýpli ýazylan makala bolupdyr. Köplenç söýgi diýilende diňe duýgular hakda pikir edýäris, ýöne bu ýerdäki psihologiki garaýyşlar maňa täzeçe pikirlenmäge itergi berdi.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 21.03.2026 20:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#609)
Söýgi hakykatdanam çylşyrymly mesele, käte hiç hili logika sygmaýar. Ýöne ýazgyňda belläp geçişiň ýaly, esasy zat öz duýgularyňy ýürekden ýaşap bilmekdir.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 25.03.2026 13:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#912)
Näzli, gaty gyzykly we dogry ýazypsyň, hakykatdanam söýgi käwagt ynsan aňyny bulaşdyrýar. Menem köplenç adamlaryň näme üçin edil öz ene-atalaryna meňzeýän adamlary saýlaýandygyna geň galýaryn, bu hakykatdanam çylşyrymly mesele.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 02.04.2026 10:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1610)
Näzli, gaty täsirli we manyly makala bolupdyr. Dogrusy, söýginiň şeýle çylşyrymly psihologiki düwünlerden ybaratdygyny hiç pikirlenmändirin, entekler köp zatlary öwrenmeli ekenim.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 02.04.2026 15:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1628)
Hakykatdan hem çylşyrymly tema, köplenç özümiz hem näme üçin şol adamy saýlandygymyza düşünmän galýarys. Meniň pikirimçe, söýgi belli bir psihologik kanunlardan ýokarda durýan, düşündirip bolmajak täsin duýgy.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 04.04.2026 13:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1813)
Söýgi hakykatdanam çylşyrymly mesele, käte adamyň öz saýlan adamsyna näme üçin aşyk bolandygyny özüňe düşündirmek hem kyn düşýär. Bu ýazgy köp zady ýerlikli düşündiripdir, ýöne durmuşda käte hiç hili logika sygmadyk bagtly jübütleri hem görýärsiň-le.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 05.04.2026 06:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1881)
Näzli, gaty täsirli ýazypdyrsyň, hakykatdanam söýgi diýilýän zat çylşyrymly hem-de düşündirip bolmajak bir syr bolup galýar. Adamyň özüni tanamagy we başgalara bolan garaýşy hakynda aýdanlaryň bilen doly ylalaşýaryn.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 09.04.2026 00:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2197)
Näzli, ýazgynyň örän gyzykly eken, köp zady täzeçe oýlanmaga iterdi. Dogrudan hem, söýgi henizem çözülmedik syrly bir dünýä bolup galýar, şeýle dälmi?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 10.04.2026 22:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2360)
Söýgi hakykatdanam çylşyrymly zat eken, okap gyzyklandym. Sizçe söýgide esasy zat ýürekdeşlikmi ýa-da adamyň özüňi ýaly duýmagymy?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (602 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (360 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...