Aşgabatdaky STARBUCKS hakyky däl, galp ekeni

+7 ses
305
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 02.10.2017 11:58 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#67)
Aşgabadyň “Bagtyýarlyk” söwda merkezinde bu ýyl açylan “Starbucks Coffee” kafesi hakyky däl, galp ekeni. Kafede 15 manatdan (döwlet kursunda $4,3 ýa-da “gara bazar” kursunda $2,3) frappuçino kofe satýar.

“Eurasianet” neşiriniň maglumatyna görä, bu kafeniň şeýle at bilen dünýä belli kofeçä hiç bir baglanyşygy ýok. Eurasianetiň žurnalistleri hakyky Starbucksyň resmi wekiline bu kärhananyň kanun esasynda işläp işlemeýändigini barada sorap ýüz tutupdyrlar we kompaniýanyň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça wekili Jeými Raýli (Jaime Riley) Türkmenistanda hiç hili resmi Starbucks kafesiniň ýokdugyny aýdypdyr.

Bu kafe kompaniýanyň saýtynda 70 ýurtdaky, şol sanda Gazagystandaky 24 müň resmi kafeni görkezýän kartalarynda hem ýok.

Ýapyk ykdysadyýetde beýle biznes, syýasy elitadan goldaw bolmasa, asla mümkin däl. Indi bolsa ýüze çykan esasy sorag “Bu galp kafeniň eýesi kim bolup biler? we näme üçin we haýsy hak bilen başga bir firmanyň adyny we markasyny ulanýar?”.

15 Teswir

0 ses
Awtor: (Doktor) | 18.07.2026 00:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10739)
Wah, şony men hem eşidipdim, hakykatdan hem adyny ogurlap açylan ýeri öýdýän. Şol ýere baran tanyşlarym kofesiniň tagamy hem düýbünden başga diýýärler.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 26.07.2026 07:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11535)
Wah, belli zat ahyry, bizde şeýle brendleriň bolmajakdygyny köp adam bilýärdi. Ýöne şonda-da adamlar gidip oturýarlar, kofesiniň dady nähilikä özüňiz içip gördüňizmi?
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 01.08.2026 18:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12146)
Oglanlar, menem şol ýerde kofe içipdim, düýbünden başga tagamy bardy. Bilip duran zatlaryny näme üçin beýdip ýalan ýere açýarkalar, düşünenokdym.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 18.08.2026 00:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#13694)
Wah, belli zat ahyry, Türkmenistanda şeýle dünýä brendleriniň açylmagy entek juda kyn. Hakyky däl bolsa nämä gerek edip açýarkalar, öňküje ýerli kofelerimiz gowy dämi?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 05.09.2026 14:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#15454)
josgun dogry aydyanyz, men hem geň galyadym sebäbi tagamy düýbünden başgaça. Ady ulanyp biznes etmek indi moda öwrüldi öýdýän, hakykatdanam kimik bular?

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. durdy (172 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (157 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...