Türkmenistan we Eýran halkara arbitraž sudunda sudlaşar

+5 ses
352
Awtor: (Doktor) | Kategoriýa: Habarlar | 06.12.2017 05:57 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#90)
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji dekabrda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi we onuň dowamynda täze bellenilen ministr – Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaçew hasabat bilen çykyş etdi.
Arçaýew Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) ozal ugradylan gazyň tölegi boýunça ägirt uly bergileriniň bardygyny gürrüň berdi.
Ministriň sözlerine görä, bu meseläniň özara kabul ederlikli oňyn çözgüdini tapmak maksady bilen eýranly hyzmatdaşlar Halkara araçyl kazyýete ýüzlenmegi teklip edýär.
Prezident sud üçin dokumentleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Ýadyňyza düşýän bolsa, Türkmengaz 1-nji ýanwardan, biraz öň gazanylan ylalaşyklara garamazdan, $1,8 milliard (başga hasaplamalara görä $2 milliard) möçberindäki bergisini tölemegini talap edip, Eýrana iberýän gazyny kesdi.
Eýran bergisiniň bardygyny boýun alýar, emma onuň möçberlerine gaýtadan seretmegi talap edýär. EMGK 2017-nji ýylyň dowamynda türkmen tarapyny halkara arbitraž suduna bermek barada ençeme gezek haýbat atdy.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

14 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 07.06.2026 10:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6879)
Bu mesele köpden bäri dowam edýär, ahyrsoňy bir netijä gelerler öýdýärin. Göräýeli, sud nämäni kesgitlär.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 03.07.2026 09:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9355)
Bu ýagdaý entek köp uzaga çekäýmesin-dä. Eýran bilen gatnaşyklaryň şeýle dartgynly bolmagy bize ýaramaz täsir etmese bolany.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 04.08.2026 17:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12430)
nazaroff bu ýagdaý entek köp uzaga çekjek ýaly, sebäbi Eýran hiç wagt bergini aňsatlyk bilen boýun almaýar. Görüp otursak, gaz meselesi bizde hemişe başa bela bolup gelýär-ä.
0 ses
Awtor: (Doktor) | 11.08.2026 06:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#13053)
Bu mesele köpden bäri dowam edýär, ahyry sud arkaly bir karara gelerler öýdýärin. Görüp otursak, iki goňşy döwletiň arasynda pul meselesi uly dawalara sebäp bolýar-da.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (483 oçko)
  2. bet-turkmen (419 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...