Daşary ýurtlardaky talyplara pul ugratmak gaty kynlaşdy

+4 ses
281
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 13.12.2017 15:55 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#96)
Türkmenistan taryhynyň iň agyr ykdysady krizisini tejribe edýär. 2015-de başlan dollar krizisi Türkmen ekonomiýasynyň ähli pudaklarynda giňişleýin duýulýar. Kynçylygyň iň agyryny bolsa daşary ýurtlarda okap yören talyplar çekýär.
Bilişiňiz ýaly ata-eneler daşary yurtlara okap ýören talyp ogul-gyzlary üçin okuw tölegleriniň ýanynda olaryň kwartira kreýleri, iýim-içimleri, geýim-gejimleri we transportlary ýaly birnäçe durmuş we ýaşaýyş çykdaýjylary üçin aýlyk pul ugradýardylar. Bu pullary köplenç Türkmen banklaryndan western union hyzmaty arkaly aýlyk maksimum limit 1000 dollar ugradylýardy.
Soň bu limiti 500 dollara düşüripdiler. Bir mahallar 200 dollara hem düşdi. Birnäçe gün öňräk bolsa bu hyzmat barada has hem täsin bir karar ýörgünlige goýuldy. Bu karara laýyklykda, banklar ata-enelerden çagalarynyň talyp hatlaryny getirmegi soraýarlar. Ýöne bu hata hökmany suratda daşary ýurtlardaky Türkmenistan konsollygynyň "gök" peçadyny goýuldurmak hem şert. Bolmasa kabul edenoklar. Bärde näme täsinlik bar diýýänlere, jogabym 2 täsinlik bar. Birinjisi, daşary ýurtlaryn ählisinde Türkmen konsollygy ýok. Ikinjisi, Türkmenistan konsollygy bolan döwletleriň-de dineje paýtagt şäherlerinde konsollyk bar. Meselem, Türkiýäniň Adana şäherinde okap ýören bir Türkmen talyby okuw hatyna Türkmenistan konsollygynyň peçadyny goýdurmak üçin ýörite paýtagt Ankara ýa-da Istanbula 10-18 sagat maşyn ýoly çekmeli bolýar. Galyberse-de biziň konsollygymyz oçert we beyleki işleriň köplügi sebäpli peçaty şol talap edilen güni goýduryp almak gaty kyn, peçady goýup bermek birnäçe gün wagt alýar.
Ine krizise çözgüt diýip maliye ministrligindäki "professorlaryň" tapan çäresi. Gaty gyzykly zat, tomaşa edip, el çarpaýmaly. Berekella.

16 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 09.05.2026 12:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4458)
Dogry aýdýarsyňyz, bu ýagdaý talyplary we maşgalalaryny örän kyn ýagdaýda goýdy. Konsullyk işleriniň bu derejede çylşyrymly bolmagy hakykatdan hem adamyň gaharyny getirýär, başga çykalga ýokmyka?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 11.05.2026 10:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4640)
Nazaroff dogry aydyarsyn, bu yagday kynchylygy hasam agyrlyadyar. Gynansak-da, kop talyp bu sebapli okuwyny yarpy yolda goyup gaytmaly bolyarlar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 11.05.2026 19:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4677)
Dogry aýdýarsyňyz, bu ýagdaý daşary ýurtda okaýan talyplar üçin hakykatdanam örän agyr. Konsullyklara baryp hat işletmek diýlen zadyň hem näçe wagt we pul alýandygyny özümiz hem bilýäris, ýagdaýlar haçan gowulaşarka?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 13.05.2026 03:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4787)
Nazaroff dogry aýdýarsyň, bu ýagdaý talyplary we maşgalalary örän köseýär. Konsullyk işleri bilen bu derejede süründirmek hiç hili logikaly däl, hakykatdan hem ýadadýar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 20.05.2026 08:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5410)
Nazaroff dogry aydyarsyn, bu yagday okuwymyzy hem durmusymyzy gaty kynlasdyrdy. Adamlar indi pul ugratmak ucin hazyna dal-de, resminama yuzunden howsala dushyar, bu dogrudan hem el carpmaly däl, aglamaly yagday.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 28.05.2026 15:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5967)
Dogry aýdýarsyň, ýagdaý edil kynlaşdyrylan ýaly. Daşary ýurtda okap ýören talyplar üçin bu ýol hakykatdan hem agyr düşýär, näme üçin işi ýönekeýleşdirmän tersine kynlaşdyrýarlar düşünip bilemok.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (580 oçko)
  2. bet-turkmen (520 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...