Dostlar, habaryňyz bardyr, ýene bir gezek örän güýçli yssy gelýär diýýärler, hatda +45 derejä çenli ýetmegine garaşylýar. Açygyny aýtsam, öýden çykasym hem gelenok, kondisioneriň aşagynda oturyp buz ýaly suw içip oturasym gelýär. Öňler şeýle yssylarda agşamyna daşarda oturmak ýeňillik bererdi, emma indi gije-gündiz howa dem alyp bolmajak derejede yssy bolýar. Siz bu yssy howada özüňizi nähili goramagy maslahat berýärsiňiz, maşynly ýa-da köçede nähili çäre görýärsiňiz?