Türkmenistanda 2024-nji ýyla çenli daşary ýurt dillerini okatmagyň sistemasy dörediler

+4 ses
475
Awtor: (Doktor) | Kategoriýa: Habarlar | 24.12.2017 07:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#106)
Türkmenistan döwletimiz Garaşsyz bolanyndan bäri 26 ýyl geçdi. Biziň bilen bile Garaşsyz bolan Azerbeýjan, Özbegistan, Gazagystan, we Gyrgyzystan eýýäm 10-15 ýyldan bäri daşary ýurt dillerini okatmak we öwretmek boýunça effektiw meýilnamalary berjaý edip gelerkä, Türkmenistan ine 2 gün öň bu meýillanamany tassyklady. 22-nji dekabr 2017-de, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň üç tapgyrda amala aşyryljak konsepsiýasyny hödürledi.
Ilkinji tapgyrda, 2018-nji ýylda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýetiniň we usulyýet üpjünçiliginiň halkara tejribesini öwreniler we daşary ýurt dillerini okatmagyň döwlet standartlaryny, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdiriler.
Ikinji tapgyrda, 2019-2020-nji ýyllarda daşary ýurt dilleri boýunça mugallymçylyk işgärlerini taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy kämilleşdiriler, jemgyýetiň ösýän zerurlyklaryna laýyklykda daşary ýurt dillerini öwretmegiň okuw usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrylar, şeýle hem Konsepsiýanyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen gözegçiligi geçiriler.
Üçünji tapgyrda, 2021-2024-nji ýyllarda daşary ýurt dillerini okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny kemala getiriler.
Ýatladýarys, geçen ýyl dil ugurlary boýunça Türkmenistanyň iň saýlanan uniwersitet Halkara Türkmen-Türk Uniwersiteti ýapyldy. 1 hepde öň hem Türkmenistandaky ykdysady krizis sebäpli student talyplaryň stipendiýalarynyň ýatyryljakdygyny, talyplara bu barada "Men öz alýan talyp hakymdan ýüz öwürýärin. Sebäbi meniň talyp hakyna mätäçligim ýok" arza ýazdyrýarlar diýip habarlar çykdy. Bilime maýa goýmasaň, döwlet ösmez.

https://gyzgyn.e-dostluk.com/98/turkmenistanda-talyplaryn-stipendiyalary-togtadylyar

30 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 28.06.2026 00:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8842)
Bu meýilnama gowy ýaly welin, hakykatda amala aşyrylmagy örän wajyp. Stipendiýa meselesi bolsa hakykatdanam gynançly ýagdaý, näme üçin beýle karara geldilerka?
+3 ses
Awtor: (Magistr) | 30.06.2026 09:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9066)
Bu meýilnamalaryň diňe kagyz ýüzünde galman, hakykatdanam durmuşa geçirilmegine garaşýarys. Stipendiýa meselesi bolsa hakykatdanam gynançly ýagdaý, talyplara kyn boljak bolup dur.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 01.07.2026 18:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9201)
Bilim ulgamynda bu zatlar gaty uly mesele, dogry aýdýarsyň. Ýaşlar bolsa daşary ýurda gidip okamak üçin ýol gözläp başladylar, sebäbi biziň özümizde geljek görünmeýär.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 05.07.2026 05:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9529)
Bu meýilnama gowy zat welin, başdaky çykdajylary we mugallymlaryň hili nähili bolar öýdýärsiňiz? Bilim ulgamynda şeýle kynçylyklar bar wagty, netijesini görmek biraz kyn boljak ýaly.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 06.07.2026 21:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9676)
Bu meýilnamalaryň diňe kagyz ýüzünde galman, hakykatdanam iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine garaşýas. Stipendiýa meselesi bolsa hakykatdanam gynançly ýagdaý, talyplaryň ýagdaýyny nädip düşünýärlerkäm?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 18.07.2026 10:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10781)
Bu meýilnamalaryň kagyz ýüzünde galman, hakykatda hem işläp başlaýanyny göresimiz gelýär. Talyp haklary baradaky habarlar bolsa çynlakaý aladalandyrýar, näme üçin şeýle edýärlerkä?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 19.07.2026 16:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10899)
Nazaroff, dogry aýdýarsyň, bilim pudagynda şeýle bir garşylykly hereketleri görmek juda geň galdyrýar. Gowy okaýan talyplaryň höwesini gaçyrmaly däl, pikirimçe bu meýilnama diňe kagyz ýüzünde galmasa bolany.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 30.07.2026 11:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11925)
Nazaroff, dogry bellediň, bilim ulgamynda şeýle üýtgeşmeler bolup turaýsa, hiliň näderejede ýokary boljakdygy uly sorag astynda. Talyp haklary baradaky habarlar bolsa çyndan hem gynandyrýar, ýaşlaryň höwesini gaçyrmaly däl.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 07.08.2026 05:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12667)
Bilim ulgamynda gowy reformalaryň bolmagy gowy zat ýöne durmuşa geçirilmegi wajyp. Talyplaryň stipendiýa baradaky ýagdaýy bolsa hakykatdanam gynançly ýagdaý, näme üçin beýle etdikäler?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 19.08.2026 12:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#13837)
Bilim pudagynda edilýän bu üýtgeşmeler gowy zat ýaly, ýöne hakykatdan hem şol stipendiýa meselesi gaty düşündirip bolmajak ýagdaý bolup dur. Geliň, görüp oturaly, 2024-nji ýyla çenli hakykatdan hem bir netije çykararmyka?

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (483 oçko)
  2. bet-turkmen (419 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...