Gurbannazar Ezizow - Topragym

0 ses
866
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Edebiýat | 24.12.2017 08:34 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#108)
Seniň duzuň iýdim, nanyňy iýdim,
Galplygam etmedim, Hudaýa şükür.
Käte göge galdym, kä gökden indim,
Emma hiç ýitmedim, Hudaýa şükür.

Ilkinji sözümi senden başladym,
Duzuňy syladym— ýalan ýazmadym.
Diňe seniň gyşyň bilen gyşladym,
Diňe seniň ýazyň bilen ýazladym.

Ýitirenmi seň goýnuňda ýitirdim,
Tapanymam seň goýnuňda tapdym men.
Sen bolansoň dünýä akyl ýetirdim
Onuň ähli peslik, şatlygy bilen.

Hol, gaýanyň eteginde oturan
Bagyň deňesinden tabytly geçdim.
Ýene bir gün, gökden sowulyp duman,
Şol bagyň düýbünde al şerap içdim.

Nirä gitsem, meniň bilen bolduň sen.
Sen, seretsem, önki süňňüm ekeniň.
Çalyşman daş ýurduň gülleri bilen
Aýakda yz goýan seniň tikeniň.

Minnetdarlyk sözi sada bolarmyş,
Ýollaryn ak bolsun, uzaga gitsin.
Baky uka batsam bir gazaply gyş,
Seň goýnuňda ýatmak miýesser etsin.

MP3: https://gyzgyn.com/music/gurbannazar-ezizow/gurbannazar-ezizow-topragym.mp3

3 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 25.03.2026 08:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#896)
Gurbannazaryň goşgulary adamkärçiligiň iň ýokary derejesi. Şeýle setirleri eşidip, ynsanyň ýüregi dolýar, köp sag bol paylaşanyň üçin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 08.04.2026 10:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2146)
Gurbannazar Ezizowyň goşgularyny diňlemek hemişe ýakymly, sesiňiz üçin köp sag boluň. Bu setirler adamyň göwnüni birhili edýär, hakyky watançylyk duýgusy bar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 08.04.2026 18:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2175)
Gurbannazar Ezizowyň goşgulary adamkärçiligiň iň ýokary nusgysy, ýürekden çykyp ýazylan setirler. Şeýle şahyrlarymyzyň bardygyna guwanýaryn, eşidenime örän şat boldum.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (611 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (364 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...