Hoş geldiň täze ýyl 2018 - hoş gal 2017

+4 ses
391
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 01.01.2018 13:32 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#111)
TDH döwlet habar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanda Täze ýyl dabaraly konsertler we baýramçylyk çäreleri bilen garşy alyndy.
Dabaranyň merkezi Aşgabatdaky “Älem” meýdançasy boldy. Beýleki şäherleriň merkezi meýdançalarynda hem täze ýyl dabaralary geçirildi we baýramçylyga býujet edaralarynyň işgärleri, studentler we ýokary klas okuwçylary mejbury gatnaşdyryldy.
Paýtagda Täze ýyl arçasynyň başynda ministrler, emeldarlar, deputatlar we ilçihinalaryň işgärleri hem ýygnandylar.
TDH-nyň ýazmagyna görä, “Aşgabatdaky täze ýyl dabarasyna, teleköpriniň kömegi bilen, bir-biriniň yzyndan regionlar hem goşuldy. Şu gün welaýatlaryň adminstratiw merkezlerindäki meýdançalarda hem, estrada aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň, köp sanly tomaşaçylaryň gatnaşmagynda kaşaň baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Tomaşaçylaryň arasynda ýaşulular we ýaşlar, ak saçly eneler, oba ýaşaýjylary we çagalar hem bar.”
“Ähli watandaşlarymyzyň adyndan ýadawsyz tagallasy we Watanymyza gulluk etmegiň nusgalyk göreldesi, öz Lideriniň daşynda jemlenen halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirildi” – diýip, TDH ýazýar.
Täze ýyl agşamynda, ýarygijeden birnäçe minut öň ýynananlaryň öňünde telekranda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň jemlerini jemleýän we “ägirt uly üstünlikler, ýurduň ilatynyň abadançylygy üçin edilen işler” baradaky gürrüňi eşitdirildi.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

17 Teswir

0 ses
Awtor: (Doktor) | 22.06.2026 06:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8297)
Täze ýyl hemişeki ýaly dabaraly geçipdir, ýöne sowukda daşarda durmak biraz kyn bolan bolsa gerek. Hemmeleriňiziň Täze ýylyňyz gutly bolsun, bu ýyl hemmämiz üçin düşümli gelsin!
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 01.07.2026 15:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9187)
Salam josgun, Täze ýylyňyz gutly bolsun! Bizem maşgala bolup öýde telewizoryň öňünde otyrdyk, ýöne köpçülik ýerlerine çykmadyk.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 02.07.2026 11:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9268)
Täze ýyl baýramy hemişe özboluşly geçýär, ýöne bu gezek sowuk hem ýaman däldi. Çagalaryň begenjini görmek başgaça lezzet berýär, baryňyza geljek ýyl düşümli bolsun.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 07.07.2026 07:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9713)
Sag bol josgun, habar üçin. Biz hem öýde maşgala bolup sowukda üşäp, televizoryň öňünde otyryp garşy aldyk, ýöne şol sowukda köçede duranlar üçin gynançly boldy.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 23.07.2026 16:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11284)
Täze ýylyňyz gutly bolsun! Bizem maşgala bolup öýde oturyp dabarany telewizordan gördik, ýöne sowukda meýdançada durmakdan gowurak ekeni.
0 ses
Awtor: (Doktor) | 02.08.2026 17:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12236)
Täze ýylyňyz bilen! Biz hem öýde maşgala bolup sowukda telewizoryň öňünde otyryp garşy aldyk, ýöne şäher ýerlerinde ýagdaý hemişekisi ýaly eken.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 08.08.2026 07:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12772)
Täze ýyl baýramy hemmelere düşümli bolsun. Ýöne şol sowukda köçede durup konsertlere mejbury gatnaşmak hakykatdanam ýadadyjy bolýar.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (376 oçko)
  2. merdan96 (335 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...