29-njy ýanwarda Aşgabatda howa gimnastikaçysy, Döwlet sirkiniň “Gündogar ýyldyzlary” sirk oýunlary milli toparynyň artisti Parahat Orazlyýew ýokardan ýykylyp heläk boldy diýip, habartm metbugaty habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, betbagtçylyk programma mahalynda, köp sanly tomaşaçylaryň gözüniň alnynda boldy. Mata polotnolarda goşmaça howpsuzlyk çäreleri görmezden geçirilen howply oýun wagtynda sirkiň gümmeziniň astyndaky petle çat açdy. Parahat ýokary belentlikden ýere gaçyp, heläk boldy.
Parahat Orazlyýew 1988-nji ýylyň 3-nji awgustynda dünýä indi. Ol Türkmen döwlet medeniýet institutynyň estrada-sirk oýunlary fakultetiniň uçurymy we gimnastika boýunça sport ussady.
Parahadyň yzynda üç ýaşly ogly we aýaly galdy.
Link:
https://www.youtube.com/watch?v=Sn7jruzi1fw
ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy