Magtymguly Pyragy - Äleme belgilidir

+1 ses
193
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Edebiýat | 06.06.2018 09:34 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#145)
Dostlar-a, dostum meniň şirin jandan söýgülidir,
Jan kibi pynhan jahanda äleme belgilidir.

Baş bile barsam aňa, handan olursa güzeri,
Tutsam ol ýerde watan, ol ýer ki anyň ýoludyr.

Diýrdi ýar: Men aşygym öz elim le katl edem,
Andan owwal gam meni paýmal edip almalydyr.

Özge aşyklaryň olsa paýy bent zülp-taryna,
Men garyby-bendäniň hem eli, hem aýagydyr.

Gaýry le bezm eýleýip, eýlese hoş köňlüni ýar,
Mejlis içre ýat edip diý: “Ol garyp gaýgylydyr”.

Ýar geler, wagt-da gider, gaflata batmyş gözlerim,
Açaýyn diýsem, açylmaz, ne agyr uýkulydyr.

Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz,
Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr.

1 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 19.03.2026 20:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#420)
DrWaltBishop, Magtymguly atamyzyň goşgularyny okap, ýüregiň giňeýär. Bu setirleri paýlaşanyň üçin sag bol, hemişe ýadykär bolsun.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (435 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (279 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...