Magtymguly Pyragy - Bady sebani görsem

+2 ses
374
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Edebiýat | 06.06.2018 09:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#146)
Dehistanyň baýrynda
Bady-sabany görsem.
Bahaweddin Mirkulal,
Zeňňi Babany görsem.

Nagleýni arşa täçdir,
Ady äleme paçdyr,
İki jahan mätäçdir,
Arap zybany görsem.

Gelen geçer çaşt edip,
Eglenmez güzeşt edip,
Köňül aýdar keşt edip,
Älem-jahany görsem.

Hezyr kimin çöllerde,
Ylýas kimin köllerde,
Kowus kimin daglarda,
Ýagşy-ýamany görsem.

Ýokarda Hindistany,
Arkada Türküstany,
Öwlüýäler ummany
Ol Rumystany görsem.

Jan pany, jahab şeýda,
Mundan hiç ýokdur peýda,
Ýedi dag, ýedi derýa,
Däli dünýäni görsem.

Magtymguly hoş bolsa,
Aksa didäm, ýaş bolsa,
Imanym ýoldaş bolsa,
Barsam, Käbäni görsem.

12 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 19.05.2026 04:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5299)
Magtymguly atamyzyň goşgularyny okaýanymda hemişe içim rahatlyk tapýar. Bu goşgynyň manysy hem öränam örän çuň eken, paýlaşanyň üçin köp sag bol!
0 ses
Awtor: (Talyp) | 22.05.2026 15:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5625)
Magtymgulynyň goşgularyny okasam hemişe içim ýagtylýar. Ýürekden ýazylan setirler, paýlaşanyň üçin sag bol, sag bol.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (465 oçko)
  2. bet-turkmen (444 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...