Magtymguly Pyragy - Türkmeniň

+3 ses
4.5k
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Edebiýat | 06.06.2018 10:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#149)
Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser  ýeli Türkmeniň;
Gül-gunçasy – gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili Türkmeniň.

Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri, maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli Türkmeniň.

Al-ýaşyl bürenip çykar perisi,
Kükeýip bark urar anbaryň ysy,
Beg, töre, aksakal ýurduň eýesi,
Küren tutar gözel ili Türkmeniň.

Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi,
Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,
Dagda, düzde kowsa, saýýatlar dirii
Ala bilmez, ýolbars ogly Türkmeniň.

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly Türkmeniň.

Köňül howalanar ata çykanda,
Daglar lagla döner gyýa bakanda,
Bal getirer, joşup derýa akanda,
Bent tutdurmaz, gelse sili Türkmeniň.

Gapyl galmaz, döwüş güni har olmaz,
Gargyşa, nazara giriftar olmaz,
Bilbilden aýrylyp, solup, saralmaz,
Daýym anbar saçar güli Türkmeniň.

Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr,
Ykballar ters gelmez hakyň nurudyr,
Mertler ata çyksa, söweş sarydyr,
Ýow üstüne ýörär ýoly Türkmeniň.

Serhoş bolup çykar, jiger daglanmaz,
Daşlary syndyrar, ýoly baglanmaz,
Gözüm gaýra düşmez köňül eglenmez,
Magtymguly – sözlär dili Türkmeniň.

12 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 15.07.2026 22:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10539)
Beýik Pyragynyň goşgularyny okamagyň lezzeti başgaça-da. Şu setirleri okanyňda göwüniň galkynýar, ýaşasyn türkmen ili!
0 ses
Awtor: (Magistr) | 23.07.2026 09:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11257)
Sag bol, DrWaltBishop, Magtymguly atamyzyň şu goşgusyny okasam hemişe buýsanç duýýaryn. Hakykatdanam, türkmeniň ruhuny şeýle taryp eden başga şahyr barmyka?

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (376 oçko)
  2. merdan96 (335 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...