Stambulda ýogalan türkmenistanly Maral Klyçewa hossar gözlenýär

+4 ses
411
Awtor: (Doktor) | Kategoriýa: Habarlar | 23.06.2018 13:24 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#157)
Sosial mediada türkmenistanly migrantlaryň ýaýradýan bildirişlerinde Stambulda ýogalan daşoguzly migrant zenana hossar gözlenýändigi habar berilýär we merhumyň Türkmenistanyň biometriki bolmaýan köne pasporty bilen türk keselhanasy tarapyndan berlen ölüm habarnamasy halk köpçüligine görkezilýär.
Stambulyň Medeniýet uniwersitetiniň Göztepe ylmy-barlag keselhanasy tarapyndan taýýarlanan ölüm habarnamasynda, Türkmenistanyň raýaty, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy we 1968-nji ýylda doglan Maral Kylyçewanyň 12-nji iýunda aradan çykandygy we Türkiýede kanuny ýagdaýynyň bolmandygy beýan edilýär.
Resminamada türkmen migrant zenanynyň ölüm sebäbiniň ýokanç kesel sebäpli bolmandygy üçin bedeniniň hem barlagdan geçirilmän, morga iberilendigi ýazylypdyr.
Türkiýedäki Türkmen habar gulluklary merhum türkmen migrant zenanynyň ykbaly bilen gyzyklanyp, Stambulyň Medeniýet uniwersitetiniň Göztepe ylmy-barlag keselhanasyndan maglumat almaga synanyşdy. Emma keselhananyň işgärleri telefonda merhumlar barada hiç kime jikme-jik maglumatyň berilmeýändigini, diňe hossarlary ýüz tutanda, olara şeýle maglumatyň berilýändigini aýtdylar.
Ýogalan daşoguzly zenanyň bir öýde bile ýaşan obadaşynyň aýtmagyna görä, merhum owal iki gezek damarlaryny açdyran ekeni.

MARAL KLYÇEWANYŇ Pasporty: http://i.hizliresim.com/lZrjll.jpg

23 Teswir

0 ses
Awtor: (Doktor) | 23.09.2026 09:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#17088)
Jany jennet bolsun, gaty gynançly ýagdaý. Daşary ýurtda ýeke galyp ölmek örän kyn, hossarlary tizräk tapylar diýip umyt edýärin.
+1 ses
Awtor: (Doktor) | 29.09.2026 02:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#17549)
Jany jennetden bolsun, gaty gynançly ýagdaý. Dogan-garyndaşlarynyň tapylmagy üçin sosial ulgamlarda has köp paýlaşalyň, belki bir tanaýan çykar.
0 ses
Awtor: (Doktor) | 09.10.2026 06:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#18478)
Jany jennetden bolsun, gaty gynandyryjy habar eken. Hudaý hossarlaryny tapmaga kömek etsin, ýagdaýy gaty çylşyrymly bolupdyr.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. selbiska (416 oçko)
  2. josgun (408 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...