Ýülük rak keseline tutulan Sahabat Genjiýewa sosiýal mediýadaky türkmenler birigip kömek edýär

+4 ses
432
Awtor: (Doktor) | Kategoriýa: Umumy Maglumat | 23.06.2018 14:03 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#158)
Sahabat Genjiýewa atly 24 ýaşyndaky Türkmen raýaty gyzjagazyň operasiýasy üçin sosiýal mediýadaky türkmenler pul ýygnap başlady. 2 aý öň Sahabatyň maşgalasy onuň Acute Lymphocytic Luecemia (ALL) keseline tutulandygyny öwrenýär. Bu ALL keseli süňk ýülüginiň bir görnüş rak keseli bolup muňa gan rak keseli hem diýilýär. Sahabatyň maşgalasy baryny-ýoguny satyp dost-ýarlaryndan karz alyp 15000 dolar ýygnapdylar we Sahabata doktorlaryň maslahaty boýunça Salvage Himiýaterapiýa operasiýasynyň tölegini tölap etdiripdiler. Indi bolsa doktorlar Sahabat Genjiýewanyň Bone Marrow Transplant operasiýasy edilmelidigini aýdýarlar. Bu operasiýanyň tölegi bolsa 35000 dolar töweregi. Sahabatyň maşgalay sosiýal mediýadaky haýyr-söýer we rehimdar adamlara ýüzlenip kömek soraýar.
Şu güne çenli 9875 dollar ýygnaldy. Wagt çalt azalýar. Sahabat Genjiýewanyň ýaş durmuşy üçin kömek edip biljek adamlar şu salgydan-linkdan onuň maşgalasyna pul ugradyp bilersiňiz.

Pul Ugrat: https://www.facebook.com/donate/2026822494304381/2037740249879272 .

Wideo: https://www.facebook.com/monsoontmn/videos/2063407143701835/

Suratlar:
http://i.hizliresim.com/Y6WbkE.jpg
http://i.hizliresim.com/Z3Qdko.jpg
http://i.hizliresim.com/nlmrr5.jpg
http://i.hizliresim.com/Q2YMMv.jpg
http://i.hizliresim.com/4zqllp.jpg

22 Teswir

0 ses
Awtor: (Doktor) | 18.10.2026 11:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#19285)
Alla dert berip dermanyny hem ýetirsin, gaty gynandym. Elimizden gelen kömegi edeliň, her kim az-kem bolsa-da goşant goşsa, bir ýaş gyzyň ömrüni halas edip bileris.
0 ses
Awtor: (Doktor) | 23.10.2026 10:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#19656)
Alla dert berip dert bermesin, Sahabata gyssagly şypa bersin. Göwünler bir bolup, az-kemem bolsa kömek etmegi hemmämize nesip etsin.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. selbiska (418 oçko)
  2. josgun (410 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...