2018 Dünýä Çempiýonatynda Ýaponiýa Fair-Plaý kadasy bilen ýoluna dowam etdi

+4 ses
442
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 29.06.2018 13:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#162)
H Gruppasynda gaty täsin waka boldy. Kolumbiýa 6 bal bilen birinji ýere ornaşyp ýoluna dowam etdi. Gruppada ikinji orna bolsa iki komanda Ýaponiýa we Senegal ýerleşdi. Bu iki toparyň oýnan 3 oýun netijesinde jemlän ballary, gol awerajlary, uran we geçiren gollarynyň sanawlary hem dep-deň boldy. Bu iki topar özara oýnan oýny hem 2-2 deňme-deň hasap bilen netijelenipdi. Indi bärde sorag şu: haýsy topar ikinji orna ýerleşip ýoluna dowam eder? Ine muny bolsa futboldaky Fair-Plaý kadasy kesgitledi. Ýaponiýa Polşa duşuşygynyň ikinji ýarymynda 59-njy minutda Polşa Ýan Bednarek-iň uran goly bilen 1-0 öňe geçdi. Şol wagt beýleki oýunda Senegal Kolumbiýa 0-0 hasap bilen dowam edýärdi. Oýunlar şeýle netijense Kolumbiýa we Senegal gruppada birinji we ikinji bolup ýollaryna dowam etjekdi. Şonuň üçin Ýaponiýa gaty höjöm oýun oýnaýardy, welin 75-nji minutda Kolumbiýa Senegal garşysynda Ýerry Minanyň goly bilen 1-0 öňe geçendigi habary geldi. Şondan soň Ýaponiýa hüjüm oýuny bes edip öz ýarymçasynda özara paslaşyp wagty geçirdiler. Duşuşyklar şu ýagdaýda netijendi. Bu H gruppasy Senegal we Ýaponiýa 3 oýun oýnap tamamlady. Bu oýunlarda Senegal 6, Ýaponiýa bolsa 4 sary kartoçka alypdy. Şeýlelik bilen Ýaponiýa "Fair-Plaý" kadasy netijesinde ikinji orna ýerleşip 2018 Dünýä Çempiýonatynda ýoluna dowam etdi we Senegal bolsa öýüne dolanmaly boldy.

24 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 28.06.2026 02:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8853)
Hakykatdan hem futbol taryhynda örän täsin we ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Ýaponiýanyň şol wagtky oýnan oýny hemme kişini geň galdyrypdy, emma kadasy düzgün-dä.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 02.07.2026 02:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9233)
Hawa DrWaltBishop, şol wagtky oýny görüp oturanymda Ýaponiýanyň şeýle taktika ulanmagy maňa azajyk geň galypdy. Göräýmäge dogry ýaly ýöne futbolyň ruhuna biraz gyzykly däl ýagdaýa getiripdi, şeýle dälmi?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 16.07.2026 16:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10611)
Hakykatdanam örän täsin we ýatdan çykmajak pursat boldy, şol gün ekrana tikilip galypdyk. Fair-play düzgüni bilen geçmek futbol taryhynda juda seýrek duş gelýän waka.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 10.08.2026 10:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12975)
Hakykatdanam örän gyzykly we täsin ýagdaý boldy, şol pursatda hemme kişi geň galypdy. Futbolda şeýle kadasyň barlygy öňem köp adamyň ünsüni çekipdi, siziň pikiriňizçe bu adalatlymy?

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (382 oçko)
  2. merdan96 (349 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...