Içeri işler minitri Isgender Mulikow 31-nji awgustda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa “Amul-Hazar” rallisine gatnaşmgy üçin sürüjilik şahadatnamasyny hem-de sport awtomobiliniň tehniki pasportuny gowşurdy.
Sürüjilik şahadatnamasy baryp 10-njy iýunda berildi, emma döwlet baştutany ony diňe häzir alýar.
Haýsy sport maşynynyň tehniki pasporty berildi, prezidentiň öz çyzgysy esasynda täzeden gurnan awtoulagynyňkymy ýa-da başga, habarda anyklaşdyrylmýar.
Şeýle-de döwlet baştutanyna ýaryşlara gatnaşýan sürüjiler üçin sport lybaslary toplumlarynyň nusgalary görkezildi.
Soňra prezident “Amul-Hazar 2018” awtorallisine gatnaşýanlaryň awtoulaglaryny we tehnikalaryny millin dizel ýangyjy we benzin bilen mugtuna üpjün etmek baradaky karara gol çekdi.
Türkmenistandan bu ýaryşa IIM-niň awtosport merkezine we Awtosport boýunça milli federasiýa degişli 15 komanda wekilçilik eder. Ekipažlar Nissan Patrol, Mitsubishi L 200, Chevrolet, Toyota Hilux, Toyota Lancruzer 200 markaly maşynlarda we kawdrosikl we ýük maşynlary (MAN) kysymlaryndaky awtoulaglarda ýaryşa gatnaşarlar.
-Türkmenistandaky “Amul-Hazar” rallisi 9-14-nji sentýabr aralygynda geçiriler. Döwlet baştutany hem iýulda özüniň ýaryşa gatnaşjakdygyny syzdyrdy.
-Prezident Berdimuhamedow 26-njy awgustda, ralliden öň, bir hepdede ikinji gezeke türgenelik geçdi we täze maşyny synagdan geçirdi.
-Ýaryşyň ýeňijilerine türkmen milli lybaslaryny, şeýle-de V Aziýa oýunlarynyň nyşanyny – Wepaly alabaýyň şekilini sowgat bererler.
http://i.hizliresim.com/Z36pgk.jpg
http://i.hizliresim.com/vPGVdp.jpg
http://i.hizliresim.com/PDdN47.jpg
http://i.hizliresim.com/BznNXG.jpg
http://i.hizliresim.com/lZXpYp.jpg