Okuw üçin tölegler plastik kart arkaly alnyp başlandy

+2 ses
235
Awtor: (Doktor) | Kategoriýa: Habarlar | 08.09.2018 09:09 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#186)
«Türkmenistan» gazediniň (05.09.2018) habar bermegine görä «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň okuw üçin tölegleriniň plastik kart arkaly nagt däl görnüşinde amala aşyrylmagy üçin agzalan okuw mekdeplerinde töleg terminallarynyň ornaşdyrylandygyny habar berýär.

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň merkezi edarasy boýunça habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-03-04.

Şahamçalaryň salgylary we telefon belgileri bankyň resmi web saýtynda görkezilen görkezilendir. www.tnbk.tm

Ýadyňyza düşýän bolsa, Türkmenistanda dollaryň bes edilmegi bilen daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw we ýaşaýyş tölegleri agsady we talyplar bu sebäpli gaty kyn ýagdaýa düşüpdi. Indi bolsa Türkmenistandaky banklar daşary ýurtlarda okaýan oglan gyzlaryň okuw töleglerini şol döwletiň walýutasy boýunça tölemek üçin talyplardan okuw hatlary soralýar. Bu okuw hatlary hökmany suratda resmi, peçatly we gol çekilen bolmaly. Munuň ýany bilen okuw hatynda okuw üçin tölenjek pul mukdary, puluň walýutasy, tölegiň sebäbi, we okuw jaýynyp resmi bank hasaby ýaly ýörite maglumatlar hem berilen bolmaly.

14 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 12.07.2026 00:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10166)
Gowy zat eken, emma daşary ýurtda okaýanlar üçin ýene-de kynçylyk köp. Bu okuw hatlaryny toplamak hem ep-esli wagt we sabyr talap edýär.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 14.07.2026 22:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10445)
Sag bol, nazaroff, bu gowy habar welin, daşary ýurtda okaýanlar üçin hem ýeňillikler köpräk bolsa gowy bolardy. Şol okuw hatlarynyň geçişi köplenç uzaga çekýär, şuny haýsy bank çaltrak amala aşyrýarka?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 22.07.2026 22:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11211)
Bu gowy zat welin, okuw hatlaryny tabşyranymyzdan soň hem bankda köp garaşdyrýarlar. Daşary ýurtda okaýan talyplar üçin has ýeňillik döredilse gowy bolardy.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 25.08.2026 09:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#14391)
Bu gaty gowy habar, ýöne şol okuw töleglerini geçirmek üçin banklarda uzyn nobatlara garaşmaly bolýarys. Daşary ýurtda okaýan talyplar üçin bu meseleler has çalt çözülse gowy bolardy.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. durdy (165 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (157 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...