Berdimuhamedow Aşgabatdaky täze gurluşyk işlerini barlady

+5 ses
295
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 09.09.2018 13:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#190)
4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça dikuçarda paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Milletiň Lideri uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns berdi.
Döwlet Baştutanymyz dikuçaryň ýanynda paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde bina edilen we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Paýtagtymyzyň häkimi hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gurluşygy bilen bir hatarda, söwda merkeziniň, Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda gurluşygy tamamlanan metjidiň görnüşini, beýleki desgalaryň taslamalaryny, şeýle hem täze döwrebap myhmanhananyň ýerleşjek ýeriniň çyzgylaryny görkezdi.
Soňra milletiň Lideri dikuçarda paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda bina edilen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygynyň ýagdaýy,  Bekrewe ýaşaýyş toplumyna gidýän ýoluň ugrunda gurulýan Ýanyk şikeslerini bejeriş merkezinde alnyp barylýan işleriň derejesi, şäheri ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan ýer bolan Köşüdäki gurluşyklar we beýleki ýerler bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutany paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasy bilen “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikler toplumynyň aralygynda ýerleşýän baýryň üstünde täze myhmanhanany gurmak boýunça tabşyryk berdi.
Soňra döwlet Baştutany Çandybil şaýolunyň ugrunda gurulýan desgalaryň gurluşygy, Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda alnyp barylýan işler, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda umumy eýeleýän meýdany 10 gektara barabar bolan täze “Garagum” myhmanhanasynyň ýerleşjek ýerleri bilen hem tanyşdy. Milletiň Lideri bu ýerde häzirki zaman söwda merkeziniň we hyzmat ediş binalary bolan işewürlik merkeziniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Şu ýerde 320 orunlyk çagalar bagynyň, 720 orunlyk orta mekdebiň, söwda we dynç alyş merkeziniň, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda täze edara binalarynyň gurluşygy meýilleşdirildi. Şeýle hem bu ýerde eýeleýän meýdany 10 gektara golaý bolan seýilgäh toplumy gurlar. Onuň merkezi böleginde Oguz hanyň ýyldyzy şekilinde ýerleşdirilen suw çüwdürimler toplumy bina ediler.
Şeýle hem döwlet Baştutany paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň golaýyndaky könelişen we häzirki zaman jemagat hojalygy gulluklarynyň talabyna laýyk gelmeýän şertleri bolan jaýlaryň ugrunda döwrebap seýilgäh zolagynyň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şäheriň ilaty ýokary derejeli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmelidir.
Soňra milli Liderimiz Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşen Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy bilen hem tanyşdy.

18 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 17.05.2026 08:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5131)
Täze binalar bilen Aşgabat hasam gözel görünýär, ýöne şäheriň ýaşyl zolaklarynyň hem köpelýändigine begenýärin. Göräýmäge täze myhmanhana hem örän döwrebap boljak ýaly, haçan gurlup gutararkyn?
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 18.06.2026 19:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7968)
Paýtagtymyz gün saýyn gözelleşýär, bu gurluşyklar örän gowy zat. Täze seýilgähler we çagalar baglary gurlan bolsa, has hem gowy bolardy.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 24.06.2026 08:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8493)
Täze seýilgähler we myhmanhanalar gurlan bolsa gowy bolupdyr, emma şäheriň daşynda ýaşaýanlara hem şeýle şertler haçan ýeterkän? Köp adamlar gurluşyklaryň hili barada gürrüň edýärler, göräýmeli.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 11.07.2026 10:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10109)
Şäherimiz günsaýyn özgerýär, gaty gowy zatlar gurulýar. Emma şol täze binalaryň daş-töweregi has ýaşyllykly we kölegeli bolsa, has gowy bolardy.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 17.07.2026 08:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10678)
Täze myhmanhanalaryň we seýilgähleriň gurulýany gowy zat, ýöne şäheriň köçelerinde dykynlar köpelmese ýagşy bolar. Şäherimiz barha gözelleşýär, bu guwandyrýar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 18.07.2026 06:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10766)
Täze myhmanhanalaryň we seýilgähleriň gurulýany gowy zat, ýöne şäher gurluşygy bilen bilelikde ýollaryň hem hilini artdyrsalar oňat bolardy. Parahat 7 töwerekleri has hem gözelleşip barýar, görenim barda.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 07.08.2026 19:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12723)
Täze gurluşyklar gaty gowy zat welin, köne jaýlaryň ýerine täze parklaryň döredilýänine hasam begendim. Şäherimiziň görki barha gözelleşýär, diňe hyzmat derejesi hem şol derejede ýokary bolsa gowy bolardy.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 15.08.2026 10:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#13444)
Aşgabat barha gözelleşýär, emma Parahat 7 töwereklerinde ýollar ýene biraz giňeldilse gowy bolardy. Täze myhmanhanalaryň gurulmagy hem şäheriň keşbini has baýlaşdyrýar, geljekde hemme zat has oňaýly bolar diýip umyt edýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (376 oçko)
  2. merdan96 (335 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...