ýurtdan çykyşy gadagan edilenler sanawy 31 müňe ýetdi

+6 ses
385
Awtor: (Doktor) | Kategoriýa: Habarlar | 19.09.2018 06:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#200)
Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň ýurtdan çykarylmasyz eden adamlarynyň sany awgustda 30.874 adama ýetdi.
Şahsy sanawa girizilýän ýurt raýatlary MHM-niň, IIM-niň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň we Döwlet migrasiýa gullugynyň kararlary esasynda girizilýär.
Mundan başga-da, sanawda ýurtdan çykmagy gadagan edilen başga kategoriýaly raýatlar hem bar. Olar ýurduň Ýaragly güýçleriniň hatarynda harby gulluk möhletini tamamlamadyk erkekler (kadadan çykma – harby gulluga çygyrylmakdan boşadylan ýa-da saglyk ýagdaýy zerarly harby gulluga ýarawsyz hasap edilenler).
Mundan başga, ýurtdan çykjak bolanda serhetde ýa-da Aşgabat aeroportunda migrasiýa gullugynyň işgäriniň ýa-da MHM-niň ofiseriniň hususy karary esasynda yzyna gaýtarylýan raýatlar hem bar. Bu gullukllaryň wekilleriniň adamlary ýurtdan haýsy sebäpler esasynda goýbermeli ýa-da däl diýen karara gelmeginiň ýazmaça düzgünleri ýok.

Bu kategoriýa şular girýär:
• 40 ýaşyna çenli erkekler, eger-de ýörite gulluklaryň işgärlerinde bu raýat ýurtdan terrorçylyk guramalaryna ýa-da adaty bolmadyk dini toparlara goşulmak niýeti bilen barýan bolmasyn diýen pikir dörese;
• 35 ýaşyna çenli aýal-gyzlar, eger ýörite gulluklaryň işgärleri ol zenan daşary ýurtda jelepçilik bilen meşgullanmak üçin barýandyr diýip pikir etse;
• ikinji raýatlygy bolan we olaryň birinden ýüz öwürmek islemeýän raýatlar hem Türkmenistandan goýberilmän biler. Türkmen raýatlygyndan çykmak prosedurasy alty aýdan bir ýarym ýyla çenli wagt alýar.

Daşary ýurtlardaky saglyk edaralarynda bejergi almaga barýan adamlar hem ýurtdan çykjak bolanda çylşyrymly ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolup bilýärler.
Şeýlelikde, hakykatda ýurtdan çykmak hukugyndan mahrum edilen adamlaryň sany  30,874-den has-da köp diýlip çak edilýär.

23 Teswir

0 ses
Awtor: (Doktor) | 01.10.2026 19:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#17791)
nazaroff bu ýagdaýa näme diýjeginiňi hem bilýän däl, adamlar öz ýurdyndan çykyp bilmän horlanýar. Görüp otursak, sanawdan hem has köp adamda kynçylyk bar eken-ow.
0 ses
Awtor: (Doktor) | 16.10.2026 00:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#19088)
Bu sanaw hakykatdanam gaty köpelipdir, ýöne serhetde näme üçin goýberilmändigini hiç kim düşündirmeýän bolsa, adama has kyn düşýär. Bu ýagdaý näçe wagt dowam ederka?
0 ses
Awtor: (Doktor) | 20.10.2026 06:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#19433)
Bu ýagdaý adamkärçilikden daşary, gaty gynandyryjy ýagdaý. Haçan düzelärka bu zatlar, adamlar öz islegleri bilen arkaýyn gidip gelip bilmese kyn eken.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. selbiska (418 oçko)
  2. josgun (410 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...