Daşoguzda täze ýaşaýyş toplumy açyldy

+4 ses
80
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 24.09.2018 07:07 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#202)
Baş baýramçylygyň — ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda daşoguzly maşgalalaryň onlarçasy täze jaý toýlaryny tutdular. Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň dolandyryş merkezinde her birinde 16 öý bolan, dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi ulanylmaga berildi.

Jaýlaryň ikisi “Nowruz” etrapçasynda “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň Daşoguzdaky kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Üç we iki otagly giň öýlerden ybarat bolan jaýlarda amatly ýaşamak üçin zerur bolan ähli şertler döredildi.

Üç otagly öýüň umumy meýdany 140 inedördül metre, iki otagly öýüň meýdany bolsa 115 inedördül metre barabardyr. Olaryň her birinde kir ýuwulýan otag, penjireli eýwan bar.

Jaýlaryň ýene-de biri ýerli “Körpe gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan Baýdak köçesiniň ugrunda bina edildi. Iki we üç otagly öýler döwrebap aşhana mebelleri bilen üpjün edildi, beýleki amatlyklar göz öňünde tutuldy.

Soňky ýyllarda Daşoguzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň depgini görnetin ýokarlandy. Şunda ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň gurluşyk bazaryna giňden çekilmegi uly orun eýeledi. Ilat üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy öz gerimi bilen haýran galdyrýar. Häzirki wagtda täze köpöýli ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy Şagadam, Daşoguz, Görogly köçeleriniň ugrunda bina edilýär.

16 Teswir

0 ses
Awtor: (Talyp) | 13.04.2026 19:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2624)
Daşoguzymyzyň görki gitdigiçe açylýar, täze öýli bolanlaryň ählisi gutly bolsun! Şeýle döwrebap jaýlaryň sany köpelibersin.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 14.04.2026 00:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2639)
DrWaltBishop, Daşoguzdaky bu täzelikler hakykatdan hem gowy habar, öý alan maşgalalaryň hemmesini gutlaýaryn. Göräýin. Görünşine görä şäherimiz barha gözelleşýär, bu gurluşyklar dowamly bolsun.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 15.04.2026 02:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2659)
DrWaltBishop, gaty gowy habar eken, täze jaý alan maşgalalary gutlaýaryn. Daşoguz şäheriniň şeýle gözelleşýändigini görmek ýakymly, indiki nobat haýsy etraplardaka?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 16.04.2026 11:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2714)
Daşoguzda täze jaýlaryň gurulýandygy gaty gowy habar, ýaşaýjylara gutly bolsun diýýärin. Görünşine görä, şäherimiz ýyl-ýyldan has-da gözelleşýär, bu guwandyrýar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 20.04.2026 10:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3023)
Daşoguz barha gözelleşýär, täze jaý alan maşgalalaryň hemmesini gutlaýaryn. Şeýle jaýlaryň sany köpelip, ähli welaýatlarda hem gurluşyklar dowam etse gowy bolardy.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 22.04.2026 06:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3168)
Daşoguzyň şeýle gözelleşýändigini görmek gaty ýakymly. Täze jaý alan maşgalalaryň ählisini gutlaýaryn, öýleri düşümli bolsun!

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (655 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (389 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...