DV-2020 ABŞ Green Card lotereýasy 3 Oktýabr - 6 Noýabr 2018

+5 ses
129
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Umumy Maglumat | 30.10.2018 09:04 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#209)
Her ýyl bolşy ýaly bu ýyl hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary (ABŞ) bütin dünýäde Green Card lotereýasyny başlatdy. Amerikan hökümeti Resmi Migrassiýa gullugy tarapynda neşredilen resmi beýannama görä Green Card ýüz tutmalary 3-nji Oktýabr 2018 Çarşanba güni başlap 6-njy Noýabr 2018-ä çenli dowam eder.
 
Bu lotereýa kimler gatnaşyp biler we şertleri näme?
1) DV 2020 lotereýasyna gatnaşmak üçin resmi beýannamada agzalan döwletleriň birinde doglan bolmalysyňyz. Bu döwletler arasynda Türkmenistan hem bar.
Eger-de agzalan döwletleriň birinde dogulmadyk bolsaňyz, onda ýa maşgala ýoldaşyňyz ýa-da ata-enäňiziň biri şol agzalan döwletleriň birinde doglan bolmaly.
2) Bilim derejäňiz iň pesinden mekdep-lisseý derejesinde bolmaly. Ýagny iň pesinden mekdep-lisseý diplomyňyz bolmaly.

Bu iki şerti ýerine ýetiren her kim bu lotereýa gatnaşyp Green Card-a ýüz tutup biler. Ýüz tutan wagtyňyz şulara gaty üns beriň:
-DV formuny onlaýn doly dolduryň
-Her ýyl bir adam üçin bir gezek forum dolurylmaly. Bir adam üçin iki gezek doldurmaň.
-Maşagalaly bolanlar aýal/äriniň hem maglumatlaryny girizmeli, ýoldaşynyň adyna hem aýratyn ýüz tutmakda peyda bar.
-Ýörgin e-poçta adresi we telefon nomer ýazylmaly
-Foto suratyňyz resmi beýannamalarda bellenişi ýaly bolmaly. Surat soňky 6 aý içinde düşürilen bolmaly, Hili 300 dpi, 24-bit reňkli, Möçberi 600x600, Agyrlygy 240 kb-dan az, formaty jpg bolmaly. Suratda gözler açyk, äýneksiz, düz profil, arka fon ak ýa-da bir reňkde bolmaly. Hiç hili fotoşop montaž ýa-da hile-galplyk bolmaly däldir.
Bu şertleriň we maddalaryň birinde ýörginsizlik bolsa, sistema sizi awtomatiki diskalife edýär. Unutmaň, ABŞ bu şertler barlag we derňewde iň ýokary tehnologiýalary ulanýar. ABŞ-nyň resmi statistikalaryna görä her 10 ýüzlenişleriň 7-si diňeje fotosurat barlaglarynda şowsyz bolup sistema tarapynda awtomatiki diskalife edilýär.

Netijeler haçan belli bolýar?
Forumy dolduryp ugradanyňyzda sistema size bir tassyknama nomeri berer. Şol tassyknama nomerini bir ýere belläp goýuň hiç ýitirmäň. Sebäbi netijeler 5-6 aý soň yglan edilende size şol tassyknama nomeri gerek bolar. Eger-de sistema sizi saýlamadyk bolsa, onda ABŞ daşary işler ministrliginden size saýlanmadyňyz diýip ýörite habarnama/hat gelmez. Ýüzlenişiňiziň statusyny öwrenmek üçin Ýüzleniş Status Barlag sahypasyny ulanmalysyňyz. DV 2020 lotereýa netijelerini 1-nji Maý 2018 we 30-njy Sentýabr 2019 taryhlary arasynda barlap bilersiňiz. Barlag sahypasy bu lotereýa netijesinde Green Card  üçin hak gazanyp gazanmadygyzy görkezjek ýekeje we resmi ýerdir. Eger-de hak gazansaňyz size migrassiýa wiza işlewleriniň nähili ediljekdigini görkezýän maglumatlar ýene şol DV barlag sahypada beriler.

Bu lotereýa tötänleýin mugtdyr. Eger-de kim-de biri sizden bu ýüzleniş hakynda pul sorasa onda ol adamyň galplyk edýänligini biliň!

RESMI ÝÜZLENIŞ URL SALGYSY: https://www.dvlottery.state.gov
DV-2020 ÝÜZLENIŞ INSTRUKSIÝASY: https://travel.state.gov/content/visas/en/immigrate/diversity-visa/instructions.html
FOTO SURAT BARLAG URL SALGYSY: https://travel.state.gov/content/travel/en/us-visas/visa-information-resources/photos/photo-examples.html

10 Teswir

+3 ses
Awtor: (Talyp) | 23.03.2026 21:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#804)
Maglumat üçin köp sag bol! Men öňem synanyşypdym, emma ýene bir gezek bagtymy synap göräýsemmikäm diýýärin.
+4 ses
Awtor: (Magistr) | 28.03.2026 23:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1190)
Maglumat üçin köp sag bol, ýöne bu fotoşop meselesinde örän seresap bolmak gerek eken. Men geçen ýyl synanyşdym, emma ýene şowlsuz boldum, bu gezek, bu ýyl ýene bir gezek barlap görjek.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 01.04.2026 15:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1535)
Maglumat üçin köp sag bol! Geçen ýyl synanyşypdym, emma hiç hili netije bermedi, göräýeli bu gezek näme bolar.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 07.04.2026 06:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2062)
Sag bol DrWaltBishop, peýdaly maglumat eken. Men geçen ýyl hem synanyşypdym, bu ýyl ýene bir gezek bagtymy synap görerin diýýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 16.04.2026 14:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2723)
Maglumat üçin köp sag bol, ýöne geçen ýyl hem synanyşypdym, gynansakda çykmady. Bu ýyl ýene bir gezek bagtymy synap görjek, belki bu gezek miýä bu gezek maňa hem güler.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 23.04.2026 00:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3225)
Sag bol DrWaltBishop, bu maglumatlar gaty peýdaly boldy. Menem şu ýyl synanyşyp görmegi ýüregime düwdüm, göräliňem-dä bagtymyza näme çykar.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 30.04.2026 07:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3728)
Maglumat üçin köp sag bol, men geçen ýyl hem synanyşypdym ýöne çykmady. Bu ýyl ýene bir gezek synanşyp göreýin diýýärin, belki miýesser eder.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 05.05.2026 17:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4154)
Sag bol DrWaltBishop, peýdaly maglumat eken. Ýöne bu suraty düzetmek barada köpler kynçylyk çekýär, özüm hem geçen ýyl şonuň üstünde köp oýlandym.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 17.05.2026 07:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5128)
Maglumat üçin köp sag bol! Menem geçen ýyl synanyşypdym, emma ýene şowlulyk arzuw edip gatnaşyp göreýin diýýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 21.05.2026 06:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5493)
Maglumat üçin köp sag bol! Men geçen ýyl hem synanyşypdym, bu gezek ýene ýoluň düşmegini dileýärin, ýöne surat meselesi hakykatdan hem kynrak eken.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (465 oçko)
  2. bet-turkmen (446 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...