DV-2020 ABŞ Green Card lotereýasy 3 Oktýabr - 6 Noýabr 2018

+7 ses
263
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Umumy Maglumat | 30.10.2018 09:04 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#209)
Her ýyl bolşy ýaly bu ýyl hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary (ABŞ) bütin dünýäde Green Card lotereýasyny başlatdy. Amerikan hökümeti Resmi Migrassiýa gullugy tarapynda neşredilen resmi beýannama görä Green Card ýüz tutmalary 3-nji Oktýabr 2018 Çarşanba güni başlap 6-njy Noýabr 2018-ä çenli dowam eder.
 
Bu lotereýa kimler gatnaşyp biler we şertleri näme?
1) DV 2020 lotereýasyna gatnaşmak üçin resmi beýannamada agzalan döwletleriň birinde doglan bolmalysyňyz. Bu döwletler arasynda Türkmenistan hem bar.
Eger-de agzalan döwletleriň birinde dogulmadyk bolsaňyz, onda ýa maşgala ýoldaşyňyz ýa-da ata-enäňiziň biri şol agzalan döwletleriň birinde doglan bolmaly.
2) Bilim derejäňiz iň pesinden mekdep-lisseý derejesinde bolmaly. Ýagny iň pesinden mekdep-lisseý diplomyňyz bolmaly.

Bu iki şerti ýerine ýetiren her kim bu lotereýa gatnaşyp Green Card-a ýüz tutup biler. Ýüz tutan wagtyňyz şulara gaty üns beriň:
-DV formuny onlaýn doly dolduryň
-Her ýyl bir adam üçin bir gezek forum dolurylmaly. Bir adam üçin iki gezek doldurmaň.
-Maşagalaly bolanlar aýal/äriniň hem maglumatlaryny girizmeli, ýoldaşynyň adyna hem aýratyn ýüz tutmakda peyda bar.
-Ýörgin e-poçta adresi we telefon nomer ýazylmaly
-Foto suratyňyz resmi beýannamalarda bellenişi ýaly bolmaly. Surat soňky 6 aý içinde düşürilen bolmaly, Hili 300 dpi, 24-bit reňkli, Möçberi 600x600, Agyrlygy 240 kb-dan az, formaty jpg bolmaly. Suratda gözler açyk, äýneksiz, düz profil, arka fon ak ýa-da bir reňkde bolmaly. Hiç hili fotoşop montaž ýa-da hile-galplyk bolmaly däldir.
Bu şertleriň we maddalaryň birinde ýörginsizlik bolsa, sistema sizi awtomatiki diskalife edýär. Unutmaň, ABŞ bu şertler barlag we derňewde iň ýokary tehnologiýalary ulanýar. ABŞ-nyň resmi statistikalaryna görä her 10 ýüzlenişleriň 7-si diňeje fotosurat barlaglarynda şowsyz bolup sistema tarapynda awtomatiki diskalife edilýär.

Netijeler haçan belli bolýar?
Forumy dolduryp ugradanyňyzda sistema size bir tassyknama nomeri berer. Şol tassyknama nomerini bir ýere belläp goýuň hiç ýitirmäň. Sebäbi netijeler 5-6 aý soň yglan edilende size şol tassyknama nomeri gerek bolar. Eger-de sistema sizi saýlamadyk bolsa, onda ABŞ daşary işler ministrliginden size saýlanmadyňyz diýip ýörite habarnama/hat gelmez. Ýüzlenişiňiziň statusyny öwrenmek üçin Ýüzleniş Status Barlag sahypasyny ulanmalysyňyz. DV 2020 lotereýa netijelerini 1-nji Maý 2018 we 30-njy Sentýabr 2019 taryhlary arasynda barlap bilersiňiz. Barlag sahypasy bu lotereýa netijesinde Green Card  üçin hak gazanyp gazanmadygyzy görkezjek ýekeje we resmi ýerdir. Eger-de hak gazansaňyz size migrassiýa wiza işlewleriniň nähili ediljekdigini görkezýän maglumatlar ýene şol DV barlag sahypada beriler.

Bu lotereýa tötänleýin mugtdyr. Eger-de kim-de biri sizden bu ýüzleniş hakynda pul sorasa onda ol adamyň galplyk edýänligini biliň!

RESMI ÝÜZLENIŞ URL SALGYSY: https://www.dvlottery.state.gov
DV-2020 ÝÜZLENIŞ INSTRUKSIÝASY: https://travel.state.gov/content/visas/en/immigrate/diversity-visa/instructions.html
FOTO SURAT BARLAG URL SALGYSY: https://travel.state.gov/content/travel/en/us-visas/visa-information-resources/photos/photo-examples.html

15 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 28.06.2026 14:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8899)
Maglumat üçin köp sag bol! Menem geçen ýyl synanyşypdym, emma hiç hili netije çykmady, bu ýyl ýene bir gezek synanşyp göreýin diýýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 29.06.2026 15:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8996)
Maglumatlaryňyz üçin köp sag boluň, geçen ýyl hem synanyşypdym ýöne çykmady. Bu ýyl ýene bir gezek bagtymy synap göreýin diýýärin, belki bu gezek ýylgyrar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 29.06.2026 17:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9004)
Maglumat üçin köp sag bol, geçen ýyl hem synanyşypdym ýöne çykmady. Bu gezek ýene şansymy barlap görerin, belki bu gezek miýesser eder.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 16.07.2026 03:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10560)
Maglumatlaryňyz üçin köp sag boluň, geçen ýyl hem synanyşypdym ýöne şowum düşmändi. Bu ýyl ýene bir gezek synanyşyp görerin, belki bu sapar maňa gülär.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 23.07.2026 15:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11279)
Maglumat üçin köp sag bolun. Menem geçen ýyl synanyşypdym welin, surat meselesinde ýalňyşlyk goýberip diskalife boldum, şonuň üçin surata gaty ünsli boluň!

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (535 oçko)
  2. selbiska (446 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...