Gurbanaly Magrupy (1734-1810)

0 ses
808
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Biýografiýa | 04.12.2018 12:04 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#249)
Gurbanaly Magrupy Ahalda dogulýar we ýemreli türkmenleriniň magruflar toparyndandyr. Harby maşgaladan, serdarlar neslinden bolupdyr. Arap we pars medeniýeti, ylymy we edebiýaty bilen çuň tanyş. Ahal – Eýran we Ahal – Hywa harby gatnaşyklarynda uly figura. Magrupy tekeleriň Ahala iýnmesi bilen öz ýemreli taýpasyna goşulyp, Ahaldan Mara, soň Amyderýa boýy bilen Horezme barýar, Köneürgençde ýaşaýar. Harby söweşlere gatnaşyp, Eýran feodallaryna ýesir düşýär, 6-7 ýyl bendilikde ýaşaýar. Onuň Yspyhan, Töwrizde bolany çak edilýär. Ol Magtymguly, serkerde Döwletýar, şahyr Gaýyby bilen dostlukda ýaşaýar. Liriki şygyrlara ussat. Milli epiki žanr Magrupynyň ady bilen bagly. Nezireçilikde "Seýpelmelek–Methaljemal" dessanyny ýazýar. "Döwletýar" eserini taryhy planda ýazýar. "Ýusup-Ahmet" ajaýyp milli nusgadyr. Onuň dowamy hökmünde "Aly beg we Baly beg" eserini taslaýar. Milli edebi hereketde ol Magtymgulynyň ýany bilen ýöreýär.
Magrupynyň "Zyba gerek", "Kanda bolar", "At ýagşydyr", "Bedew", "Ýigide", "Başy gerek", "Nedir", "Bilip bolmaz", "Şaltyk", "Gözele", "Gaýtgyl", "Olmaz", "Gül götär", "Watanym galdy", "Deňi-duşy begenmez", "Zamandyr diýme", "Hal galmaz", "Watanym galdy", "Işin tanymaz", "Ýatmagyn", "Harap eýledi", "Dert bile", "Karwan gelmese", "Işanym", "Har bilen", "Azdyra bilmez", "Daşyny şaýlar", "Bu dünýä", "Artyp baradyr", "Çilimkeş", "Aýan getirdi", "Nirde bitildi - şonda bitildi", "Istär köňül", "Süýthor", "Dünýäniň", we "Gurban erer" ýaly goşgylary bar.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:05 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#250)
Magrupynyň "Zyba gerek" goşgysy.

Agalar, ýagşy hatynyň
Kamaty köp zyba gerek,
Biri-birinden zyýada
Altyn saçy syýa gerek.

Ýagşy bir-birine duşsa,
Ryza bile läle guçsa,
Göz bile ümläňde düşse,
Ýary şondan ryza gerek.

Hudaýymdan köpdür umyt,
Goldan gelse, etsek haryt,
Ýüzi aý dek, dişi sepit,
Ýuzünde merhaba gerek.

Magrupy, çeksem ahy-zar,
Mydamdyr istegim didar,
Hahy erkek, hahy (naçar),
Ýüzünde bir haýa gerek.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:06 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#251)
Magrupynyň "Kanda bolar" goşgysy.

Eý, ýaranlar, halaýyklar,
Çyn gözeller kanda bolar?
Gün görmeýen melaýyklar
Ürgenç bile Hotandadyr.

Üstüne mahmal atdyran,
Ýüzüne perde tutduran,
Her ne diýenin etdiren
Näzli maral Buhardadyr.

Ala köýnek, dony belli,
Syýa gara saçy telli,
Uzyn boýly süýji dilli
Mylaýymlar özbekdedir.

«Alaý-şulaý!» diýip sözler,
Ýorga münüp, ýylky gözlär,
Sagrysy bäş garyş gyzlar
Gazak bile galpakdadyr.

Döwletýar beg diýr, öwmeli,
Ýakasy goşa düwmeli,
Başy tylladan egmeli,
Çyn gözeller türkmendedir.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:07 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#252)
Magrupynyň "At ýagşydyr" goşgysy.

Ýigide on bäş ýaşynda
Söýgüli arwat ýagşydyr;
Andan soň köňlüniň hoşy,
Ýarag bilen at ýagşydyr.

Yşksyz ýürekde dert bolmaz,
Zaty namartdan mert bolmaz,
Barça adam jomart bolmaz,
Jaýynda hümmet ýagşydyr.

Gel, nesihat eşit bizden,
Aşa tagam geler duzdan,
Märekede bijaý sözden
Gury üýren it ýagşydyr.

Ýigitlik bir gyzyl gülşen,
Garrylykda öçer röwşen,
Gylykly-da bolsa herçen,
Gözele summat ýagşydyr.

Atdyr ýigidiň ýoldaşy,
Oguldyr döwletiň başy,
Gyz-da bolsa koňül hoşy,
Ýigide zürýat ýagşydyr.

Ryzkyň dile gaýypdan,
Başyň gutulmaz aýypdan,
Heýwere näkes zagypdan,
Ötseň müjerret ýagşydyr.

Magrupy, bilgeniň söýle,
Goç ýigitniň waspyn eýle,
At bilen ýaragyň şaýla,
Duşmana haýbat ýagşydyr.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:07 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#253)
Magrupynyň "Bedew" goşgysy.

Hak ezelde halk eýlemiş,
Bir ajaýyp zatdyr bedew.
Jennet Byragy diýmişler,
Ýalançyda atdyr bedew.

Berse hanlar ýüz-müň tümen,
Sata bilmez seni münen.
Ak ýol kibi gyr-u-semen,
Çekilen bir hatdyr bedew.

Kakdyryp nalyn kümüşden,
Iýmiti dürli iýmişden,
Ýüwrüşi artykdyr guşdan,
Bahar öwsen batdyr bedew.

Goç ýigit münse üstüne,
Jyzasyn alsa destine,
Dest berse möwlam dostuna,
Ýigide gaýratdyr bedew.

Döwletýara ýoldaş boldy,
Muňly güni syrdaş boldy,
Maňa hemdem Serhoş boldy,
Ýalňyza zürýatdyr bedew.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:08 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#254)
Magrupynyň "Ýigide" goşgysy.

Eý ýaranlar, söweş güni
Ussat gerekdir ýigide;
Gözel allanyň yşkyna
Haýrat gerekdir ýigide.

Güni bile, aýy bile,
Ýörüň hakyň raýy bile,
Bir mynasyp taýy bile,
Zürýat gerekdir ýigide.

Jesedini oda ýakmaz,
Nämährem ýüzüne bakmaz,
Ýeke atdan tozan çykmaz,
Imdat gerekdir ýigide.

Bir hak çykmasyn ýadyndan,
Aýyrma köňül şadyndan,
Taňla gün dowzah odundan
Azat gerekdir ýigide.

Magrupy, ýar derdim bilse,
Her dem rehim eýläp gelse,
Bir amal eýesi bolsa,
Irşat gerekdir ýigide.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:10 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#255)
Magrupynyň "Başy gerek" goşgysy.

Eý ýaranlar, goç ýigidiň
Bir dil bilen başy gerek;
Ýa gylygy, ýa gylyjy,
Gazan içre aşy gerek.

Haky özüňe kyl dalda,
Bolmagyl özge hyýalda,
Ýa ogulda, ýa aýalda
Bir köňlüniň hoşy gerek.

Bir goç ýigidiň aşyna,
Deň-duşy gelse daşyna,
Ýowuz gün düşse başyna,
Jan köýer gardaşy gerek.

Arşa çykar perýatlaryň,
Hiç kim eşitmez datlaryň,
Hakykat perizatlaryň
Gözi bilen gaşy gerek.

Belli, alyjy ärleriň,
Rüstem Zal dek pälwanlaryň,
Magrupy diýr, çyn pirleriň
Gözleriniň ýaşy gerek.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:11 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#256)
Magrupynyň "Nedir" goşgysy.

Görüň, begler, ara açar,
Belki, Serhoşmydyr, nedir!
Gähi gonar, gähi uçar,
Göýäki guşmudyr, nedir!

Aýdyň, begler, boýun sunup,
Geler ýyldyz kibi süýnüp,
Beýge çykyp, pese inip,
Ýa üsti boşmudyr, nedir!

Depeler aňa ýol kibi,
Özi bir öwsen ýel kibi,
Daglardan inen sil kibi,
Bir daşgyn joşmudyr, nedir!

At üstünde bola bolmaý,
Ele gamçy ala almaý,
Oglan takat kyla kylmaý,
Gözünde ýaşmydyr, nedir!

Serhoş, diýseň serhoş özi,
Daň ýyldyza meňzär gözi,
Toýnagyndan çykan tozy
Atylan daşmydyr, nedir!

Döwletýaryň hak ýoldaşy,
Jany at — kowmy-gardaşy,
Ýaman gününde goldaşy,
Gelen Serhoşmydyr, nedir!
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:11 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#257)
Magrupynyň "Bilip bolmaz" goşgysy.

Ne hünäri bar ýigidiň
Garyplykda bilip bolmaz;
Garyplyk bir şum owkatdyr,
Kaza ýetmeý, ölüp bolmaz.

Görmän dünýäniň lezzetin,
Çekmän ahyret mähnetin,
Eýäm bermegen döwletin
Dogum bilen alyp bolmaz.

Owwalda olsaň hub idi,
Bermişem pendi-öwüdi,
Özi bolmadyk ýigidi
Märekäge salyp bolmaz.

Mert ýigitler hiç ölmese,
Namart dünýäge gelmese,
Zaty bigaýrat (bolmasa),
Il derdinden galyp bolmaz.

Magrupy çeker ahy-zar,
Meniň istegenim didar,
Ýaman bendeden hak bizar.
Ýagşydan aýrylyp bolmaz.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:12 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#258)
Magrupynyň "Şaltyk" goşgysy.

Dur gardaşym, senden habar alaýyn,
Artyknyýaz atly ýarym amanmy?
Selbi dek boýlary, aý dek ýüzleri,
Ak ýüzünde zülpi tarym amanmy?

Aby-zemzem suwy—çeşme bulagy,
Amanmyka gözelleriň awlagy,
Hindistanda biten Rumy tüwlegi
Samarkantda biten narym amanmy?

Ýadymdan çykarman her şamu-säher,
Ýaryldy ýüregim, tiz bergil habar,
Dilleri totuýa, lebleri semer,
Ak ýüzünde zülpi tarym amanmy?

Her agaçda alma bolmaz, nar bolmaz,
Çyn aşykda namys bolmaz, ar bolmaz,
Nikasyz ýarlardan maňa ýar bolmaz,
Bilbil uçan şol gülzarym amanmy?

On dördi gijäniň şam salan Aýy,
Iki aşyk aýrylşyp, boldy sähraýy,
Magrupy diýr, sen eýlegil haraýy.
Wadaly, wepaly ýarym amanmy?
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:13 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#259)
Magrupynyň "Gözele" goşgysy.

Owal başda bu dünýäge gelemde,
Bir ata aşygam, bir-de gözele,
Jäht ediban dünýä nazar salamda,
Bir ata aşygam, bir-de gözele.

Daşarda bir bedew köwlenip dursa,
Ak öýde bir gözel towlanyp dursa,
Allahym ikisin bir ýerde berse.
Bir ata aşygam, bir-de gözele.

Goýbereňde kuýan yzyn yzlaýan,
Gaňtaraňda, dag başyny gözleýän,
Ibrişim käkilli oglan gizleýän,
Bir ata aşygam, bir-de gözele.

Günde görsem on dört ýaşar gyz kibi,
Münen çagym köňlüm daşar ýaz kibi,
«Däh!» diýende daglar-daşlar düz kibi,
Bir ata aşygam, bir-de gözede.

Bir tar käkilini müň tümen diýr men,
Ýupar ysy gelen ýüz gyza bermen,
Münüp guwanar men, görüp doýar men,
Bir ata aşygam, bir-de gözele.

Saçlary serinden düşer ýüzüne,
Söweş güni gan tutular gözüne.
Dünýä maly hiç taý gelmez özüne,
Bir ata aşygam, bir-de gözele.

Döwletýar beg diýer, gördüm ertäni,
Hak ýagşy ýaratdy döwlet bersäni,
Söýmüşem dünýäde iki nersäni,
Bir ata aşygam, bir-de gözele.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:14 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#260)
Magrupynyň "Gaýtgyl" goşgysy.

Serdar, mundan gitseň Tähran ýurdyga,
Şanyň bergen malyn sür-de gaýtgyl!
Ýene gaýdyp öýli oglan dilese,
«Bitmez» diýip, jogabyn ber-de gaýtgyl!

Men biler men gyzylbaşyň alyny,
Çekiň hazynasyn, uruň malyny, .
Üç ýüz öýli ýigitleriň halyny,
Ne sylagy baryn gör-de gaýtgyl!

Ynangyl sözüme, hergiz lap emes,
On gyzylbaş bir türkmene tap emes,
Bilseň gyzylbaşyň köňli sap emes,
Kerweni ýoluksa, ur-da gaýtgyl!

Dostum, yrak bolgul beýle mähnetden,
Gaçawergil şa gazapdan, töhmetden,
Tährandaky üç ýüz öýli ýomutdan
Gelerin, gelmezin bil-de gaýtgyl!

Magrupy diýr, arzym anda ýetirseň,
Ýarlygymny şa aldynda ötürseň,
Gyzylbaş ýörese, habar getirseň,
«Bähbit» diýip, tizden bar-da gaýtgyl!
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#261)
Magrupynyň "Olmaz" goşgysy.

Goç ýigidiň tagrypyny diýeli,
Dessanyň sözlesem tükenmez olmaz.
Hak özi kuranda diýmiş simahum,
Ynsan mundan artyk Isgender olmaz.

Ylaha, bir ýigit dogupdyr munda,
Ne tesawwur malda, ne şirin janda,
Ýagşy gelip geçen köpdür jahanda,
Munuň dek bir ýigit jahana gelmez.

Kimsäýe atyn biýr, kimsäýe donun,
Kimsäýe bäş berer, kimsäýe onun,
Bir kimse harç etse dünýälik malyn,
Ýagşy men diýenler andan zor olmaz.

Tomaşa tasawwuk eden sözleri,
Şerafatly mydam güler ýüzleri,
Şerigat, tarykat hakyň yzlary,
Şerapatda, meger, perişte bolmaz.

Bir merdi dost tutdum deşti-sährada
Ne manzury malda, ne şirin janda,
Döwletýaryň dosty çohdur jahanda,
Jahanda hiç biri mun deý jan olmaz.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#262)
Magrupynyň "Gül götär" goşgysy.

Bahar eýýamynda gögeren zatlar,
Owwal gögär, soňrasyndan gül götär;
Temurler jem bolup, baryr gül kibi,
Akyl eýläň, dostlar, sizi pul götär.

Bäş wagtyň goýmagyl, aýgyl senany,
Höwes etseň jennetdäki jenany,
Dagdan-daşdan beter agyr günäni
Gybat bilen ýalan sözlän dil götär.

Üstüme allanyň rahmeti ine,
Köňlümiň derýasy dolsa hem syna,
Owal eşek münen soňra at müne,
Özün bilmez howa eýläp, dil götär.

Möwlam ýalan eder ýaman diňňäni,
Özüň öwüp, syndyrmagyn öňňäni,
Bäş ýüz kişä güýç bermedik töňňäni
Gudrat bilen baran ýagsa, syl götär.

Kimseler molladyr, kimse bagşydyr,
Kimsäniň gözünde gözel nagşydyr,
Magrupy diýr, andan it hem ýagşydyr,
Maly bolar, her işikde gol götär.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:16 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#263)
Magrupynyň "Watanym galdy" goşgysy.

Agalar, arzymny beýan eýlesem,
Durun, Mehin atly watanym galdy;
Gat-gat düşek düşäp üçek üstüne,
Mest olup, agdarlyp ýatanym galdy.

Bir şahyny alamana (çaglaryn),
Lap eýlesem, on kişini eglärin,
Gyzylbaşyň ýurt soran beglerin
Eltip Harazminde satanym galdy.

Gökdepe, Bähre il, Ürgençdir ýurdum,
Bamydyr leňňerim, arslanym-şirim,
Hoja Alamberdar — bir gözli pirim,
Gum ýassanyp anda ýatanym galdy.

Aç gurt idim, aljak ýerim düşlärdim,
Ýaby münüp, has bedewler uşlardym,
Durunda ýazlaýyp, Mehin gyşlardym,
On gije-gün toýlar tutanym galdy.

Magrupy diýr, gül aýrylsa zaglardan,
Sowuk suwly, ter çemenli baglardan,
Altmyş başly, ala garly daglardan
At münüp, üstünden ötenim galdy.

Ata-baba tutan datly watanym,
Köp bagly-bostanly watanym galdy;
Almaly, engurly, şirin-şerbetli,
Gezmäge sapaly watanym galdy.

Daglarynda dürli giýah gögeren,
Çeşmelerde keýik, gulan suwlanan,
Köllerinde ördek, sona awlanan,
Hoş sapa, hoş maza jaýlarym galdy.

Margyzda ýaýlardym, gumda gyşlardym,
Aç gurt idim, alar awum duşlardym,
Ýorga münüp, ýüwrük bedew uşlardym,
On gije-gün tutan toýlarym galdy.

Garaseňir, Jamly, Döwletdir jaýym,
Tutluda, Furanda köp bolar baýym,
Meni şondan aýra saldyň hudaýym,
Kesetekden şaňlap ötenim galdy.

Hiç kimge bu pelek bermez wepany,
Köplerden galmyşdyr köne watany,
Segredip bedewni, uşlap tutany,
Ala dyrmyk öýler çatanym galdy.

Magrupy, sen saýrat bäş gün tiliňni,
Kaza oky gelmezden ýeň tiliňni,
Ýat etme, gam tutma oşal göwnüňni,
Garkyldaşyp ýatan köllerim galdy.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:16 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#264)
Magrupynyň "Deňi-duşy begenmez" goşgysy.

Bir ýigidiň mylakaty bolmasa,
Ol ýigidiň deňi-duşy begenmez;
Hakykat, çyn ýola düşen derwüşler
Dünýäde lezzeti, hoşy begenmez.

Aşyk yşk bahryny, derýasyn boýlar,
Ýamandan daş gaçar, boýuny saýlar,
Çopan päkisini, çakmagyn şaýlar,
Almaz atly baha daşy begenmez.

Öldürse — kazydyr kapyrny çapan,
Magşarda hülledir — don munda ýapan,
Öz öýünde gury nany az tapan,
Kişi öýünde her bir aşy begenmez.

Biler sen jahanda galmazlar abat,
Jan guşy tutulyp, gurular saýýat,
Pir-ustatdan taglym (almagan) ustat
Öz işinden özge işi begenmez.

Magrupy diýr, haýran saňa älemler,
Öwlüýäsin, dinin ýakar zalymlar,
Şerigatdan pähim bolmaý alymlar
Gury her bap üçin başy begenmez.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:17 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#265)
Magrupynyň "Zamandyr diýme" goşgysy.

Gel, köňül, nesihat eşitgil bizden,
Biwepany baky zamandyr diýme;
Hakyň ryzasyna bagla biliňi,
Herne hökm eýlese, ýamandyr diýme.

Ajal gelse, bir dem goýmaz zamanyň,
Ganymat bil munda galsa nyşanyň,
Gahar aklyň alar, kine imanyň,
Ynan bu sözlere, gümandyr diýme.

Galandar dek geýen köne şalyňa,
(Aşak) tut päliňi, pikir et halyňa,
«Döwletim» diýp guwanmagyl malyňa,
Ogulsyz döwleti döwrandyr diýme.

Ýatma, ahyretiň tohmun ekewer,
Gözleriňden ganly ýaşlar dökewer,
Köp ýalbaryp, mert minnetin çekewer,
Muhannes ähline zamandyr diýme.

Söweş gün ýesiri bolsaň bir merdiň,
Harç etgin hünäriň, goç ýigit gördün,
Ýoldaşyny taşlap gaçan namardyň
Ölende hemrahy imandyr dýýme.

Tagat bilen ötür ýaz bilen gyşy,
Gözleriňden akdyr gan bilen ýaşy,
«Dogry ýola gir» diýp urgan derwüşi
Dost bilgin özüňe, duşmandyr diýme.

Gel imdi, Magrupy, tany ýoluňy,
Köp hetdiňden aşma, bilgil halyňy,
Il derdine sarp eýlegen malyňy
Peýda bil özüňe, zyýandyr diýme.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#266)
Magrupynyň "Hal galmaz" goşgysy.

Döwlete ynanma, biakyl adam,
Baky degil, pany geçer, hal galmaz;
Tekepbir kylmagyl, menlik eýleme,
Bu bäş günluk döwran gider, mal galmaz.

Kesiler söhbetler, ýat olar sazlar,
Köl içinde gezen ördekler, gazlar,
Mestana juwanlar, serhoşly gyzlar,
Döwran gider, söhbet gider, il galmaz.

Ýigide ölinçä ýagşy at gerek,
Aýal gerek, zürýat gerek, at gerek,
Baryşmaga, gelişmäge ýat gerek,
Dyz büküler, kuwwat gider, bil galmaz.

Magrupy, sen bu ýollardan çykmagyl,
Düzülgen ribatdyr, diniň ýykmagyl,
Nämähreme nazar salyp bakmagyl,
Çeşmiň gider, süňküň çüýrär, til galmaz.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:21 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#267)
Magrupynyň "Işin tanymaz" goşgysy.

Döwlet gelse bedasyla bir pasyl,
Bilmez özün, eden işin tanymaz;
Bir namart ugrasa bir gün ganyma,
Reňgi gaçar, akyl-huşun tanymaz.

Çust berip şemşire, salgyl jydany,
Batyra eýlerem janym pidany,
Goç ýigide bir görsetse meýdany,
Baş gyzar, söweş gün läşin tanymaz.

Ölmez jaýda namart bat biýr özüne,
Söweş güni gara çalar ýüzüne,
Köp muhannes aýalynyň sözüne, —
Uýar aňa, kowmy-hyşyn tanymaz.

Bir goç ýigit arman çeker aç bolsa,
Merdanalar il başyna täç bolsa,
Bir gün söweş gurlup, gaçha-gaç bolsa,
Muhannesler deňin-duşun tanymaz.

Magrupy diýr, abraý etseň, at galar,
Pelek aýra salsa, dostlar ýat galar,
Bu dünýä bil baglan ahyr mat galar.
Ýyglar gider, gözde ýaşyn tanymaz.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:21 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#268)
Magrupynyň "Ýatmagyn" goşgysy.

Göwnüm, saňa bir nesihat bereýin,
Gapyl, gaflat içinde sen ýatmagyn;
Bir kişi «gel» diýip, innek etmeýin,
Öz göwnüňden gubar baglap gitmegin.

Tanyrmyň göwheri — bir zerre daşdyr,
Tanalmadyk ýerde bahasy bäşdir,
Akly bolan biler, bu dünýä hiçdir,
Tanalmagan ýerde gadryň satmagyn.

Bihuda gezmegin, uçrarsyň derde,
Ryzkyň bolsa, alla ýetir her ýerde,
«Aç» diýip gaýgyrma, dogry bar merde,
Zynhar muhannese ýüzüň tutmagyn.

Magrupy, sen guwanmagyn malyňa,
Magşar güni serederler halyňa,
Eden işiň bir-bir geler alnyňa,
Halal malyň haramyňa gatmagyn.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 04.12.2018 12:22 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#269)
Magrupynyň "Harap eýledi" goşgysy.

Eý ýaranlar, geldi ýaman zamana,
Zalymlar ülkäni harap eýledi;
Derwüşler mest olup, gaýtmaz haramdan,
Mollalar içenin şerap eýledi.

Aradan kesildi azany-kamat,
Galmady illerde ähli-diýanat,
Patyşalar kylmaz boldy adalat,
Şalar nökerine azap eýledi.

Bilip, özün dogry ýola salmazlar,
Jahyllar zahytlar gadryn bilmezler,
Kazylary adyl diwan sormazlar,
Para alyp, (birege) güzap eýledi.

Biliň, kiçiklerde iba galmady,
Taňry takdyryna ryza galmady,
Ekseri gyzlarda haýa galmady,
Ogul atasyna jogap eýledi.

Magrupy diýr, garyp guluň adyna,
Hak sungundan her söz düşer ýadyna,
Şibli kibi ýansam yşkyň oduna,
Yşk meniň bagrymy kebap eýledi.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 05.12.2018 03:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#270)
Magrupynyň "Dert bile" goşgysy.

Gel köňül, başyňy çykar dumandan,
Ýeke galdyň gam öýünde dert bile;
Namart bilen uzak ýola gitmegil,
Baş goşawer bir töwekgel mert bile.

Çyn ärler iblisiň sözüne gitmez,
Munapyklar hakyň emrini tutmaz,
Iman bilen şeýtan bir ýerde ýatmaz,
Niçik mydar tapar goýun gurt bile.

Jan şehrinde ajal guşlary ýaýnar,
Köňlümiň derýasy möwç urar — gaýnar,
Gäwban ogly doňuz bile it oýnar,
Beg balasy sadranç oýnar nert bile.

Çyn derwüş köňlüniň bolmaz ýalany,
Ýakyn gelse ahyrzaman nyşany,
Muny bilgil, ykrar saklar imany,
Dawa artar, ant içerler şert bile.

Magrupy diýr, ýedi yklym çöl galar,
Ne beg galar, ne han galar, gul galar,
Ne dag galar, ne düz galar, il galar.
...........................
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 05.12.2018 03:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#271)
Magrupynyň "Karwan gelmese" goşgysy.

Bilmenem ne syrdyr, niçik gerdişdir,
Mundan anda giden karwan gelmese;
Bilmenem magşarda ne bolar halym,
«Ummat» diýip, pahry-jahan gelmese.

Bilbili aýyrma näzenin gülden,
Şuňkarym uçurma serimden, goldan,
Ýaranlar, bereket aýrylar ilden,
Ýerden zat çykmasa, baran gelmese.

Bu bäş günlük döwran bizden geçende,
Gara ýer — aždarha agzyn açanda,
Göwher peýda bolmaz derýa içinde,
Gudrat bilen ebri-neýsan gelmese.

Aýrylyp men ganatymdan, ýelekden,
Gutulmadym bu söwdadan, kelekden,
Zor eýledi, giläm çohdur pelekden,
Hak özünden derde derman gelmese.

Günäkärem, howpum köpdür, gümanym,
Magşar güni ýoldaş bolsa imanym,
Magrupy diýr, bişek çykadyr janym
Ol hak resul atly ýaran gelmese.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 05.12.2018 04:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#272)
Magrupynyň "Işanym" goşgysy.

Haky pena bilip, saňa sygynyp,
Yhlas bilen ýörip geldim, işanym!
Ikinji Haýdaryň ýolunda ýörüp,
Üçünji äleme doldum, işanym!

Toýnak bilen dagyn-daşyn uşatdym,
...........................
Çoh işler gaýyryp, gala boşatdym,
Aly Zülpükaryn çaldym, işanym!

Köňül guşy perwaz eder mesgen diýp,
Ýüz elwan bag diýip, täze gülşen diýp,
Owaly huda diýp, ahyry sen diýp,
Ýörip, uzak ýoldan geldim, işanym!

Aç gurt idim, niçe guýruklar gapdym,
Azyp idim, özüm pälimden tapdym.
Pil bilen göreşip, guş bilen çapdym,
Paýlar şikest bolup galdym, işanym!

Bir ýryň yzynda ah bilen zaram,
Hakyn dergahynda umydywaram,
Karzdaram, borçdaram, namarda zaram,
Magrupy diýr, saňa geldim, işanym!
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 05.12.2018 04:19 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#273)
Magrupynyň "Har bilen" goşgysy.

Bedasyllar tutdy älem ýüzüni,
Bedewler deň boldy syýa-har bilen;
Bat göterip bilmez hergiz özüni,
Gije-gündiz küý-pikiri şer bilen.

Uluglaryň nesihatyn almady,
Tekepbirlik eýläp, özün bilmedi,
Şägirt ussadyna hyzmat kylmady,
Mürit gelip, dawa eýlär pir bilen.

Bir kelpese tap gelmeýdir müň (bir) ap,
Ynan, bu sözümde ýokdur hiç hylap,
«Är men» diýip urar öýünde çoh lap,
Işi ýokdur namys bilen, ar bilen.

Gullar hojasyna kylmaz endişe,
Özüni tanamaz, talaşar başa,
Halaýyklar, muňa kylyň tomaşa,
Tilki, garsak jeň eýleýir şir bilen.

Aldanarlar biwepanyň görküne,
Derwüşler gabaldy ýeriň berkine,
Pakyrlary goýman hergiz erkine,
Pukaranyň malyn iýrler zor bilen.

Magrupy diýr, yşksyz hiç ýürek daşmaz,
Pähm et, altyn mise hergiz garyşmaz,
Gör, pehimsiz gullar magnyga düşmez,
Guş howaga uçar balu-per bilen.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 05.12.2018 04:19 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#274)
Magrupynyň "Azdyra bilmez" goşgysy.

Towfyky-hedaýat peýweste hakdan,
Şeýtan ol bendäni azdyra bilmez;
Huda her kimsäge çoh döwlet berse,
Hiç kim ol döwleti ýazdyra bilmez.

Ýat ediňler, dostlar, haky her deme,
Aýtmaň nesihaty, zynhar, bigama,
Yşkyň ody ýetişmegen adama
Bu otlar gyzdyryp, kär ede bilmez.

Çeker bolduň bu dünýäniň apatyn,
Gaflatda geçirdiň mydam sagatyn,
Çyn derwüşler gije kylar tagatyn,
Ilden pynhan eder, syzdyra bilmez.

Bu gamdan çykmaga galmady erkim,
Kem-artyk kuwwatym, aýryldy görküm,
Meniň bu derdimi çekalmas her kim,
Her kim yşk oduna döz dura bilmez.

Magrupy, sen bolduň güwä talyby,
Bir parça gam döwran boldy nesibi,
Bu dertlerni owal ýazdy kätibi,
Tebipler bu dertni bozdura bilmez.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 05.12.2018 04:20 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#275)
Magrupynyň "Daşyny şaýlar" goşgysy.

Küffar ähli bilmez otga köýerin,
Özleri ürç edip, läşini şaýlar;
Resul kaýsy, Aly kaýsy näbilsin,
Butparaz «taňrym» diýp, daşyny şaýlar.

Ýagşy ogul — bilseň köňül çagydyr,
Ýoksuzlykdan iki golum baglydyr,
Ýaman hatyn ýygan malyň dagydyr.
Ýagşy hatyn öýüň goşuny şaýlar.

Könlüniň bir zerre bolmaz ynsaby,
Daşdan owsun urar, nebsiň bir apy,
Görüň, şu eýýamda bir niçe sopy
Ilden almak üçin peşini şaýlar.

Akly ýetmez ýagşy bilen ýamana,
Keramatyn eýlär halka beýana,
Nebs ugrunda heläk bolan diwana
Jinde, kulah geýip, daşyny şaýlar.

Hijranyň golundan örtenip, köýüp,
Meşhur olup, ile dessanyn ýaýyp,
«Bu sözümniň ýokdur hylafy» diýip,
Magrupy şahyrlyk işini şaýlar.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 05.12.2018 04:20 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#276)
Magrupynyň "Bu dünýä" goşgysy.

Gapyl adam, magrur olma panyga,
Tutdum-tutdum diýseň, gaçar bu dünýä,
Rehmi ýokdur, zulmy çohdur adama,
Gije-gündiz ganyn içer bu dünýä.

Nesihatym budur, diýem sizlere,
Yhlas bilen gulak tutuň sözlere,
Owwal aldap, hoş söz berer bizlere,
Bir gün daşymyza geçer bu dünýä.

Bir bazygär, aldap aýyrmaz gözden,
Gel imdi raýyňdan gaýdawer tizden,
Başyňdan-aýagyň bäş gary bizden,
Bir gün saňa bir don biçer bu dünýa.

Gezdiň imdi gara bagryňgan eýläp,
Ne ýygar sen derdeseriň kän eýläp,
Bir gapydan girdim diýr sen jan eýläp,
Ýene bir gapyny açar bu dünýä.

Magrupy diýr, kimsäni şa eýleýip,
Kimni derwüş, kimni geda eýleýip,
Aldap utar bizi gümra eýleýip,
Gardaşlyga beýle naçar bu dünýä.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 05.12.2018 04:20 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#277)
Magrupynyň "Artyp baradyr" goşgysy.

Gardaşlar, ne derman alaç kylaýyn,
Ýyl-ýyldan usýanym artyp baradyr;
Jan algyjy ulug Ezraýyl biziň
Tutup ýakamyzdan, dartyp baradyr.

Gör, eýýamyň sopusyny, pirini,
Alar haram eger bilse ýerini,
Gör, gardaşym, şum ajalyň şerini,
Garbalap, basalap, ýyrtyp baradyr.

Eý byradar, söýme loly aýaly,
Aldar seni, azdyr, köpdür hyýaly,
Bu dünýä bir kör syçan dek mysaly,
Kökümizden bir-bir kertip baradyr.

Bir kimseler gezer akyl gallajy,
Imanyny aldyr, galar ýyl ajy,
Niçik bolar bu şeýtanyň alajy,
Azdyryp, goltukdan dürtüp baradyr.

Bahry-usýan derýasyna batyp sen,
Kän jöwheriň ýeke şaýa satyp sen,
Eý Magrupy, ne bihuda ýatyp sen,
Özüňden kiçiler ýortup baradyr.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 05.12.2018 04:21 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#278)
Magrupynyň "Çilimkeş" goşgysy.

Her zaman gol salyp, kisesin barlap,
Köp dünýäsi bara meňzär çilimkeş;
Yzzat bilip, bir-birine hödürläp,
Geň tagamy bara meňzär çilimkeş.

Bir oba gelende, götinläp durar,
Hemrasyny egläp, ýolundan burar,
Aza-köpe baryp, özüni urar,
Zerur işi bara meňzär çilimkeş.

Içinden urnukdyr, zor berip seplär,
Ýere elin berip, egiler, toplar,
Ol aýyt çagynda «suw» diýip geplär,
Bir ýetmezi bara meňzär çilimkeş.

Bir ajy tütüni içine salar,
Aklyny, huşuny, güýjüni alar,
Keýpi çoh gelende, syryny aýar,
Maslahaty bara meňzär çilimkeş.

Magrupy diýr, aýtsam çilim şanyna,
Ülpetleri köp ýygylar ýanyna,
Zyýany köp bolar güýç, imanyna,
Bir kysym gedaýa meňzär çilimkeş.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 05.12.2018 04:21 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#279)
Magrupynyň "Aýan getirdi" goşgysy.

«Zeburny» Dawuda, «Injilni» Isa,
«Töwratny» Musaga aýan getirdi;
Hak ilçisi bir gün Jebraýyl emin
«Oka» diýp, resula «Gurkan» getirdi.

Çoh müňni aldady dünýäniň mähri,
Bir gün talh eder agzymy zähri,
Ol Rumy-Haýbaryň möhteşem şähri
Alynyň zarbyndan iman getirdi.

Aldag bilen Ýezit geçdi daşyna.
Rehm etmedi gözden akan ýaşyna,
Kerbelada Ýezit Husaýn başyna
Göýä, diýr sen, ahyrzaman getirdi.

Hak permany bile kazasy ýetip,
Ol eziz jismini gara ýer ýutup,
Melekler ýyglaşyp, pelek ýas tutup,
Üç güne çen älem duman getirdi.

Sahabalar sordy, berdi öwüdi,
«Sen ölinçäň bizler ölsedik» diýdi,
Omaryň jeňinde ölen ýigidi
Doga bilen resul aman getirdi.

Bu jahanda menşur olup Magrupy,
Maly-mülküň manzur olup Magrupy,
Biwepaga magrur olup Magrupy,
Sud istäp, özüne zyýan getirdi.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 05.12.2018 04:22 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#280)
Magrupynyň "Istär köňül" goşgysy.

Owwaly kadyr hudadan bir mydar istär köňül.
Çün arasat ýowmuda agmal (gerek) istär köňül,
Wasla wasyl bolgujy jan içre jan istär köňül,
Gylsyratdan geçmäge türgen rowan istär köňül,
Jaýymyz jennetde bolsa, jawudan istär köňül.

Dürli näzu-nygmat olsa, iýmäge bolsa palaw,
Egnime geýgen lybasym ýüz tümenlik al-ýalaw,
Ol bedew dursa gapyda hoş gylykly, hoş jylaw,
................................
Jüpbe, jöwşen, zülpükar, tiri-keman istär köňül.

Söwdagärim sud üçin Balhu-Badahşan gitseler,
Eşrefi, göwher çyragy, lagly-merjen satsalar,
Gelse myhmanhanaga, gullar agyny tutsalar,
Daşy mermer ak otagda daýyma hem ýatsalar.
Ança döwlet, munça nobag, şunça kän istär köňül.

Işigimde dursa daýym meniň üçin halypam,
Şa-geda gelse danyşyp, görseler az-köp tamam,
Zikri haknyň ýoluda tagatny kyldym elmydam,
Sopular berse azany, kazylar bolsa ymam,
Tilleri burra bolan hagmy-kuran istär köňül.

Gussadan dür eýlegil, köňül mydama şat gerek,
Dört daşymda jan ýanan gardaş gerek, imdat gerek,
Hak ýene kylsa miýesser hem ýakynu-ýat gerek,
Bu köňülniň hoşlugy ýalançyda zürýat gerek,
Dünýäde ýansa çyragym, bir nyşan istär köňül.

Bar ylaha, Magrupy, gulnuň köňlün kyl serferaz,
Hajatyny kyl rowa, tagatny ger köp kylsa az,
Emri boldy bizlere haju-zekat, ruza, namaz,
Hanymanym, herne barym ýoluda kylsam nyýaz,
Aby-köwser, selsebil, hüýri-jenan istär köňül.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 05.12.2018 04:22 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#281)
Magrupynyň "Süýthor" goşgysy.

Hasrat ile iýmez-içmez, gorkakdyr süýthor,
Gije ýatmaz, gündiz dynmaz, munça sakdyr süýthor.
Dogry bolmaz, tiz basyň, egri taýakdyr süýthor,
Özüni adam tutar, köp bisyýakdyr süýthor,
Gaç kesapatdan ýagynda, hemtabakdyr süýthor.

Ýadyna salmaz ölüm, diýmez: «Hudaýym bardyr!»,
Ýokdur Jennetden umydy, Dowzaha taýýardyr,
Adamynyň ednasy hem aglasy süýthordyr,
Süýthordan ol Huda birle resuly bizardyr,
Ahyret gaýgysy birle işi ýokdur süýthor.

Süýthor anda — Huda dergähinde şermendedir,
Dünýä diýp ýüwrüp, ýelip, daýym işi pul teňňedir,
Haýyr kylmaz hiç kime, anlarga Uçmah kandadyr!
Höregi gam-gaýgydyr, günde ýüz müň oýdadyr,
Ol ýygyn birle bolar, Dowzahda tenhadyr süýthor.

Ýanynda haýr-u-sahawatdan gep urmaňlar gaçar,
Iýgeni çirkin nejisdir, daýyma awy içer,
Ýa kitap «Kuran» okalsa, diňlemeý, ara açar,
Roza tutmaz hem namaz, bilmez, bu dünýäden geçer,
Bihabardyr ahyretden, wehmi ýokdur süýthor.

Magrupy, şat olmadym, gezdim jahanny her zaman,
Nebsi Şeýtandan gutaryp, sen salamat, kyl aman,
Men ki bir asy günähkär, il arasyda ýaman,
Şul jähetden howp eder men, bolmasyn ahyrzaman,
Rahaty ýokdur aňa, gorgeý syýasat süýthor.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 05.12.2018 04:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#282)
Magrupynyň "Dünýäniň" goşgysy.

Eý köňül, söýme gülün, hary köpdür dünýäniň,
Mal bilen aldar seni, aýýary köpdür dünýäniň,
Perdeýi diniň ýakar, zengary köpdür dünýäniň,
Söhbetinde bolmagyl, hummary köpdür dünýäniň,
Kyl hezar, elbetde, sen, murdary köpdür dünýäniň.

Surat eýläp tä ezel, berdi saňa akly bejan,
Rahat istäp köhüňni, gaflatda goýma bir zaman,
Tä ajal ýeten güni, basgaý garaňky bir duman,
Ýüz ukybet birle gelgeý, hem ýene ahyrzaman,
Owwal etmesdir wepa, aýýary köpdür dünýäniň.

Terki sünnet olmaýyňyz, ahyr öler siz bir güni,
Terki sünnet eýlegen görmez resulnyň görküni,
Aýş-u-aşret, mal-u-mülküň, pany ol magşar güni,
Ýygdy dünýä, ýuwutdy, gör, Karunga bermez erkini,
Sudy ýok, gaýgysy çoh, bazary köpdür dünýäniň.

Asylarnyň derdine boldy Muhammet pişgadam,
Dogry ýoldan özgäni, alma köňülge, kyl adem,
Taňry zikrin dilge al, mümin nyşany bu ylym,
Gözde ýaşyňny syýah et, kirpigiňni kyl galam,
Ýogsa ýoldan azdyrar, Şeýtany köpdür dünýäniň.

Ýygmadylar dünýäni, geçdi, görüň, dosty agla,
Zülpükardan özgäni tutmady ol şire Huda,
Ol Zebihulla berur başyny, hak ondan ryza,
Salma köňlüň her tarap, okalar bir gün kaza,
Hilesi köp, jilwesi, mekgary köpdür dünýäniň.

Hasyl eýle ömrüňi, eýläp senany dünýäde,
Terki dünýä eýlegil mülki penany dünýäde,
Geç bu jandan, kyl talap, mülki bakany dünýäde,
Munça köp tesnip çekip, kylma jepany dünýäde,
Bu ömür üçin anyň, kärbary köpdür dünýäniň.

Mal-u-mülkünden geçip, sen, kybla sary çek özüň,
Hak işin terk eýleme, gaflatny goý, sargat ýüzüň,
Mesjitden çykma, aman kyl, gol gowuştyryp, çökdür dyzyň,
Mundan artyk ne bolar, kylmaz wepa sansyz sözüň,
Magrupga nehý etgiji inkäri köpdür dünýäniň.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 05.12.2018 04:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#283)
Magrupynyň "Gurban erer" goşgysy.

Eý «elip» dek kamatyň görgeç akyl haýran erer,
«Bi» myradyň çoh erer, senden dileg çendan erer,
«Ti» töwekgel eýlesem, husnuňa çün arzan erer,
«Si» sowabymny kabul kyl, rahmetiň çün kän erer,
«Jim» jemalyň görset eý, janym saňa gurban erer.

«Hi» haýal eýlep ulusdan eýleşip eý dilruba,
«Hy» hyýalym sen erer sen eýleýip ýarym neda,
«Dal» delil ýokdur saňa hökmündedir älem huda!
«Zal» zelalatlyk bile ömrümni ötgerdim riýa,
«Ri» rahym-a gözde ýaşym derýasy bipaýan erer.

«Ze» zebun boldy bu halym, günbe-günden artdy dert,
«Sin» sepit ruhum meniň hijran gamy çün artdy zert.
«Şin» şerigatnyň ýoluny älemge kylsam pert-pert,
«Sad» syýahy jahyl ähli oýnaşar sadranju-nert,
«Zad» zaýyg geçdi ömürim, imdi men puşman erer.

«Taý» tarykat ýoluda janymny men kylsam pida,
«Zaý» zuhur olmuş jahanda gudratyň höküm huda,
«Aýyn» aýnymdan akan ýaş ile eýlerem neda,
«Gaýyn» gaýrat eýleýip, janymny men kylsam pida,
«Fi» pyrak oduna düşdum, gerdişim efgan erer.

«Kap» kararym galmady aşyk bolup rugsaryňa,
«Käp» gelip sorgul bu halym, rehim kyl bimaryňa,
«Mim» melamatlyk bile ömrümni ötgerdim riýa,
«Lam» lagyly-şerbeti çün noşy kyl naçaryňa,
«Nun» nykabyň aç ýüzüňden misli bihemta erer.

«Waw» waweýla diýip, halyňy niçik bolgysydyr,
«Hi» heläk bolup, yzyňda aglaýyp galgasydyr,
«Lam-elibu» — laýezal hak barçany algasydyr,
«Ýa» rahym-a, gözýaşym, derýa kibi dolgysydyr;
Dünýä bir kerwensaraý, Magrupy bir myhman erer.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 05.12.2018 04:34 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#284)
Magrupy we Gaýybynyň  "Aýdyşyk" sorag-jobagy.

Magrupy:
Bizden salam bolsun molla Gaýyba,
Dünýäniň binasy haçan tutuldy?
«Küntü kenzen mahfiýýenden» habar ber,
Kelemeýi-şahadat nirde bitildi?

Gaýyby:
Gaýry salam bolsun molla Magrupa,
Hak «Kün!» diýdi, şol gün bina edildi.
Tuby agajynyň ýapraklaryndan,
Kelemeýi-şahadat şonda bitildi.

Magrupy:
Hak owwal namany kime okatdy,
Ol kim idi okaban özün unutdy,
Adamdan ileri niçe kowum ötdi,
Dergada haýsynyň sözi tutuldy?

Gaýyby:
Hak owwal namany Adam okatdy,
Okaban Ezraýyl özün unutdy,
Adamdan ilgeri Benijan ötdi,
Dergada Resulyň sözi tutuldy.

Magrupy:
Haýsy günde bina etdi ol guşy,
Niçedir ganaty, guýrugy, başy,
Höregi nämedir, niçedir başy,
Niçe müň ýyldan soň başy ýetildi?

Gaýyby:
Penşenbe gün bina etdi ol guşy,
Dört bolar ganaty, guýrugy, başy,
Höregi darydyr, elli müň ýaşy,
Elli müň ýyldan soň başy ýetildi.

Magrupy:
Suwdaky balygyň puşty nä çenli?
Üstündäki gäwiň göşti nä çenli?
Ol arşy agzamyň hyşty nä çenli?
Niçe melek hasabynda bitildi?

Gaýyby:
Suwdaky balygyň uludyr puşty,
Ýedi müň ýedi ýüz batman ol gäwniň göşti,
Gudrat bilen salyndy agzamyň hyşty,
Dört melaýyk hasabynda bitildi.

Magrupy:
Bilermi sen haly nedir, boş nedir?
Jeset nädir, menzil nedir, guş nedir?
Ol ne bazar, gymmat baha daş nedir?
Kimiň daşy kem bahaga satyldy?

Gaýyby:
Eger bilsem, haly budur, boş budur,
Jeset menzil, janyň gerek, guş idir,
Ol imanyň gymmat baha daş idir,
Şeýtan daşy kem bahaga satyldy.

Magrupy:
Magrupy diýr, ne kysmata ýazyldy?
Ol ne zynjyr bir-birine düzüldi?
Niçe ýylda wagty ýetip üzüldi?
Aý bilen Gün haýsy wagtda tutuldy?

Gaýyby:
Gaýyby diýr, gurbat bilen ýazyldy,
Gije-gündiz bir-birine düzüldi,
Sansyz ýylda wagty ýetip üzüldi,
Aý bilen Gün harasatda tutuldy.

Bu Entryni Paýlaş !

    Baýraklar
    • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
    • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
    • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
    ...