Soňky 6 ýylda Türkmenistanda internet 18 esse arzanlady

+3 ses
267
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 05.01.2019 18:47 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#296)
Türkmenistanda çäksiz internet hyzmaty boýunça tölegler 2012-nji ýyldaky möçberi bilen deňeşdirilende häzir, ortaça, 17,4 esse arzanlady diýlip, internet çeşmelerinde aýdylýar. Arzanlaşyk bilen bir hatarda soňky ýyllarda ýurdumyzda çäksiz internetiň mümkinçilikleri artdyrdyryldy, tizligi hem güýçlendirildi.
Maglumatlara salgylansak, 2012-nji ýylda öýüne 256 kbit/s tizlikdäki interneti birikdirmek isleýän müşderi her aýda 2 müň 430 manat töleg geçirmeli bolýardy. Häzirki wagtda bolsa şu tizlikdäki çäksiz internetiň aýlyk bahasy şäher ýerlerinde 150, oba ýerlerinde 75 manada geldi.  Bu bolsa ozalkysyndan 16-dan 32 essä çenli arzan diýmekdir.
Gürrüňi edilýän döwürde 2 Mbit/s tizlikdäki çäksiz internetiň bir aýlyk bahasy 19 müň 440 manatdy. Häzir bolsa ol aýda 350 manada çenli geldi. Şeýlelikde, ýokary tizlikdäki çäksiz internet ozalkysyndan 55 esse arzanlady.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan halka berilýän internet hyzmatlarynyň mundan beýläk hem elýeterli bolmagy üçin işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda on müňlerçe hojalyk çäksiz internet hyzmatyndan peýdalanýar. Ýakyn ýyllarda ýurdumyzda internet ulgamynyň tizligini sekuntda 100 gigabite çenli ulaltmak göz öňünde tutulýar.

ÇEŞME: türkmen portal

15 Teswir

+2 ses
Awtor: (Magistr) | 06.05.2026 02:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4190)
Arzanlanlygy gowy welin, entek tizligine heniz hem kemsinýärin. Sizde internetiň hili häzir nähili, aragatnaşyk durnukly işleýärmi?
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 12.05.2026 20:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4766)
Bahalaryň arzanlamagy gowy zat, ýöne häzirki wagtda tizligiň we hiliň has hem gowulanmagyny isleýärin. Sizde häzir internetiň hili nähili, aragatnaşyk üzülmeýärmi?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 30.05.2026 23:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6182)
Hawa, öňküsine görä kän üýtgeşme bar, ýöne tizligiň hakykat ýüzünde hem wada berilýän derejede bolmagyny isleýärin. Sizde häzir internetiň hili nähili, aragatnaşyk kadalymy?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 11.07.2026 08:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10102)
Arzanlanlygy gowy zat welin, entek oba ýerlerinde tizlik ýetmezçilik edýär. Umuman alanda, öňküden gowulyk bar, ýöne ýene-de ýokary tizlikli internetiň köpräk bolmagyny isleýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 23.07.2026 17:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11289)
Bahalar arzanlan bolsa gowy welin, entek hem bolsa internetiň tizligi käwagt örän pes bolýar. Hasam köp öýe ýokary tizlikli interneti çekseler gowy bolardy.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. durdy (167 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (157 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...