Türkmenistanda fiksirlenen telefon tory döwrebap GPON ulgamyna çenli kämilleşdiriler

+3 ses
312
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#347)
13-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew sanly ulgama geçmekde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmek we elýeterliligi üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurduň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde sanly telefon beketleri gurnalyp, bir ulgamyň üsti bilen dolandyrylýan telefon, ýokary tizlikli internet we IP telewideniýe ulgamlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän fiksirlenen telefon toruny döwrebap GPON ulgamyna çenli kämilleşdirmek, olaryň göwrümlerini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar.    Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň barşynda döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.    Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,  aragatnaşyk ulgamyndaky ähli işleri hil taýdan täze derejede utgaşdyrmagyň, bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.     Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we oňa resminamada göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

24 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 20.07.2026 23:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11023)
Gyzgyn, bu gowy habar welin, göräýeli indi internetiň tizligi hakykatdanam ýokarlanarmyka? Köpden bäri garaşýardyk, umyt edýärin hemmämize elýeterli bolar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 24.07.2026 09:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11351)
Oho, bu gowy habar! Öýdäki internetiň tizligi kemterdi, eger GPON gelse hemme zat has gowulaşar öýdýän.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 05.08.2026 18:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12527)
Ona garaşýarys, internetiň tizligi has hem gowulansa gowy bolardy. Öýüme haçan çekip bilerlerkä, öňünden bilip bolýamyka?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 24.08.2026 12:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#14308)
Oho, bu gowy habar eken! Öýümizdäki internetiň tizligi haçan ýokarlanyp başlarka, şol barada näme diýýärler?

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. durdy (165 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (157 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...