TDYDI-de 2 sany halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär

+2 ses
208
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#350)
Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.    Mejlisiň barşynda wise-premýer N.Amannepesow ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şol halkara olimpiadalaryň 2-si Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçiriler.     Has takygy, bu ýokary okuw mekdebinde 2023-nji ýylyň 12-nji aprelinde makroykdysadyýet, 16-njy maýynda dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny sanly ulgam arkaly geçirmek meýilleşdirilýär.     Halkara olimpiadalara Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystan Respublikasynyň we beýleki onlarça döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.    Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, amala aşyrylýan ýaşlar syýasatynyň esasy maksadynyň ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini döwletiň hem-de jemgyýetiň bähbitleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirmekden ybaratdygyny aýtdy. Bu babatda ýurtda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli bilim almak üçin has oňaýly şertleriň döredilýändigi nygtaldy.    Döwlet Baştutany wise-premýere meýilleşdirilen halkara olimpiadalaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

14 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 19.06.2026 08:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8020)
Olimpiadalaryň halkara derejesinde geçirilmegi örän gowy zat, talyplara uly üstünlik arzuw edýärin. Görüp otursak, gatnaşjak ýurtlaryň sany hem ep-esli köp eken.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 24.06.2026 07:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8488)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar, talyplarymyza üstünlik arzuw edýärin! Görüp otursak, gatnaşjak ýurtlaryň sany hem ep-esli eken, ýaryş gyzykly geçer diýip umyt edýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 12.07.2026 10:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10206)
Gowy habar eken, talyplarymyz üçin uly mümkinçilik. Görüp otyrsak, daşary ýurtlardan hem gatnaşjaklar kän boljak eken, guramaçylyk işlerine üstünlik arzuw edýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 12.07.2026 14:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10220)
Gowy habar eken, talyplar üçin uly mümkinçilik. Görüp otursak, gatnaşjak ýurtlaryň sany hem ep-esli köp boljak eken-ow.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (557 oçko)
  2. merdan96 (474 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...