Türkmenistan Özbegistan bilen ýeralma tohumçylygy boýunça hyzmatdaşlyk eder

+4 ses
262
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#364)
Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen oba hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär. Şunuň bilen baglylykda, Rejep Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistana sapar bilen bardy diýip, özbek elektron neşirleri habar berdi.    Bellenilişi ýaly, wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri girýärler. 2023-nji ýylyň 7 — 14-nji ýanwary aralygynda meýilleşdirilen bir hepdelik saparyň dowamynda olar Türkmenistanda mundan beýläk ösdürip ýetişdirmek üçin pagtanyň irki we inçe süýümli görnüşlerini öwrenerler.    Mundan başga-da, saparyň meýilnamasynda özbek hünärmenleri bilen bagçylyk boýunça tejribe alyşmak hem-de ýeralma tohumçylygy babatda hyzmatdaşlyga başlamak göz öňünde tutuldy diýip, çeşme habar berýär.        Saparyň çäklerinde özbek hünärmenleri türkmen wekiliýetini ýurtda tohum önümçiligi pudagynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar, şeýle hem Buhara sebitinde ösdürilip ýetişdirilýän ýokary hasylly, ir ýetişýän, ýokary süýümli pagta görnüşleriniň mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler.    Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Italiýadan getirilen häzirki zaman tehnologiýalara esaslanýan süýdi gaýtadan işleýän zawoda baryp gördüler.

13 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 17.06.2026 09:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7832)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar, ýeralma tohumçylygy boýunça tejribämizi artdyrsak biz üçin peýdaly bolar. Özbegistan bilen oba hojalygynda özara hyzmatdaşlygyň barha giňelýändigine begenýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 23.06.2026 07:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8394)
Goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň artýandygy gowy habar, ýeralma meselesi wajypdy. Özbegistanyň bu ugurda tejribesi köp, dogry ugurda iş alyp barmaly.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 14.07.2026 10:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10396)
Gowy habar eken, goňşular bilen tejribe alyşmak hemişe peýdaly. Özümiz ýerde ýetişen ýeralmanyň tagamy düýbünden başga bolýar, şonuň üçin bu işler netijeli bolar diýip umyt edýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (394 oçko)
  2. merdan96 (370 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...