«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçuşlarynyň petekleriniň möhleti gysgaldyldy

+1 ses
262
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 19.01.2023 23:39 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#367)
«Türkmenistan» awiakompaniýasy pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçuşlaryň petekleriniň möhletini gysgaltdy. Petekleri 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli çalşyp bolýar. Bu barada «Orient» habar berýär.    Howa petekleri gidilýän ýurda baglylykda täzesine çalşyp bolýar. Meselem, eger-de ýolagçynyň Aşgabatdan Sankt-Peterburga ýatyrylan uçara petegi bar bolsa, ol ony Aşgabatdan Moskwa ýa-da Kazana tölegsiz çalşyp bilýär.    Petekleri Türkmenistanyň heniz uçuşlary ýola goýmadyk ýurtlaryna çalyşmak mümkin däldir. Şunda 1-nji martdan başlap, ähli ýolagçylaryň ozal satyn alnan peteklere tölenen pullaryny hiç hili tutumsyz yzyna gaýtaryp almaga mümkinçiligi bolar.    Ozal 2020-nji ýylyň 20-nji martyna çenli satyn alnan petekleri 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli çalşyp bolýardy.    «Türkmenistan» awiakompaniýasy häzirki wagtda Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) göni yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

22 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 22.08.2026 03:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#14084)
Sag bol gyzgyn, bu gaty gowy habar boldy. Ýöne öz pulumyzy yzyna almak üçin kassalara baranymyzda köp nobata garaşmaly bolmazmyka diýýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 24.08.2026 18:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#14334)
Sag bol gyzgyn, bu gowy habar ekeni, ýöne yzyna pul almak üçin köp nobat garaşmaly bolmasa ýagşy bolar.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (483 oçko)
  2. merdan96 (423 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...