Türkmenistanda saýlaw möwsümine badalga berildi

+3 ses
605
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 19.01.2023 23:39 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#368)
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek baradaky meselelere bagyşlandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mejlise merkezi saýlaw toparlarynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, ýurduň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine 2023-nji ýylyň 26-njy martynda boljak saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegi bilen bagly birnäçe meseleler girizildi. Merkezi saýlaw topary saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de olary geçirmek boýunça çäreleriň gündelik meýilnamasyny tassyklady.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kararyna laýyklykda, şu günden - 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwaryndan başlap, saýlaw möwsümine badalga berilýändigi yglan edildi. Saýlawlaryň geçirilmegine 60 gün galanda dalaşgärleri teklip etmek işi başlanýar.
Merkezi saýlaw toparynyň karary bilen, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruklarynyň 125-si, şol sanda Aşgabatda 17-si, Ahal welaýatynda 16-sy, Balkan welaýatynda 10-sy, Daşoguz welaýatynda 27-si, Lebap welaýatynda 26-sy, Mary welaýatynda 29-sy döredildi. Bu okruklaryň san belgileri, atlary, merkezleri hem-de araçäkleri baradaky maglumatlar merkezi we ýerli metbugatda çap ediler. Okruklaryň hem-de geňeşlikleriň 5 ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça okruk saýlaw toparlary, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň saýlaw toparlary döredildi.
Saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary hem-de raýatlaryň toparlary tarapyndan öňe sürüldi. Şeýlelikde, 125 okruk saýlaw toparlary hem-de etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň 572 sany saýlaw toparlary döredildi.    Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruklarynyň 240-sy, ýagny welaýatlaryň her birinde we Aşgabat şäherinde 40-sy döredildi. Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça etraplaryň we şäherleriň hersinde degişli saýlaw okruklarynyň 20-si, jemi 980-si, Ahal welaýatynda 160, Balkan welaýatynda 180, Daşoguz welaýatynda 160, Lebap welaýatynda 180, Mary welaýatynda 220, Aşgabat şäherinde 80 okruk döredildi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň binasynda geçirilen mejlisde oňa gatnaşyjylar öňde boljak saýlawlar bilen bagly birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Zerur resminamalar, şol sanda gollanmalar, gözükdirijiler we synçylar hem-de ýurduň raýatlary üçin dürli maglumatnamalar tassyklandy. Birnäçe saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw sapaklaryny geçmek meýilleşdirildi. Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň aýdyňlygyny we giň bäsdeşligini üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitlediler.
Saýlawlara diňe bir milli synçylar däl-de, halkara bilermenlerdir halkara synçylar-da gözegçilik ederler.

20 Teswir

+2 ses
Awtor: (Magistr) | 28.05.2026 20:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5986)
Täze saýlaw möwsümi gutly bolsun! Görüp otursak, bu gezek saýlawlar örän giň gerimli bolar öýdýän, göreris-dä nämeler bolarka.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 06.06.2026 19:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6822)
Gyzgyn, bu saýlawlar ýurdumyz üçin uly ähmiýetli waka bolara meňzeýär. Görüp otursak, taýýarlyk işleri ep-esli giňiçli geçýän eken, göräýeli nämeler bolar.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 15.06.2026 22:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7693)
Saýlaw möwsümi başlanypdyr, düşnükli. Göräliň, bu gezek nähili täzelikler ýa-da dalaşgärler bolarka, gyzykly bolar öýdýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 22.06.2026 17:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8340)
Saýlawlar ýakynlaşdygyça şäherde hem işjeňlik artýar, göräliň bu gezek dalaşgärler kimler bolar we nähili täzelikler garaşýar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 10.07.2026 10:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10014)
Gyzgyn, bu saýlawlar ýurdumyz üçin uly ähmiýetli waka bolara meňzeýär. Görüp otursak, taýýarlyk işleri ep-esli giňiçli geçirilýän ýaly, görýäris-dä indi näme boljagyny.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 12.07.2026 20:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10247)
Saýlaw möwsümi ýene gelip ýetdi-dä. Görüp oturarsak, bu gezek hem täze deputatlar saýlanyp, işler ýörediler öýdýän.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 26.07.2026 05:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11528)
Saýlaw möwsümi ýene gelip ýetipdir-le. Göräýeli, bu gezek nähili üýtgeşiklikler bolar ýa-da täze dalaşgärler kimler bolar öýdýärsiňiz?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 28.07.2026 15:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11751)
Saýlaw möwsümi ýene başlandy-da, göräýeli indi kimler dalaşgär bolarka. Umyt bolup çykar. Ýurduň ösüşine goşant goşjak mynasyp adamlar saýlanar diýip umyt edýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 01.09.2026 04:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#15039)
Saýlaw möwsümi ýene gelip ýetipdir, wagtam nähili çalt geçýär. Görüp otursak, mart aýy hem geläýjek ekeni.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 04.09.2026 00:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#15306)
Salam gyzgyn, bu saýlaw möwsümi ýene gelip ýetdi-dä. Görüp otursak, bu gezek hem işler köp boljak öýdýän, göräýeli näme bolar.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. durdy (167 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (157 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...