Türkmenistanda gündizlerine howa biraz maýlar

+3 ses
505
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 19.01.2023 23:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#382)
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy metbugatda ýurtda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumaty paýlaşdy.    Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5… -10 gradus sowukdan -2… +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4… +9 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda 0… +5 gradus maýyl bolar.    Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2… -7 gradusdan -10… -15 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine 0… -5 gradus sowukdan +1… +6 gradus aralygynda maýyl bolar.    Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4… -9 gradusdan -14… -19 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -2… -7 gradus sowukdan +1… +6 gradus aralygynda maýyl bolar.    Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5… -10 gradusdan -14… -19 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -2… -7 gradus sowukdan 0… +5 gradus aralygynda maýyl bolar.    Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -6… -11 gradusdan -11… -16 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -1… -6 gradus sowukdan -3… +2 gradus aralygynda maýyl bolar.    Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 8 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4… -6 gradusdan -10… -12 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -2… -4 gradus sowukdan +2… +4 gradus aralygynda maýyl bolar.

12 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 13.08.2026 19:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#13295)
Wah, ýene sowuklar başlanýar öýdýän, köçä çykanymyzda gaty seresap bolmaly ekenik. Şemalyň güýçli boljakdygy hasam ýaman ýarams erbet boldy.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 19.08.2026 07:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#13817)
Gijelerine gaty sowuk boljak eken-le, ýyladyjylary taýýarlap goýmasaň bolmaz. Ýaz gelýär diýip garaşýardyk, ýöne entek gyş özüni görkeýini görkeýini görkezip ýörenine meňzeýär.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (376 oçko)
  2. merdan96 (333 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...