Türkmenistanda harby mekdeplere okuwa kabul edişlik başlady

+2 ses
605
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 19.01.2023 23:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#384)
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny şu ýyl tamamlajak okuwçy oglanlary üçin ýurduň Goranmak Ministrliginiň ýöriteleşdirilen mekdeplerine 2023-2024-nji okuw ýyly üçin kabul edişlik başlady. Bu barada türkmen metbugaty habar berdi.
Bu mekdeplerde okuwyň möhleti 4 ýyl bolar. Olarda harby taýýarlygyň esaslaryny çuňňur öwrenmek boýunça, beden we ruhy terbiýäni kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Harby mekdepleriň dalaşgärleri aşakdaky resminamalaryň sanawy bilen ýerli harby wekillige arza tabşyrmalydyrlar:
Dalaşgäriň ene-atasynyň onuň harby mekdebiň okuwçysy bolmagyna razydygy baradaky ýazmaça tassyklamasy (eger-de ene-atasy Türkmenistanyň çäginde ýaşamaýan bolsa, degişli resminamany Döwlet migrasiýa gullugy berýär);
Ene-atasynyň pasporty;
Anketa we terjimehal;
Dogluş hakynda şahadatnama;
Orta mekdepde ýetişigi baradaky kepilnama (1, 2 we 3 çärýekleriň bahalary);
3х4 ölçegde 6 surat, 4х6 ölçegde 4 surat, 9х12 ölçegde 2 surat;
Orta mekdep tarapyndan berlen häsiýetnama;
Mekdebiň direktory tarapyndan tassyklanan şahsy iş;
Saglyk kartasy, ýaşaýan ýerinden saglyk ýagdaýy barada kepilnama;
Sanjymlar baradaky öňüni alyş kartasy;
Ýaşaýan ýeri barada kepilnama we maşgala ýagdaýy barada maglumat;
Ene-atasynyň biriniň ölendigi barada kepilnama (eger-de bar bolsa);
Geçmek üçin esasy şert – mekdep maksatnamasynyň 8-nji synpa çenli ähli dersleri boýunça test-synag we türkmen dilinden diktant. Synag-testi üstünlikli tabşyran dalaşgärler umumy ýaşaýyş jaýynda ýer, dört wagtyna iýmit we dynç almak üçin gerekli serişdeler bilen üpjün ediler.

15 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 25.05.2026 13:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5901)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar, ýöne synaglar kyn düşse gerek diýýärin. Harby mekdepde okamak isleýän ýaşlar üçin bu uly mümkinçilik.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 02.06.2026 02:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6381)
Harby mekdeplerde okamak geljek üçin gowy mümkinçilik. Meniň bir tanyşymyň ogly hem şu ýyl synaglara taýýarlyk görýär, göräýeli indi nähili bolar.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 15.06.2026 15:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7665)
Goňşumyzyň ogly geçen ýyl şeýle mekdebe girdi, häzir ýagdaýy gowy. Harby ugurda okamak isleýän ýaşlar üçin gaty gowy mümkinçilik.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 22.06.2026 09:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8309)
Oglanlar üçin gowy mümkinçilik eken, ýöne dokumentleriň sany hem ep-esli ýaly. Bilýänleriňiz barmy, synaglar haýsy aýlarda geçirilýärkä?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 20.07.2026 08:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10966)
Oglum şu ýyl 8-nji synpy tamamlaýar, özümiz hem harby okuwlara ugratmagy pikirlenip otyrys. Synaglar ýeňilmi ýa-da kynrak bolýarkalar, şony bilip bolarmyka?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (535 oçko)
  2. selbiska (448 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...