«Atalanta» A seriýada asyryň rekordyny täzeledi

+4 ses
342
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 19.01.2023 23:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#385)
«Atalanta» Italiýanyň A seriýasynyň 18-nji tapgyrynda «Salernitanany» 8:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Oýunda Jan Pýer Gasperininiň şägirtleri birinji ýarymda 5, ikinji ýarymda bolsa 3 gol geçirdi.    «Opta» statistiki neşiriniň habar bermegine görä, «Atalanta» öz taryhynda ilkinji gezek A seriýanyň çägindäki oýunda 8 gol geçirdi. Şeýle-de bergamo topary 21-nji asyrda A seriýanyň oýnunda 8 gol geçiren ilkinji klub boldy. Mundan ozal, Milan şäheriniň «Inter» 1996-njy ýylda «Padowanyň» derwezesine 8 gol geçiripdi. Gyzykly tarapy, şol oýun hem 8:2 hasabynda tamamlanypdy.    A seriýanyň 18-nji tapgyrynyň esasy netijeleriniň hatarynda «Milanyň» myhmançylykda «Leççe» bilen 2:2 hasabynda deň oýnamagyny, Interiň» öz öýünde «Weronany» 1:0, «Lasionyň» myhmançylykda «Sassuolony» 2:0, «Romanyň» öz öýünde «Fiorentinany» 2:0 ýeňmegini görkezip bolar.    Ozal habar berşimiz ýaly, A seriýanyň 18-nji tapgyrynyň merkezi oýnunda «Napoli» «Ýuwentusy» uly hasapda ýeňlişe sezewar bolupdy. 18-nji tapgyrdan soňra «Napoli» utuklarynyň sanyny 47-ä ýetirip, ýaryş jedwelinde liderligini pugtalandyrdy. Ikinji ýerdäki «Milanyň» hasabynda 38 utuk bar. Hersi 37 utukdan toplan «Inter» we «Ýuwentus» bolsa üçünji orunlary paýlaşýarlar.

6 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 23.03.2026 23:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#811)
Gyzgyn, Atalantanyn oyuwy hakykatdan hem tasin boldy, hasabyn 8:2 boljagyny hic kim garaşan däldir. Gasperininiň taktikalaryny köpden bäri yzarlaýaryn, bu möwsüm hem garaşylmadyk netijeleri köp görkezer öýdýän.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 24.03.2026 10:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#849)
Gyzgyn, bu waka hakykatdan hem taryhy boldy, oýny göreniňde hezil edipdirsiň. Gasperininiň topary bu möwsüm ýene nähili sowgatlar taýýarlap otyrka?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 06.04.2026 09:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1989)
Atalantanyň oýny hakykatdan-da haýran galdyrdy, Gasperininiň oýunçylaryna göz degmesin. Sizçe bu möwsümde çempionlyk üçin esasy göreş kimleriň arasynda bolar?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 08.04.2026 03:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2120)
Atalantanyň oýny hakykatdan-da haýran galdyryjy boldy, şeýle hasap bilen utmak her toparyň başarnygy däl. Göräýmeli, bu möwsümde Napoliniň çempion bolmagy ähtimal öýdýärin, siz näme pikir edýärsiňiz?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 11.04.2026 12:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2414)
Atalantanyn bu gezekki oyyny hakykatdan hem hayran galdyryjy boldy. Gasperininiň topary bu möwsümde çempionlyk üçin ýene bir dalaşgär boljak ýaly görünýär, siz näme pikir edýärsiňiz?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 13.04.2026 01:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2561)
Atalantanyň oýnuna bu gezek söz ýok, dogrudanam täsin rekord boldy. Görüp otursak, bu möwsüm A seriýada bäsleşik barha gyzyzyýar.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (451 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (294 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...