Olimpiýa stadionyndaky äpet at kellesi

+3 ses
343
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 22.08.2017 18:04 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#49)
Aşgabadyň Olimpiýa stadionyndaky äpet at kellesi heýleki Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdir. Stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany diýip “Guinness World Records“ kompaniýasynyň wekilleriniň ykrar edildi. Wekilleriniň beren şahadatnamasyna laýyklykda, atyň şekiliniň beýikligi 40,05 metr (131 fut 4,9 dýuým), uzynlygy 37, 69 metre (123 fut 7, 9 dýuým) hem-de ini 40, 24 metrdir (132 fut 0,6 dýuým) barabar boldy. Ine şadatnamanyň suraty: https://i.hizliresim.com/zB9Dv6.jpg

Türkmenistan örän ýygy-ýygydan Ginnesiň rekordalr kitabynda peýda bolýar. Ýurtda dürli ýyllarda şu aşakdaky rekordlar hasaba alyndy:

1) dünýäde mermer binaly jaýlaryň iň gür ýeri (Aşgabatda);
2) dünýäde ýapyk görnüşli iň uly görüş çarhy;
3) iň uly fontan-heýkel toplumy bolan “Oguzhan”;
4) iň belent baýdak sütüni (soň bu rekord Täjigistan we Saud Arabystany tarapyndan bozuldy):
5) täze uçar menziliniň üçeginde iň uly göl şekili ýerleşdirildi;
6) elden dokalan iň uly haly:
7) dünýäde iň uly ýyldyz şekilinde gurlan telemerkez;
8) Türkmenistanda ak öý görnüşinde iň uly bina guruldy;
9) bu ak öýde 4 müň adam bir wagtda Türkmenistanyň prezidentiniň “Öňe, diňe öňe” diýen aýdymyny ýerine ýetirdi we bu hem “Guinness World Records” kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan bellige alnyp, Ginnesiň rekordlar kotabyna girizildi.

23 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 23.08.2026 00:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#14165)
Hakykatdan hem guwandyryjy zat, ahalteke bedewiniň keşbi stadionyň görküne görk goşup dur. Bizem maşgala bolup şol ýere gezmäge baranymyzda, atyň äpetligine haýran galypdyk.
0 ses
Awtor: (Doktor) | 25.08.2026 13:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#14408)
DrWaltBishop, dogrudanam Aşgabat Ginnesiň rekordlaryna baý şäher bolup barýar. Şu at kellesiniň gurluşygyny golaýdan göremde, göwrümi ýüregimi ýarypdy, hakykatdanam täsirli zat.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 26.08.2026 11:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#14498)
DrWaltBishop, dogrudanam Aşgabatda şeýle täsin desgalaryň köpelýändigi buýsançly, emma şol rekordlaryň hemmesini görýänçäk adamyň ömri ýetmez ýaly bolup barýar. Sen şol at kellesini ýakyndan görüp gördüňmi, suratdan has hem äpet görünýärmi?

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. durdy (165 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (157 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...