Aşgabadyň Olimpiýa stadionyndaky äpet at kellesi heýleki Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdir. Stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany diýip “Guinness World Records“ kompaniýasynyň wekilleriniň ykrar edildi. Wekilleriniň beren şahadatnamasyna laýyklykda, atyň şekiliniň beýikligi 40,05 metr (131 fut 4,9 dýuým), uzynlygy 37, 69 metre (123 fut 7, 9 dýuým) hem-de ini 40, 24 metrdir (132 fut 0,6 dýuým) barabar boldy. Ine şadatnamanyň suraty:
https://i.hizliresim.com/zB9Dv6.jpg
Türkmenistan örän ýygy-ýygydan Ginnesiň rekordalr kitabynda peýda bolýar. Ýurtda dürli ýyllarda şu aşakdaky rekordlar hasaba alyndy:
1) dünýäde mermer binaly jaýlaryň iň gür ýeri (Aşgabatda);
2) dünýäde ýapyk görnüşli iň uly görüş çarhy;
3) iň uly fontan-heýkel toplumy bolan “Oguzhan”;
4) iň belent baýdak sütüni (soň bu rekord Täjigistan we Saud Arabystany tarapyndan bozuldy):
5) täze uçar menziliniň üçeginde iň uly göl şekili ýerleşdirildi;
6) elden dokalan iň uly haly:
7) dünýäde iň uly ýyldyz şekilinde gurlan telemerkez;
8) Türkmenistanda ak öý görnüşinde iň uly bina guruldy;
9) bu ak öýde 4 müň adam bir wagtda Türkmenistanyň prezidentiniň “Öňe, diňe öňe” diýen aýdymyny ýerine ýetirdi we bu hem “Guinness World Records” kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan bellige alnyp, Ginnesiň rekordlar kotabyna girizildi.