Demirgazyk Koreýa hakynda täsinlikler

+3 ses
1.1k
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Umumy Maglumat | 13.09.2017 07:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#62)
Bilişimiz ýaly Demirgazyk Koreýa (DK) dünýäde iň içine ýapyk döwlet hasaplanylýar. Adam haklary, Ykdysady azatlyk, Medýa azatlygy ýaly döwletler indeksinde köp ýyllardan bäri iň soňky orunda durup gelýär.
Dekabr 2011-e çenli atasy Kim Song II DK-nyň prezidentidi. Şol taryhda atasy duýdansyz aradan çykýar, ýerine üçünji aýalyndan bolan ogly Kim Jong Un saýlawlarda sesleriň 100% alyp geçýär. Ol bakalwr derejesini Şwesariýa-da galp pasport bilen okapdyr. Heniz gaty ýaş we esgeri ýa-da syýasy tejribesi bolmadyk Jong Un, şol wagtlar syýasatda iň güýçliler hatarynda hasaplanylýan daýzasy we gyz doganynyň ärine ölüm permany berýär. Watana dönüklik sebäpli 120 aç itiň öňüne zyňyp öldürdi diýilýär. Jong Un iň halaýan zatlary: şampanýa içmek, emmental we hawýara peýniri we gyzyl et,

DK-daky täsinlikler:
-Erkekler üçin 10, gyzlar üçin 28 saç modeli bar. Diňeje şularyň arasynda saýlap saçyny kesdirip bilýärler.
-Diňeje 3 TW kanaly bar. Ikisi 6-7-nji günler. beylekisi bolsa diňeje agşamlary ýaýlym berýär. TW-ler fabrikadan diňeje şu kanalara düzlüp çykarylýar, beýleki kanallara rugsat berilmeýär.
-Radýolar hem diňeje döwletiň frekanslaryny çekýän edip düzülen.
-Döwlet içinde telefon networky bar, ýöne diňeje döwlet içinde DK nomerleri üçin ýörgün. Daşarky döwletlere jaň edip bolanok.
-Diňeje döwlet edaralarynda we üniwersitetlerde internet bar. Ýöne munuň kontroly hem Jong Un-nyň partiýasy Komunist Partiýanyň kontrolynda.
-5 ýylda bir saýlaw bolýar. Elbetde diňeje bir dalaşgär gatnaşýar, şonuň üçinem sesleriň 100%-ini hem Jong Un alýar.
-Döwlete diňeje Hytaýdan we Rossiýadan girip bolýar.
-Diňeje bir howaýoly Air Korýo uçuşlaryna rugsat berilýär.
-Döwlete ýylda 2 müň turist gelýär. Gelen her turistiň başyna bir milise berilýär. nirelere gidip gezip biljekdigine we nireleriň suratyny düşürip biljekdigine hat-da kimler bilen gepleşip biljekdigine şol milise karar berýär.
-DK-da hususy maşynlara rugsat berilmeýär. Diňeje döwletiň rugsat beren adamlaryň maşynlary bar.
-Gije 11-den soň köçä çykmak gadagan we 12-den soň hem hemme ýerlerde tok öçürilýär. DK tötänleýin gap-garaňky bolýar.
-Her täze dogulan çaga derrew registrasiýa edilip, ömrüniň soňuna çenli gözleg astynda tutulýar.
-Döwletiň önümçiligi aýal gyzlaryň syrtyndadyr.
-Dk-da işçiler aýda 1-2 dollar gazanýar.
-Döwletde poçti hemmeler esger. Dünýäniň iň uly armiýasyna eýe diýip bileris. Armiýada 8 milýona golaý esger bolar.
-Erkekler üçin armiýa 10 ýyl, gyzlar üçin 3 ýyl.
-Dünýäniň iň uly stadiýony paýtagt Pýongýanda ýerleşýän 150 mün adamlyk Rungrado Maý Daý stadiýony.
-DK-da marihuana oty gadagan däl.
-Hemme mugallymlar hökman akordeýon çalyp bilmeli.
-Gübre az bolany üçin oba hojalyk we ekerançylykda adam dyşgysy (boky) hem ulanylýar.
-ABŞ-nyň symboly diýlip jynsy geýmek gadagan edilen.

16 Teswir

+3 ses
Awtor: (Magistr) | 24.05.2026 05:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5779)
Sag bol DrWaltBishop, maglumatlar hakykatdan hem haýran galdyryjy eken. Beýle ýerde ýaşamak barada pikiriň hem gorkunç, adam özüni türmede ýaly duýsa gerek.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 30.05.2026 11:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6138)
Bu zatlary okap, ynsan öz ýaşaýan azatlygynyň gadyryny has gowy bilýär eken. Hakykatdanam, dünýäde şeýle ýerleriň barlygyna ynanmak kyn, nähili ýaşap bilýärkäler şular?
0 ses
Awtor: (Doktor) | 12.06.2026 01:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7323)
Bu ýurt barada okanlarym hemişe meni geň galdyrýar, ynanyp boljak däl ýaly. Şol ýerde ýaşaýan adamlara hakykatdanam gynanýaryn, durmuşlary şeýle bir kyn bolsa gerek.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 16.06.2026 06:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7722)
Wah, şeýle ýerde ýaşamak barada pikiriň hem özüni gorkuzýar welin, bu maglumatlar hakykatdanam örän geň galdyrýar. Bularyň baryny nireden tapdyňyz, ýörite gözleg geçirdiňizmi?
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 19.06.2026 13:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8039)
DrWaltBishop, dogrudanam örän geň we garaňky ýurt eken, bu maglumatlary okaýarkaň ynsanyň ýüregi gysýar. Şeýle ýerde ýaşamak barada pikiriň näme, ýönekeý adamlar üçin juda kyn bolsa gerek?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 30.06.2026 18:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9105)
DrWaltBishop, dogrudanam örän geň we garaňky ýurt eken, bu maglumatlary okaýarkaň ynsanyň ýakasyny tutasy gelýär. Şu wagtky döwürde şeýle ýapyk ýaşaýyşy göz öňüne getirmek kyn, hemişe şular ýaly täsin maglumatlary paýlaşýanyň üçin sag bolup geçýär.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (572 oçko)
  2. merdan96 (496 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...