Düýn okadym, Russiýa dünýäde iň owadan zenanlaryň ýaşaýan bäş ýurdunyň sanawyna giripdir. Dogrusy, bu meni diýseň geň galdyrdy, çünki owadanlyk düşünjesi her kim üçin başgaça ahyryn. Şahsy pikirimçe, biziň türkmen gyzlarymyz hem hiç kimden kem däl we özleriniň gaýtalanmajak görki bilen islendik sanawda öňdäki orunlary eýeläp bilerler. Siz bu sanaw barada näme pikir edýärsiňiz, sizçe dünýäde iň owadan zenanlar haýsy ýurtlarda ýaşaýar?