Aziýadanyň Türkmenistanly sportsmenlerine jaý, Toýota Camry we pul sowgat edildi

+3 ses
434
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 29.09.2017 06:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#66)
17-27 Sentýabr 2017 aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýada olimpiýat oýunlarda Türkmenistanly sportsmenler jemi 245 medal (89 altynş 70 kümüş, 86 bürünç) bilen döwletler kategoriýasynda 1-nji orny aldy.
Türkmenistan hökümeti bu üstünlikli we buýsançy netijeler üçin Türkmenistanly sportmenlere we olaryň tälimçilerine ýörite sowgatlar berdi. Dün gurnalan dabara bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow sportsmenlere we tälimçilerine bir-bir sowgatlaryny gowşurdy. Tälimçiler altyn nyşan, Türkmenistanyň tituly we Toýota Camry model awtoulag bilen sylaglandyryldy. Käbir sportsmenlere bolsa Aşgabatdan jaý hem sowgat edildi. Aziýadada altyn medal alan sportsmenler Toýota Camry model awtoulag; kümüş medal alan sportsmenler 5000 USD; bürünç medal alan sportsmenler bolsa 3000 USD pul bilen sylaglandyryldy.
Mundan başga-da Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen prezidentimiziň ogly we Mejlisiň Kanun Komissiýa başlygy Serdar Berdimuhammedowa sporta beren goşantlaryndan ötrin ýörite nyşan berildi.

22 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 10.08.2026 02:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12943)
Sportmenlerimize halal bolsun, hemmesi hem bu sylaglara doly mynasyp. Şol günler şäherde hakykatdanam örän uly şatlyk we baýramçylyk duýulýardy.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 30.08.2026 18:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#14906)
Sportmenlerimize halal bolsun, gaty gowy sylaglar berlipdir. Ýöne şol oýunlaryň şowhuny entegem ýadymda, Aşgabatda hakyky baýramçylyk bolupdy.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. durdy (174 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (159 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...