Türkmenistanda Korrupsiýa we Ykdysady jenaýatlara garşy göreş

+3 ses
484
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 05.10.2017 15:53 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#69)
Bilişimiz ýaly geçen maý aýynyň başynda prezident Berdimuhamedow korrupsiýa garşy göreş kampaniýasynyň başlanýandygyny yglan etdi, netijede bir topar ýokary derejeli emeldar we güýç gurluşlarynyň resmileri tussag edilipdi. Prokuraturanyň bir topar işgäriniň tussag edilmegi netijesinde baş prokuror Amanmyrat Hallyýew hem wezipesinden boşadyldypdy. Korrupsiýa garşy göreş üçin Ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça-da döwlet gullugy döredilip we onuň başyna bolsa polkownik Mämmethan Çakyýew bellenilipdi.
Bu gün 5-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen giňişleýin hökümet maslahatynda Mämmethan Çakyýew korrupsiýada aýyplanan emeldarlaryň bir toparynyň tussag edilendigini habar berdi, hat-da bu barada Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi hem habar geçdi.
Senagat ministrliginiň "Türkmen Demir Önümleri" kärhanasynyň başlygy Merdan Babaýew öz golasty işgärlerinden, hususan-da öz orunbasary Döwran Allakulyýewden para alandygy we 2012-2017 ýyllar arasynda döwlet kärhanasynyň önümlerini kommersiýa gurluşlary arkaly döwlet bahasynda has hem ýokarlandarylan bahadan satyp bikanun gazanç edendigi ýüze çykardy, Geçirilen derňewler netijesinde Babaýew we Allakulyýew jenaýat jogapkärçiligine çekildi. Olara degişli awtoulaglar maddy subutnama hökmünde konfiskasiýa edildi.
Dokma senagaty ministrliginiň hem birnäçe kärhanasynda barlag geçirildi. Hususan-da Ahal welaýat birleşiginiň başlygynyň orunbasary Allanazar Ýazberdiýewiň döwlete aýratyn uly möçberlerde zyýan ýetirendigi ýüze çykaryldy.
Daşogyz şäher häkimliginiň ýanyndaky "Daşoguzhyzmat" hojalyk hasaplaşygy kärhanasynyň başlygy Kerimbaý Matnazarow öz gulluk ýagdaýyndan peýdalanyp, dokma senagatynyň taýyn önümlerini ibermek boýunça şertnama baglaşypdyr we kezzaplyk hem-de hile-mekirlikler bilen döwlete aýratyn uly möçberlerde zyýan ýetiripdir.
Häzir döwlete ýetirilen zyýany yzyna gaýtarmak üçin iş alnyp barylýar. Demirýol transporty ministrliginde hem barlaglar geçirilýär. Demir ýoluň Aşgabat bölüminiň stansiýa ýolbaşçysy Täçmyrat Gurbanmämmedow stansiýanyň hasabyna gelip düşen hyzmat ýygymlarynyň girdejisini peseldipdir. Netijede, döwlete aýratyn uly möçberlerde zyýan ýetirilipdir. Gurbanmämmedow jenaýat jogapkärçiligine çekildi.
Medeniýet ministrliginde hem barlag geçirildi. Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň medeniýet bölüminiň başlygy Şadurdy Momaýew, bölümiň işgärleri Şamuhammet Nurmuhammedow we Goçmyrat Rejebow hasabatlardaky maglumatlary galplaşdyrmak arkaly döwlete aýratyn uly möçberlerde zyýan ýetiripdirler. Olaryň garşysyna jenaýat işleri gozgaldy. Derňew dowam edýär.

17 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 14.04.2026 01:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2643)
Bu zatlar entek näçe wagt dowam ederka? Her gün täze bir korrupsiýa habaryny eşidip, indi haýsydyr bir emeldaryň arassa işlemegine ynanmak hem kyn boldy.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 28.04.2026 07:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3583)
Bolýan zatlar gaty geň galdyrýar, ýöne şeýle işleriň soňuna çykmak hem hökman. Göräýeli, bu barlaglar hakykatdan hem köp zady üýtgedip bilermikä?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 29.04.2026 23:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3700)
Bu zatlary eşidip hemmämiz haýran galýarys, ýöne adalat öz ornuny tapsa gowy bolardy. Görüp otursak, emeldarlaryň köpüsi öz bähbitleri üçin döwletiň gaznasyny kemren ekenler.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 21.05.2026 11:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5515)
Bu zatlary eşidip hemmeler geň galyar, emma şeýle işler köp ýerde bolýan bolsa gerek. Dogrusyny aýtsam, mundan beýläk hem düzgün-nyzamyň berkidilmegine garaşýarys.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 24.05.2026 10:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5799)
nazaroff bu barlaglaryň hemmesiniň soňuna çenli adalatly geçirilmegine umyt edýärin. Dogrysy, emeldarlaryň şeýle köpçülikleýin para-horluk bilen tutulýandygy adamda geň galdyryjy täsir galdyrýar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 04.06.2026 22:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6650)
Oho, bulara seredip, halys öz işini bilýän adam azaldy diýip pikire galýarsyň. Göräýmeli, bu barlaglar nirelere çenli baryp ýeterkä?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 07.06.2026 06:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6865)
Bu zatlary eşidip hemmeler gorkýar, emma açyk aýdylanda köpçülik üçin gowy habar. Göräýeli, bu işler ahyrsoňy korrupsiýany azaldarmyka ýa-da diňe bir döwürlik görkezme bolar?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (265 oçko)
  2. merdan96 (228 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...