G. Berdimuhamedow birnäçe ministr, häkim we başlygy wezipelerinden boşaltdy

+1 ses
413
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 14.11.2017 11:42 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#85)
10-njy noýabrda Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen Ahmet Annamuhammedow işde goýberen düýpli kemçilikleri we ýolbaşçy wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan etmişi edendigi üçin zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary we Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy wezipeleriň hemmesinden boşadyldy.
13-nji noýabrda prezidentiň degişli karary bilen polkownik Meýlis Nobatow, başga işe geçýändigi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary bolup işlän maýor Mergen Gurdow başlyklyga bellenildi.
Döwlet baştutany 13-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň häkimi Bäşimguly Kadyrowy, Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň häkimi Intizar Işangulyýewi, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi Myrat Çaryýewi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipelerinden boşatmak baradaky kararlara gol çekdi.

23 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 17.07.2026 10:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10683)
Heý, josgun, bu günlerde işden boşadylýanlar kän boldy-la. Görüp otursak, näçe adam çalyşsalaram işleriň düzeljegi bar ýaly däl, özüň näme pikir edýärsiň?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 24.07.2026 17:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11386)
Ynha, ýene üýtgeşiklikler başlandy öýdýän. Göräýmeli, täze bellenenler öňkülerden gowurak işlärlermikä?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 27.07.2026 14:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11657)
Heý, josgun, bu günlerde işden boşadylýanlar köpelip gitdi öýdýän, täze bellenenlere üstünlik dileýäris. Görüp otursak, kadrlar çalşygy dowamly bolýança dowam edýär eken-le.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (483 oçko)
  2. merdan96 (425 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...