Gurbanbibi Atajanowa - Türkmenistanyň 'Demir zenany'

+5 ses
610
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Gep-Gürrüň | 23.11.2017 16:59 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#88)
Gurbanbibi Atajanowa "Demir Zenan" diýlip tanalýar. Ol Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe 10 ýyllap ýurduň baş sülçüsi wezipesini alyp bardy we döwlet ýolbaşçylaryny yzygiderli jogapkärçilige çekmek bilen at gazandy.
Atajanowa 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargan mahaly baş sülçüligiň işgäridi. Türkmenistan garaşsyzlygyny alanda, ol hem şol bada ýurduň baş sülçüsiniň kömekçisi wezipesine bellendi. 1995-nji ýylyň 3-nji aprelinde bolsa ol baş sülçi wezipesine bellendi.
Atajanowa 10 ýyl boýunça türkmen hökümetine kök urup, ymykly ornaşan korrupsiýa garşy alnyp barylýan göreşe ýolbaşçylyk etdi. Ol şonda müňlerçe adamy tussaghana, türmä iberdi. Olaryň arasynda korrupsiýada aýyplanýan onlarça ýokary wezipeli döwlet resmileri hem az däldi.
Eger-de size nähilidir bir aýyplanma ýöňkelen bolsa we siz Atajanowanyň öňüne eltilen bolsaňyz, onda siziň ykbalyňyz hasam keç tapara ýolugar. Onuň egninde gyzyl çaýylan pogonly garamtyl gök resmi eginbaşy we kellesinde-de gyzyl nyşanaly we zerler bilen bezelen gök papagy bar. Onuň ýüzi bolsa göýä hemişe turşap duran ýalydyr.
Döwlet kanaly ýygy-ýygydan Atajanowanyň ýokary wezipeli döwlet ýolbaşçylarynyň öňünde korrupsiýadan aýyplanýan resmiler barada edýän çykyşlaryny görkezýärdi. Atajanowa şonda owaldan günäli hasaplanyp goýlan ýokary wezipeli resmileriň aýyplamalaryny we olara garşy görülmeli – mal-mülküniň döwletiň hasabyna geçirilmegi, azatlykdan mahrum edilmegi ýa-da Türkmenistanyň çetindäki bir ýere sürgün edilmegi ýaly çäreleri diýseň sowukganlylyk bilen okaýardy.
2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda prezident Nyýazowa garşy hüjüm gurnalandygy barada habar ýaýrandan soň Atajanowa giň gerimli derňew işini alyp bardy. Ol şonda diňe bir güman edilýänleri däl, eýsem olaryň maşgala agzalaryny-da berk soraga çekdi.
Atajanowa şol bir wagtyň özünde hökümet resmilerini hem yzarlamagy dowam etdi. Atajanowa 2003-nji ýylyň mart aýynda eden çykyşynda 34 sany owalky hökümet resmisiniň, şol sanda iki sany primýer-ministriň orunbasarynyň, goranmak ministriniň, energiýa ministriniň we onuň orunbasarynyň hem korrupsiýadan we döwlet emlägini öz hasabyna geçirmekden günäli tapylandygyny aýdyp, olaryň çetleşdirilen sürgün ýerine iberilendigini bildirdi.
2003-nji ýylyň dekabr aýynda hut Atajanowanyň özüniň neşe söwdasynda güman edilip, öý tussaglygynda saklanýandygy barada gürrüňler ýaýrady. Ýöne döwlet telekanaly ony şol aýyň aýagynda bolan hökümet ýygnagyna gatnaşýarka görkezdi. Muňa garamazdan, ol barada ýaýran gep-gürrüňleriň çyna ýazjak taraplary hem bardy.
2005-nji ýylyň ahyrynda Atajanowa 58 ýaşynda hormatly dynç alşa çykdy. Bu bolsa ondan soňky ýagdaýlaryň düýpgöter üýtgemegine getirdi.
2006-njy ýylyň aprel aýynda ony neşe söwdasynda aýyplap, göz astyna aldylar. Onuň yzýanyndan hökümet tarapyndan berlen beýannamada Atajanowanyň 13 sany jaýynyň, kerpiç öndürýän kärhanasynyň, tüwi arassalaýan degirmeniniň, 5 sany awtoulagynyň, 3 traktorunyň, buldozeriniň, 2 sany gurluşyk kranynyň, 40 gektar mülküniň, 6 million dollardan gowrak pulunyň, iki müňden gowrak gara malynyň we içinde nämäniň bardygy aýdylmaýan 30 müň bedräniň döwletiň hasabyna geçirilendigi mälim edildi.
Elbetde, bu soňky gürrüňleriň gaty geň eşidilýär. Ýöne hut prezident Nyýazowyň özi şol bedreler barada söz açdy, haçan-da Atajanowa aglamany goýup, ondan günäsiniň geçilmegini soran pursadynda. Nyýazow şonda ondan näme üçin 30 müň bedräni ogurlandygyny sorapdy. Emma, welin onuň sebäbi aýdyň bolman galdy. Ýöne, ol bedreleriň altyndanmy ýa-da geroinden doly bolandygy barada çaklamalar öňe sürüldi.
Atajanowany tussag etdiler. Derrew hem sud edip, dessine jezasyny berdiler. Ýöne hadysa munyň bilen doly gutarmady.
Nikolaý Gawrilow şonda döwlet howpsuzlyk gullugynyň neşä garşy göreş bölüminiň baýry işgäridi. Şol mahal hut onuň özüniň Atajanowanyň neşe söwdasyny edýändigini anyklap, ony ýokaryk ýetirendigi çak edilýär.
Gawrilow we onuň aýaly 2006-njy ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabatda öldürildi. Olaryň janyna kast edenler bolsa tapylmady.
Gurbanbibi Atajanowanyň işi Merkezi Aziýada korrupsiýa garşy alnyp barylýandygy aýdylýan ýasama göreşiň bir mysaly. Göýä korrupsiýa garşy göreşýän ýaly edilýän işlere ýolbaşçylyk edip, ol onlarça hökümet resmisiniň azatlykdan mahrum edilmegine ýardam berdi. Ýöne Atajanowanyň döwletiň hasabyna geçirilendigi aýdylýan mal-mülküniň belli bir bölegini görkezýän sanawy hem onuň ençe ýylyň dowamynda tussaghana iberenleriniň arkasyndan diýseň baýandygyna güwä geçýär. Elbetde, şeýle etmişler bilinmän galan däldir.
2003-nji ýylyň dekabrynda Atajanowanyň öý tussaglygynda saklanýandygy barada gep-gürrüňler dogry çykmanam bolsa, şonda onuň erkek dogany we onuň ogullygy neşe söwdasyndan tutuldy. Atajanowa tussag edilende, onuň maşgala agzalarynyň aglabasy diýen ýaly, şol sanda erkek dogany we onuň ogullygy hem bireýýäm tussag ýagdaýyndady.
Atajanowa 2006-njy ýylda Daşoguzdaky aýallar türmesine (tussaghanasyna) iberildi. Bu Türkmenistanyň “Demir zenany” barada alnan iň soňky tassyklanan habar boldy.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

20 Teswir

+2 ses
Awtor: (Magistr) | 12.05.2026 22:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4771)
Şol döwürler adamlaryň arasynda ol barada dürli gürrüňler örän köpdi, hakykatdan hem gorkunç döwür bolup geçipdir. Şeýle ägirt baýlyklaryň nädip ýygnalandygyna henizem düşünmek kyn.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 20.05.2026 09:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5415)
Şol döwürler hemmeler ondan gaty gorkýardy, hakykatdanam özüniň eden işleri soňunda özüne dolandy. Adam nähili wezipede bolsa-da, adalatdan gaçyp bolmaýandygy şundan belli bolýar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 24.05.2026 11:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5801)
Şol döwürler adamlaryň arasynda ol barada dürli gürrüňler köp bolardy, ýöne häzir hem şol 30 müň bedre meselesiniň syry çözülmän galmagy geň galdyrýar. Hakykatdan hem, türkmen taryhynyň iň jedelli şahsyýetleriniň biri boldy.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 05.06.2026 20:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6736)
Ol döwürwän döwründe hemme zatdan gorkardy, indi bolsa özüniň başyna düşeni gör. Hakykatdanam, bu dünýäde kimselere hiç kim el degirip bilmez öýdýärler, ýöne soňy hemişe garaşylmadyk bolýar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 11.06.2026 02:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7231)
Şol döwürler adamlaryň arasynda ol barada dürli gürrüňler örän köpdi, ýöne hakykatyň asla mälim bolmajagy belli. Şeýle ägirt baýlyklaryň ýygnanandygy baradaky sanawlar bolsa adamy haýrana goýýar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 15.06.2026 23:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7697)
Şol döwürler adamlaryň arasynda ol barada dürli gürrüňler örän köpdi, ýöne hakykatyň asla ýüze çykmazlygy gynançly. Häzirki günlerde hem şeýle wakalary eşidip, ynsanyň özüni näçe baýatsa-da, ahyrynyň näme bilen gutarjakdygyny bilip bolmaýandygyna göz ýetirýärsiň.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 24.06.2026 15:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8523)
Şol döwürler adamlaryň arasynda ol barada dürli gürrüňler örän köpdi, ýöne hakykatyň kimde galany henizem belli däl. Bu taryh bize häkimiýetiň nämeler edip bilýändigini gowy görkezýär.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 29.06.2026 02:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8944)
Şol döwürler telewizorda çykyş edende adamyň ýüregine düşerdi, özüniňem şeýle boljakdygy düýşüne girmeýärdi öýdýän. Hakykatdanam, ýalan dünýä diýlenleri şunda belli bolýar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 19.07.2026 01:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10841)
DrWaltBishop, dogrudanam şol döwürler adamlarda gorkuly-ürgünli günlerdi, häzir oýlanyp otursam hemmesi bir oýun ýaly bolup görünýär. Şol 30 müň bedre meselesi entegem düşnüksizligine galyp barýar, dogry dälmi?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 26.07.2026 18:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11580)
DrWaltBishop, şol döwürler barada eşiden zatlarymyz hakykatdanam örän agyr we adamy oýlandyrýar. Görüp otursak, hemmesi özüne göre bir oýun oýnan eken, bu wakalar entek hem köp adamyň ýadyny alyp dursa gerek.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (570 oçko)
  2. merdan96 (489 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...