Kerim Gurbannepesow - Ýazmasy agyr düşen goşgy

+1 ses
13.4k
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Edebiýat | 21.12.2017 16:55 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#102)
Bütin oba garaşyp dur.
Ýola bakýar hemmeler.
Atasy pyşyrdaýar:
"Geler. Geler. Geler"

Gelnejesi pyşyrdaýar:
"Gelermikä? Kim biler"
Atasy göwünlik berýär:
"Geler-le… hökman geler".

Gök toraňňyň saýasynda
Ýüzläp adam dymyp dur.
Çekizeli ak haltadan
Turşy damja damyp dur.

Ýygnanyşdy babadaşlar,
Içginler hem daşgynlar.
Ne signal bar, ne şowhun,
Dymyşyp dur maşynlar.

Geldi dürli maşynlar,
Gyzyl, sary, ýaşyl, ak.
Geldi garaşylmaýanlar,
Garaşylýan gelenok.

Göýä pikir hem etmän
Bu gürrüňler babatda.
Ak guş kimin irkilip,
Ene ýatyr tabytda.

Göterlerne garaşyp dur
Köpi gören agaç at.
Ene ýatyr üstünde
Giň maňlaýly,
Agajet.

Şol enäniň ogluna
Garaşyp dur hemmeler.
Geldi tanyş, nätanyş,
Geldi şondan öňňeler.

Ol henizem gelenok.
Meger, häzir ýoldadyr.
Iň söýgüli ulagy
Samolýot däl, "Wolgadyr".

Ýöne weli uçurýandyr
Samolýota deňeçer.
Şondan yza-ha galmaz,
Oňarsa öňe geçer.

Ol henizem gelenok…
Meger, häzir ýoldadyr
Ýa-da iki eli hem
Ullakan stoldadyr.

Tüweleme, uly adam
Bolup gitdi indi ol.
Ýaňy bolsa has ullakan
Bir stula mündi ol.

"Sypaýmasyn birden!" diýip,
Oturandyr ýapyşyp.
Owadanja gelinler
Çaý çekýändir çapyşyp.

Üýtgeşikdir öňündäki
Kişmiş, kemput, şokolad.
Ýa gök çaýyň humaryna
Ýazýandyr bir doklad.

Ýok, ýok, özi doklad ýazmaz,
Ýazýandyrlar başgalar.
Ýaranjaňlar her sözüne
Ellerin çarpyşarlar.

Ol bolsa özi ýazýan dek
Gülümsirär, ýylgyrar.
Ýazanlar onuň deregne
Utanjyrar, ýygrylar.

Ýigrimi ýyl mundan ozal
Gutarypdy bir WUZ-y.
Ony oňa gutardan hem
Tabytdaky ezizi.

Güýzde pagta ýygypdy.
Gyşda körek çöpläpdi.
"Oglum ullakan okuwda!"
Buýsanç bilen gepläpdi.

Howdan gurdy, gazy gazdy
Laýa batyp dyzyndan.
Ýygnanjasyn lükgeläp
Ibererdi yzyndan.

Ogly üçin ak mütgelden
Bir haltajyk tikindi.
Üçlügini, manadyny,
Şaýysyny, köpügni.

Artdyranja puljagazyn
Atdy şonuň içine.
Şeýde-şeýde kyrk ýaşynda
Ak çozupdy saçyna.

Ogly okuwyn gutardy.
Ene dertläp ýykyldy.
Ol şonda sypap otyrdy
Bir gözeliň çokulny.

Dakýardy enäň pulundan
Her barmagna bir ýüzük,
Gulagyna teneçir,
Bilegine bilezik.

Söýüşdi, gujaklaşdy.
Paýtagtdan jaý tutundy.
Enesinden utanmady,
Ene ondan utandy.

Ene käte paýtagta
Gezmäge gelen wagty,
Gelni diýdi: "Ýok etsene
Bu porsy garabagty!"

Ogly diýdi: "Ýakymsyz
Ysyň bar-la, jan eje.
Bu eýýamda arassa
Bolmaly myhman, eje!"

Ene diýdi: "Wah, jan ogul,
Her niçe porsasak-da,
Ulalansyň, ýetişensiň
Şu porsuja gujakda…"

Soňra bolsa uzak gije
Ýorganynda aglardy.
Daňyň atarna mähetdel,
Otla tarap ylgardy.

Şeýde-şeýde günler ötdi,
Aýlar ötdi nobatly,
Edeni şowuna boldy.
Durmuş ony aýnatdy.

Her sözünde bir oýun,
Her elde bir desmaly -
Bir ýyl bäri saklap otyr
Has uly bir stoly.

Bu gün bolsa enesi
Amanadyn tabşyrdy,
Gelen telegrammany
Stolunda ýygşyrdy.

Ony aýalyndan başga
Görkezmedi hiç kime.
Är-heleý karara geldi:
"Barsak bor-la üçüne!"

Bütin obaň gözi ýolda.
Garaşyp dur hemmeler.
Atasy pyşyrdaýar:
"Geler, geler, geler".

Onýança-da
"Gelýär!" diýip,
Ardyndy bir ýaşuly.
Göründi ýaşyl meýdanda
"Wolgalaryň" ýaşyly.

"Geler diýdim ähbeti!"
Bir daýandy atasy.
Gara-köýük ýüzüniň
Artyp gitdi ýagtysy.

Onýança-da ýaşyl "Wolga"
Aşak indi ýapydan.
Geljek adamyň deregne
Şofýor çykdy gapydan.

"Şu gün gelip biljek däl.
Gyssagly bir iş çykdy…"
Birden ataň gözlerinden
Iki çogdam ýaş çykdy.

Ýetmiş ýaşyň içinde
Aglamadyk ol goja,
Gözýaşyny süpürdi-de,
Bir ýylgyrdy çalaja.

Ol ýylgyryş ömürbaky
Çykmaz meniň ýadymdan.
Beýle aýylganç ýylgyrşy
Görmändim men adamda.

Göterdiler enäniň
Ak guş ýaly tabydyn.
Ýaz şemaly ykjatdy
Üstündäki mawudyn.

Salladylar çukura
Ak saçly bir dünýäni.
Içki öýüň gapysyna
Eltilende enäni.

Iki omzuny diräp
Çukuryň erňegine,
Hiç giresi gelmedi
Öz girmeli öýüne.

Iň soňkuja pursatda-da
Öz ogluna garaşdy.
Ýazsamam ýazdym weli,
Agyr düşdi bu goşgy.

MP3: https://gyzgyn.com/music/kerim-gurbannepesow/kerim-gurbannepesow-yazmasy-agyr-dusen-gosgy.mp3

9 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 19.03.2026 16:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#404)
DrWaltBishop, Kerim Gurbannepesowyň bu goşgusy hemişe ýüregimi gyýýar, hakykatdan hem örän agyr esar. Ene-atalarymyzyň gadyryny diri wagtlary bileliň, bu setirler adamy oýa batyrýar.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 19.03.2026 19:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#415)
Kerim Gurbannepesowyň bu şygryny her gezek okanymda ýüregim awaya. Ene mähri we perzent biwepalygy barada mundan çuňňur ýazylan eser ýok bolsa gerek.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 05:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#646)
Kerim Gurbannepesowyň bu goşgusyny gaty pajygaly, yöne hakykatdan ylham alnyp yazylan. Ene mährine hiç zat deň gelmez, gaty täsirli setirler.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 30.03.2026 09:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1327)
Kerim aganyň bu goşgusyny okanda hemişe gözlerim ýaşarýar, hakyky durmuş hakykaty. Ene-atalaryň gadyryny wagtyndaka bilmek gerek eken.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 31.03.2026 04:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1396)
Kerim Gurbannepesowyň bu goşgusyny okanda hemişe gözümden ýaş aýlanýar. Ene-atalaryň sabyrlylygy we çagalarynyň biparhlygy barada şundan agyr we hakykata ýakyn eser bolmasa gerek.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 31.03.2026 12:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1429)
Kerim Gurbannepesowyň bu goşgusyny her gezek okanymda ýüregim awaya. Ene mährine hiç zat deň gelmeýär, gynansak-da durmuşda şeýle wakalar az däl.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 01.04.2026 17:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1544)
Kerim Gurbannepesowyň şygyrlaryny okanda ýüregim awaya. Hakykatdan hem örän agyr we durmuşy hakykaty görkezýän täsirli setirler.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 08.04.2026 15:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2165)
Kerim Gurbannepesowyň bu goşgusy hemişe ýürege düşüp gidýär, enäniň garaşmagy bilen oglunyň biperwaýlygy şeýle bir täsirli beýan edilipdir welin, adamy oýa batyrýar. Hakykatdan hem, dünýäniň ähli baýlygyndan enäniň saglygy we söýgüsi gymmatlydyr.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 20.04.2026 00:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2988)
Kerim Gurbannepesowyň bu goşgusyny okanda hemişe gözüme ýaş aýlanýar, hakykatdanam örän täsirli we agyr eser. Ene-atalarymyzyň gadyryny diri wagtlary bilmeli ekenik, bu goşgy adamy çuňňur oýlanmaga mejbur edýär.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (611 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (364 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...