Gurbannazar Ezizow - Topragym

+2 ses
1.2k
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Edebiýat | 24.12.2017 08:34 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#108)
Seniň duzuň iýdim, nanyňy iýdim,
Galplygam etmedim, Hudaýa şükür.
Käte göge galdym, kä gökden indim,
Emma hiç ýitmedim, Hudaýa şükür.

Ilkinji sözümi senden başladym,
Duzuňy syladym— ýalan ýazmadym.
Diňe seniň gyşyň bilen gyşladym,
Diňe seniň ýazyň bilen ýazladym.

Ýitirenmi seň goýnuňda ýitirdim,
Tapanymam seň goýnuňda tapdym men.
Sen bolansoň dünýä akyl ýetirdim
Onuň ähli peslik, şatlygy bilen.

Hol, gaýanyň eteginde oturan
Bagyň deňesinden tabytly geçdim.
Ýene bir gün, gökden sowulyp duman,
Şol bagyň düýbünde al şerap içdim.

Nirä gitsem, meniň bilen bolduň sen.
Sen, seretsem, önki süňňüm ekeniň.
Çalyşman daş ýurduň gülleri bilen
Aýakda yz goýan seniň tikeniň.

Minnetdarlyk sözi sada bolarmyş,
Ýollaryn ak bolsun, uzaga gitsin.
Baky uka batsam bir gazaply gyş,
Seň goýnuňda ýatmak miýesser etsin.

MP3: https://gyzgyn.com/music/gurbannazar-ezizow/gurbannazar-ezizow-topragym.mp3

12 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 29.08.2026 15:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#14801)
Gurbannazar Ezizowyň goşgularyny diňlemek hemişe ýakymly, sesi hem juda täsirli eken. Hakykatdan hem topragymyzyň gadyryny bilmek gerek, paýlaşanyň üçin köp sag bol.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 02.09.2026 17:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#15186)
Gurbannazaryň şygyrlary adamyň göwnüni galkyndyrýar. Bu goşgy dogrudanam topraga bolan söýgini örän täsirli beýan edýär, paýlaşanyň üçin sag bol!

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. durdy (167 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (157 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...