Magtymguly Pyragy - Nowruzdan Seni

+3 ses
137
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Edebiýat | 06.06.2018 10:28 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#148)
Bolmady bizge nesibiň, istedim güýzden seni,
Diýdiň: “Ötsün gyş, tapar men täze nowruzdan seni”.
Saýladym, seçdim, sonam, bir bölejik gyzdan seni,
Neçün biliňni guçmadym men tapyp düzden seni,
İsterim hakdan, gowuşdyrgaý maňa tizden seni.

Hak katynda sözüm ötmez, men kibi awara ýok,
İl-gün rehm eýlemezler, men kibi biçäre ýok,
Ýüregim sed para tekdir, hiç tenimde ýara ýok,
Sen garyp sen, men pakyr men, sende, mende çäre ýok,
Söwdügim, takdyry-hakdyr aýyrgan bizden seni.

Söwdügim, sen günde bir gez ýadyňa salsaň meni,
Günde ýüz katla tilär men ýardan-hakdan seni,
Başky gün sen oda saldyň men parahat bendäni,
Hak götersin aradan, şaýed, rakyp-şermendäni,
Kyl buhl bizden ýaňa ynjytsalar sözden seni.

Bagyňa girsem säher, bilbil bolup salsam oýun,
Gaflata, galsa rakyp, bir dem salyşsak gol boýun,
Hakdan özge çäre ýokdur, ne kylaý men, neýleýin,
İnçe bil, şirin zyban, kepder topuk sen, gaz boýun,
Saklasyn taňry penahynda ýaman gözden seni.

Haýryňy duşman görer, dostuň çeker jebri-jepaň,
Ýara, dildarlyk bolarmy sürmeýin zowky sapaň,
Salsalar mizana, Balkan dagy bolmazdyr päheň,
Aýdadyr Magtymguly ähdiň ýalan, ýokdur wepaň,
Biwepalar hup sowutmyşlar, sonam, bizden seni.

4 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 20.03.2026 23:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#524)
Magtymguly atamyzyň goşgulary hemişe ýürege täsir edýär. Şahyr çyn ýürekden ýazan, okap göwnüm açyldy, sag bol.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 27.03.2026 02:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1033)
Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okamagy hemişe halaýaryn, DrWaltBishop, çuňňur manysy bar. Ýüregiňe gowy düşýär, köp sag bol paýlaşanyň üçin.
+3 ses
Awtor: (Talyp) | 29.03.2026 22:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1282)
Magtymguly atamyzyň şygyrlary hakykatdanam kalbyňa täsir edýär, DrWaltBishop, ýüregiňi elin alýar. Siz bu setirleri okap, hakykatdanam uly lezzet alýarsyňyz öýdýän.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 31.03.2026 23:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1473)
Magtymguly atamyzyň goşgularyny okamagy hemişe gowy görýin halaýaryn, şeýle bir çuňňur manysy bar. Ýüregiňi elin alýan setirler, paýlaşanyň üçin sag bol.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (611 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (364 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...