Kaspi Konwensiýasyna gol çekildi, Transhazar çözülmedi

+5 ses
251
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 16.08.2018 06:43 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#180)
Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Orsýetiň, Azerbaýjanyň we Eýranyň prezidentleri 12-nji awgustda Gazagystanda Kaspi deňziniň hukuk durumy baradaky konwesnsiýa gol çekdiler.
Kaspiniň hukuk durumy Sowet Soýuzy dargaly bäri kesgitlenilmän gelýärdi. Netijede, bu mesele bir tarapdan SSSR bilen Eýranyň arasyndaky könelen ylalaşyk, ikinji tarapdan bolsa ikitaraplaýyn ylalaşyklar esasynda çözülip gelindi.  Kaspi deňziniň kanuny durumyny kesgitlemkde, başga zatlaryň arasynda, onuň resmi taýdan deňizmi ýa-da köl hasaplanmalydygy, onuň araçäk belgileriniň dürli halkara kanunlary esasynda çekilmegi baradaky mesele hem kynçylyk döretdi.
Orsýetiň hökümeti tarapyndan bölekleýin çap edilen konwensiýada her ýurduň territorial suwlarynyň öz kenarlaryndan ölçelende 15 deňiz mili aralygynda kesgitlenýändigi aýdylýar. Olaryň daşarky araçäkleri döwlet serhetleri hasaplanýar. Mundanam başga, her bir ýurduň öz territorial suwlarynyň gapdalynda 10 deňiz mili aralygynda balykçylyk zolagy bar diýip kesgitlenýär. Ol ýurt şol ýerde biologiki serişdeleri awlamaga doly hukukly bolýar.
Deňziň düýbüniň we baýlyklarynyň nähili bölünýändigi doly anyklaşdyrylmadyk. Konwensiýa laýyklykda, bu sektoryň bölünişigi “halkara hukugynyň umumy kabul edilen ýörelgeleri we kadalary arkaly, olaryň tebigy baýlyklary we beýleki kanuna laýyk hojalyk-ykdysady işlerine özygtyýarlylyk hukuklaryna eýe bolmaklary üçin, garşylykdaky kenarda ýerleşýän döwletler bilen gepleşikler we ylalaşyklar esasynda amala aşyrylýar”.
Eger döwlet deňziň düýbünden geçiriji gurmakçy bolsa, bu meselede ol geçirijiniň geçjek ugrundaky ýurtlar bilen ylalaşmaly.
Ýurtlar öz territorial suwlaryndaky gämi hereketlerini düzgünleşdirýärler. Şu serhetleriň çäginden daşarda gämiler erkin hereket edip bilýär. Şeýle-de konwensiýa Kaspide bu sebite degişli bolmadyk daşary döwletiň harby güýçleriniň gämisiniň bolmagyny gadagan edýär.
Ýöne, konwensiýada jedelli ýangyç ýataklary meselesine degilmeýär. Türkmenistan we Azerbaýjan birnäçe nebit ýatagyny bölüşip bilmän gelýär, olaryň iň ulusy “Serdar/Kýapaz” bolup durýar. Mundanam başga, Türkmenistan we Azerbaýjan, transhazar geçirijisiniň gurulmagy bilen gyzyklanyp, ozal munuň üçin geçirijiniň geçiriljek territoriýasyndaky ýurtlaryň razylygynyň ýeterlik bolmalydygyny aýtdylar. Emma, kabul edilen konwensiýada geçiriji gurmak baradaky proýekt hazarýaka döwletleriniň ählisi, ýagny bäşisi tarapyndan hem oňlanmaly edilipdir.

21 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 11.05.2026 02:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4610)
Bu konwensiýa köpden bäri garaşylýardy, emma Transhazar ýaly esasy meseleler entek hem ýürekde gussa galdyrýar. Göräýmeli, geljekde bu gaz geçirijiler barada haýsy ýurtlar ylalaşyga gelerkä?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 31.05.2026 23:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6277)
Bolan wakalar gowy, ýöne bu geçiriji meselesi ýene uzaklara çekjek ýaly. Göräliň, geljekde nähili netije berer, entek garaşmaly bolarys öýdýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 01.06.2026 02:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6290)
Şu gaz we nebit meseleleri entek uzak dowam eder öýdýärin. Esasy zat, sebitde parahatçylyk bolsun, şol hem bize ýeterlik.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 15.06.2026 13:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7654)
Uzak garaşylan çözgüt diýilse-de, entek köp mesele açyklygyna galypdyr. Hakykatdan hem, Tranhazar taslamasyna hemmäniň razylygyny almak örän kyn bolar öýdýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 26.06.2026 06:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8676)
DrWaltBishop, dogry belläp geçýärsiň, hemmämiz şol turba meselesiniň haçan çözülmegine garaşýarys. Bu konwensiýa gowy ädim ýaly welin, entek bolar ýaly däl öýdýän.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 30.06.2026 09:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9067)
Wah, şonça ýyllap garaşylan konwensiýa diýilse-de, entek çözülmedik meseleler kän eken-ow. Göräýeli, indiki ýyllarda şol turba geçiriji meselesi nämä baryp ýeterkä?
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 09.07.2026 09:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9915)
Uzak garaşylan çözgüt diýilse-de, entek köp meseleler düşnüksizligine galýar. Göräýdi. Hakykatdan hem bu turuba geçirmek meselesi indi hasam kynlaşan ýaly görünýär.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 11.07.2026 05:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10091)
Bu mesele entek köp wagtlap çekişiler öýdýärin, sebäbi ýataklar meselesi diňe bir ylalaşyk däl, eýsem uly ykdysady bähbitleri öz içine alýar. Görüp oturarlyk, wagt görkezer näme boljagyny.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 29.07.2026 03:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11798)
DrWaltBishop, sag bolan zatlar entek näbelli ýöne henizem düşnüksiz zatlar kän öýdýän, ahyry gowy bir netijä geleris diýip umyt edýärin. Şu turba geçirmek meselesi bolsa entek uzak çeker ýaly görünýär.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 07.08.2026 16:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12714)
Bu mesele henizem doly çözülmedik eken-ow, men bütinleý çözülen öýdüpdim. Transhazar taslamasy üçin hemme ýurduň razylygyny almak örän kyn bolar öýdýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (394 oçko)
  2. merdan96 (379 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...