Garajaoglan şahyryň edebi lakamydyr. Onuň çyn ady Hasan bolmaly. Kakasyna Gara Ylýas diýer ekenler. Garajaoglan dünýä inende, ata-enesi oňa Akgoýunly türkmen döwletini dolandyran Uzyn Hasanyň adyny dakýar. Çyn adynyň Hasan bolandygy barada şahyryň özem goşgularynda ýatlap geçýär:
Garajaoglan Hasan adym,
Gözellerde galdy dadym.
Garajaoglan çarwa durmuşynda ýaşap, ýaşlykdan owlak-guzy bakyp ýören wagtlary saz çalyp, aýdym aýtmagy, goşgy düzmegi öwrenýär. Şol döwürde ol Oglan bagşy, Oglan şahyr diýip adygýar. Soňra kämillik ýaşyna ýetende bolsa, boý-syratyna garap, garaýagyz bolany üçin, Garajaoglan ady ýörgünli bolup gidiberýär.
Şahyryň ömür beýany we döredijiligi barada köp işler alyp baran Jahyt Öztelli Ahmet Hamdy Ependiniň (1831-1911) gündelik görnüşindäki ýazgylaryny Garajaoglanyň geçen durmuş ýoluny hem-de edebi mirasyny öwrenmekde ygtybarly çeşmeleriň biri hasaplapdyr. Ol Türkiýäniň Warsak obasynda ýaşaýan saýylogullary türkmenleriň arasynda bolup, Garajaoglana degişli köp maglumatlary toplapdyr. Ol şahyryň aslynyň türkmenleriň saýylogullary taýpasyndandygyny, kakasynyň Gara Ylýas, öz adynyň hem Hasan diýlip atlandyrylandygyny ýazga geçiripdir. Bu aýdylanlary Garajaoglanyň öz goşgulary-da kepillendirýär:
Kozan dagyndan neslimiz,
Ary türkmendir aslymyz,
Warsakdyr durak ýerimiz,
Ýat ilde ýar eglär bizi.
Türkmenistanda ýazylyp alnan maglumatlarda Garajaoglanyň Magtymgulynyň öňüsyrasynda Balkan, Soňudag sebitlerinde ýaşap geçendigi aýdylýar. Onuň ýaşlyk hem ýetginjeklik ýyllary şol töwereklerde geçen bolmaly. Soňra haýsydyr bir sebäbe görä, Garajaoglan dogduk diýaryndan çykyp gitmäge mejbur bolýar. Ol türkmenleriň uly döwletler guran ýurdy bolan Kiçi Aziýa – Türkiýä baryp düşýär. Şol ýerde-de ol köp welaýatlary aýlanyp, türkmen ýaýlalarynda, obadyr şäherlerinde şirin owazy bilen arkadaşlaryna aýdym aýdyp, goşgy okap beripdir. Halk irki döwürlerde şeýle aýdymçylary ozan, soňraky döwürlerde bolsa aşyk ýa-da bagşy diýip atlandyrypdyr.
Garajaoglanyň ömür beýany hem döredijiligi barada halk arasynda hekaýatlardyr rowaýatlar hem aýdylyp gelinýär. Olaryň köpüsinde şahyryň durmuş hem döredijilik ýoly bilen bagly haýsydyr bir durmuş hakykaty bolup, ol soňra rowaýata öwrülip gidipdir. Türkiýede halk tarapyndan şahyr barada «Garaja Oglan bilen Meňli gyz», «Garaja Oglan bilen ýaýla gözeli», «Garaja Oglan bilen Garagyz», «Garaja Oglan bilen Elip gelin» atly dessanlar döredilipdir. Bularyň köpüsi timarlanyp, heniz hakyky dessan görnüşine girip bilmändir. Olarda wakalaryň beýany, şeýle hem olara gatnaşýan gahrymanlaryň keşbi örän ýöntem beýan edilýär. «Garaja Oglan bilen Meňli gyz» atly dessan şolaryň arasynda belli bir derejede kämil, çeper görnüşe giripdir.
Garajaoglanyň döreden eserleri kätipler tarapyndan doly ýazga geçirilmändir. Şahyryň goşgulary ozanlar, bagşylar tarapyndan aýdym edilip aýdylyp, nesilden nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu ýörelge häzirem dowam edýär. Şonuň üçinem onuň edebi mirasynyň möçberini kesgitlemek kyn. Her halda edebiýatşynaslar şahyryň eserleriniň hata geçen nusgalaryny aýyl-saýyl edip, onuň belli bir derejede möçberini anyklapdyrlar. Häzirki hasaplamalara görä, Garajaoglanyň dört-bäş ýüz goşgusy bolupdyr diýlip aýdylýar.
Türkmenleriň arasynda häzirki wagta çenli awtory näbelli hasap edilýän "Garajaoglan" dessany hem onuň özüniňki bolmagy ahmal .Garajaoglanyň döredijiliginiň temetikasy giň.Onuň goşgularynyň agramly bölegini söýgi lirikasy tutýar.Mundan başgada Watana, il güne ,söýgi dostluk, agzybirlik, edep-ekram meseleleri hem gozgaýar.1991-nji ýylda Türkmenistanda A.Mülkamanowanyň "Goşgular ýygyndasynda" Garajaoglanyň 90 goşgusy çap edildi. Olardan "Aýralyk", "Säher ýeli", "Gyrmyzy","Diller içinde" we başgalar.
Şahyryň 400 ýyllygyna bagyşlanyp 2006-njy ýylda "Garajaoglan" atly goşgular ýygyndysy çap edildi.
ÇEŞME: Gollanma