Türkmenistanda gaz saklamak üçin niýetlenen ýerasty desgalar gurlar

+5 ses
123
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#349)
Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanowyň hasabatynda aýdyldy.    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow hasabatynda harytlyk gazyň ätiýaçlyk gorlaryny üpjün etmek maksady bilen, ýurtda gaz saklamak üçin niýetlenen ýerasty desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna habar berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda şeýle taslamany ilkinji gezek durmuşa geçirmegiň meýilleşdirilýändigini nazara alyp, bu işi halkara tejribä laýyklykda ýola goýmak we alyp barmak, onuň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak, taslamalaşdyrmak, enjamlaşdyrmak hem-de gurmak babatda halkara maslahatçy kompaniýalary işe çekmek meýilleşdirilýär.    Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gaz serişdelerini rejeli we netijeli ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi we bu ugurda ygtybarly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.

13 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 28.05.2026 13:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5958)
Bu örän gowy täzelik, sebäbi energiýa howpsuzlygymyz üçin juda wajyp ädim. Göräýmeli, haýsy kompaniýalar bu işe çekilerkä?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 30.05.2026 07:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6122)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar, ýurdumyzyň energiýa kuwwatyny has-da artdyrar öýdýärin. Görüp otursak, tehnologiýa boýunça dünýä derejesine ýetip barýarys, geljegi uly taslama bolarmyka diýýän.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 01.06.2026 15:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6339)
Gaty gowy habar, bu işler önümçiligimize uly goşant goşar diýip umyt edýärin. Görüp otursak, tehnologiýa tarapyndan hem öňe gidişlik bolar eken.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. bet-turkmen (104 oçko)
  2. josgun (103 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...