Türkmen ilçisi Özbegistanyň daşary syýasat edarasynda kabul edildi

+3 ses
265
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#362)
Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýazguly Mämmedow ýurduň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Bahtiýor ​​Saidow  bilen duşuşdy. Düýn geçirilen duşuşykda dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklaryny, we strategik hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň möhüm meselelerine garaldy diýip, Özbegistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.    Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn amala aşyrylan ýokary derejeli saparlaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Şol sanda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerindäki çäreleriň tertibi boýunça pikir alşyldy.    Taraplar duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň görkezijilerini ýokarlandyrmak, söwda we senagat hyzmatdaşlygy ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin ýörite teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.    Türkmen ilçisi duşuşykda Türkmenistanyň medeni we ynsanperwer gatnaşyklary güýçlendirmäge taýýardygyny mälim etdi.

22 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 05.08.2026 20:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12536)
Goňşy döwletler bilen gatnaşyklarymyzyň pugtalanýandygy gaty gowy habar. Bu iki halkyň arasyndaky söwda we medeni aragatnaşyklar mundan hem artar diýip umyt edýärin.
0 ses
Awtor: (Doktor) | 06.08.2026 12:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12601)
Goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryň şeýle derejede ösmegi gaty gowy zat. Bu hyzmatdaşlygyň biziň halklarymyza hem peýdaly bolar diýip umyt edýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (394 oçko)
  2. merdan96 (379 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...