Türkmenistanyň ýetginjekler we ýaşlar zenanlar ýygyndylary Aşgabatda türgenleşýärler

+3 ses
61
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#365)
Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyryna taýýarlygyň çäginde ýetginjeklerden (U17) hem-de ýaşlardan (U20) düzülen Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagynda paýtagtyň Olimpiýa şäherçesiniň türgenleşik meýdanynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berdi.    14-nji ýanwara çenli dowam etjek okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda Kamil Mingazowyň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümi iki ýaş derejesindäki ýygyndylaryň hataryna çagyryljak oýunçylary gözden geçirerler. Ýeri gelende bellesek, okuw-türgenleşik ýygnanyşygy Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gelen oýunçylaryň gatnaşmagynda geçirilýär.    Yklym ýaryşyna taýýarlyk görýän ýygyndy toparynyň türgenleşik ýygnanyşygynyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda geçirilýändigini bellemek gerek.    Ýetginjekler (U17) hem-de ýaşlar (U20) zenanlar ýygyndy toparlarynyň 2023-nji ýylda ýylda geçiriljek Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyrynda çykyş ederler.    Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlardan düzülen zenanlar ýygyndysy (U20) Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyrynda «H» toparçada bäsleşer. Geçirilen bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň garşydaşlary Eýranyň hem-de Bangladeşiň ýygyndylary bolar.    Saýlama tapgyryň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 6-12-nji martynda geçiriler. Bu toparçanyň duşuşyklarynyň merkezleşdirilen görnüşinde Bangladeşde geçirilmegine garaşylýar.    Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjeklerden düzülen zenanlar ýygyndysy (U17) bolsa Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyrynda «D» toparçada çykyş etmäge mümkinçilik aldy. Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň garşydaşlary Bangladeşiň, Singapuryň hem-de BAE-niň ýygyndy toparlary boldular.    Saýlama tapgyryň birinji aýlawynyň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 22-30-njy aprelinde geçiriler. Bu toparçanyň duşuşyklarynyň merkezleşdirilen görnüşinde Singapurda geçirilmegine garaşylýar.

4 Teswir

0 ses
Awtor: (Talyp) | 04.04.2026 00:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1762)
Zenanlar futbolymyzyň ösýändigini görmek gaty ýakymly. Gyzlarymyza saýlama tapgyrlarda üstünlik arzuw edýärin, hemmämiz goldalyň!
0 ses
Awtor: (Talyp) | 09.04.2026 19:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2260)
Zenanlar futbolymyzyň ösmegine örän şat boldum. Gyzlarymyza ýaryşlarda üstünlik we ýeňiş arzuw edýärin, hemmämiz goldamaly!
0 ses
Awtor: (Talyp) | 18.04.2026 13:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2889)
Gyzgyn, gyzlarymyzyň şeýle derejede türgenleşýändigi gaty gowy habar, üstünlik arzuw edýärin! Görüp otursam garşydaşlar hem ýeňil däl eken, oýunlar gyzykly bolar öýdýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 22.04.2026 02:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3152)
Gowy habar eken, gyzlarymyza üstünlik arzuw edýärin. Görüp otursak, biziň hem zenanlar futbolymyz ösüp başlapdyr, bu örän begendiriji.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (649 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (389 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...