Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin Türkmenistana sapar bilen geler

+3 ses
509
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 19.01.2023 23:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#375)
Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin 19-20-nji ýanwarda Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada «Дагестанская правда» onlaýn neşiri habar berýär.    Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýeti Aşgabatda geçiriljek türkmen-rus işewürlik forumyna gatnaşar.    Bu forum Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda, ykdysady we senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.    Forumda geçiriljek duşuşyklar transport we logistika, senagat, bilim, sanly gün tertibi we iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga bagyşlanar.    Çäräniň çäginde russiýaly öndürijileri üçin «Russiýanyň söwda öýi» söwda we sergi meýdançasynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.    Işewürlik forumynyň ilkinji gününde senagat B2B duşuşyklarynyň geçirilmegine garaşylýar.    Mihail Mişustin Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Karary bilen 2020-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri wezipesine bellendi. Şeýlelikde Mihail Mişustin Russiýanyň Premýer-ministri hökmünde ilkinji gezek Türkmenistana geler.

12 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 02.07.2026 03:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9234)
Oňat habar, goý hyzmatdaşlygymyz mundan hem rowaçlyklara beslensin. Görüp otursak, bu sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin möhüm ähmiýete eýe boljak ýaly.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 23.07.2026 13:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11272)
Gowy habar eken, bu sapar iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklara oňyn täsir eder diýip umyt edýärin. Görüp otursak, Mişustin ilkinji gezek gelýän eken, göräli ne netije berer.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (378 oçko)
  2. merdan96 (337 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...